Ömrümiz yşk meýidir, barlyk bolsa bir bada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Ähli gowulyklary görer ýaly birbada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Özüňi aýa, Aýym!
Baryňda göwnüm gurgun,
Düşlemen özge ýerde, bes maňa seniň kalbyň!
Haçan bolsa-da tapdy:r şol bir tümmejik gabrym,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Diýme: “Dünýe gyzyksyz, jaý tapamok janyma”,
Dünýe — özüň,
janyňam goý janymyň ýanyna!..
Wah, entekler kän setir ýazylmal-a şanyňa!
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Seň bilen göwnüm joşly, asman yşkyn beren dek,
Aýdylmaly aýdym bar özüň hakda birentek.
Salgym däldir bagtymyz —
Hökman geler, gör entek!
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Gussaňy sowur ýele, şatlygyň melhem, dünýäm,
Ýekeje gülkiňdenem gazanýan ylham, dünýäm,
Baryňda juwan ahyr şujagaz Men hem Dünýä!
Şoň üçinem ýaşagyn!
Ýaşagyn!
Ýaşat meni!
Wepalym, yşk berenim,
Öňkimden ýaşart meni!..
Sapa HOMMADOW
“Ýaşa, dünýäm!..”
-
Nirvana
3 years ago
- Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Berekella elleriňe güller bitsin!
-
#dali
3 years ago
- Gowy ýazylypdyr
-
#dali
3 years ago
- Sapa Hommadow özüňmi pegas
-
Wonderfull
3 years ago
- ☆☆☆☆☆
-
Pegas
3 years ago
- #dali, hawa.
Arslanova.L_05 3 years ago- +++