Kiçiräk şäherleriň birine çykyş etmek üçin sazanda gelipdir. Ol şäherjigiň tomaşa jaýyna barsa, asla hiç kim ýok diýen ýalymyşyn. Käýerde bir adam otyr diýýar. Sazanda öňki hatarda ýeke özi oturan tomaşaça ýüzlenipdir:
-Näme, adamlar meniň çykyşymyň boljagyny bilmedilermikä?
-Ony-ha biljek däl. Özüm-ä tötänden eştdim-diýip, jogap beripdir.
-Sen nähili pikir etýäň, men sazymy çalsammykam ýa goýbolsun edäýsemmikäm.
-Aý, men ýöne atbakar. Bu atlar barada üýtgeşik aýdyba biljek zadym-a ýok. Ýöne bir zady aýdybiljek: atbakara baranymda ähli ýabylar gaçyp gidip, ýekejesem galan bolsa şony mazaly naharlaýan.
Sazanda bu sözlerden täsirlenipdir. Ol sesini çykarman yzyny üzmän saz çalypdyr. Soň ýene çalypdyr. Ahyrsoňy çykyşynyň täsirini bilmek üçin öňde oturan tomaşaça ýüzlenipdir.
-Nähili size saz ýaradymy? Ýene çalaýynmy ýa besedäsemmikäm?
-Wah, aýdýan-a men ýöne bir atbakar, sazdan başym çykýar diýseň ýalançy. Ýöne ine şuny aýdaýyn: atbakara baranynda ähli ýabylar gaçyp gidip, ýekejesem galan bolsa şony mazalaly naharlaýan. Ýöne oňa beýlekileriň paýyny beremak, diňe öz paýyny berýän.

Rus dilinden terjime eden Şabibi Toýlyýewa.
Çeşme: "Edebiýat we sungat" gazedi.

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir