Nadanyň umydy

Akmagyň ýüregi dilinde bolar.
Akyllynyň dili ýüregindedir.
Eli işe öwrenmedik baýaryň
Gözi mydam iliň çöregindedir.
••••••••••••••|•|•••••••••••••••Ata Atajanow.

Nadanyň gözleri çöregňe bakar.
Törüňde oturan ýüregňe bakar.
Halal zähmet çekip alan aýlygňa
Nadanlykdan ýaňa janyny ýakar.

Nadan bakar, nadan ýakar janyňy.
Emma özi ýanyp gitmez nadanyň.
Ýyllar boýy ojagyň toplan rysgyny
Bir salymda harap eder ýygnanyň.

Şeýle bir kyn, abraýy gazanmak.
Abraý gazanyp, ile tanalmak.
Emma ýagşylykda tanalan adyň
Ýere çalar ýaman ýerde görünmek.

13.03.2021.ý.

Awtor: Çerkez BAÝLYÝEW_(@Mr.WriTer)

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir