Köpüñiziñ bu sindrom hakynda eşiden bolmagy hem mümkin.Stokholm sindromy-agyr şertlerde tutulÿan golastyndaky kişiniñ, şony edÿän adama bolan simpatiÿasy.Bu sindromyñ ady 1973-nji ÿylda bolan wakanyñ esasynda şeyle atlandyrylÿar.Şwesiÿanyn paÿtagty bolan Stokholmda şol ÿyl bank talañçylygynda bankda işleÿän zenan, talañçylar tarapyndan 6 günläp golastyna alynÿar.Günüñ geçmegi bilen zenan,talañça psihiki taydan baglanyp ugraÿar.Bu kesel ylma ilkinjı gezek psihiatr Bejerot tarapyndan girizilÿär.
1973-nji ÿylyñ 23-nji awgustyndaky bolan bu talañçylykda bankda işleÿän zenan 6 gün,131 sagadyñ dowamynda golastynda tutulÿar.Şonda talançylaryñ golastyndaky adamlar bilen gowy gürleşmegi netijesinde olaryñ arasynda aragatnaşyk döreÿär.Polisiÿanyñ banka baryp, hemme zady öñkisi ÿaly etjekdigini bilen golastyndaky adamlar talañçylara habar berÿärler.Wakadan soñ sud ediljek wagty yañky golastyndaky adamlar talañçylary aklamakdan başgada,olara adwokatyñ tutulmagy üçin pul ÿygnaÿarlar.Şol wagt gazetlerde "Talañçylar pul-a ogurlap bilmediler,ÿöne adamlaryñ ÿüregini ogurladylar" diÿen habary ÿazÿarlar.Stokholm sindromy bilen kesellän 2 bank işgäri talañçylaryñ türmeden cykmagyna garaşyp,adaglydygyna garamazdan talançylar bilen durmuş gurupdurlar.
Internet maglumatlary esasynda taÿÿarlanyldy.

Edebiýat, TM. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir