Essalawmaleýkim, 
Birinji memmer. 
Reňkiňi gördüm, ysyňa ýol ber! 
Gümmeziň üstünde owadan ene, 
Çagasyn gujaklap, bakyp dur Güne. 
Mermeriň ýüzünde üç sany setir 
Lowurdaýar göýä Ene diriligi: 
 
Özi ölüp, ömrün köşegne berip, 
Ýaş giden eneleň 
								Ýadygärligi 
Enäniň gaşynda dem salym otyr, 
Ýok, ýok, 
								beýik Enäň öňünde ör tur! 
								 
Essalawmaleýkim, 
Ikinji memmer, 
Jägildiň gelip dur, ýanyňa ýol ber! 
...Gümmeziň üstünde eýjejik bäbek. 
Elinde – düwüni bitmedik göbek. 
 
Ýygrylypjyk otyr... Gözleri ýumuk. 
Çigiş dek düwlüpdir goşaja ýumruk. 
Mermeriň ýüzünde üç sany setir 
Titreşip dur göýä säher terligi: 
 
Enäniň-atanyň mährinden ganman, 
Ýaş ölen çagalaň 
												Ýadygärligi 
Çaganyň gaşynda dem salym otur. 
Ýok, ýok, 
								köýen Nesliň öňünde ör tur! 
 
Essalawmaleýkim, 
Üçunji memmer, 
Ahyňy eşitdim, saýaňa ýol ber! 
...Gümmeziň üstünde gyz bilen ýigit. 
Biri-birisine başyny egip, 
Hyrçlaryny dişläp, 
Bakyp dur aşak. 
Gözlerden dört bulak 
Akyp dur aşak... 
Mermeriň ýuzünde üç sany setir 
Labyrdap dur göýä Yşkyň körügi: 
 
Biri-birisine gowşup bilmedik 
Aşyk-magşuklaryň ýadygärligi 
Aşyklaň gaşynda dem salym otur, 
Ýok, ýok, beýik Söýgiň öňünde ör tur! 
 
Essalawmaleýkim, 
Dördünji memmer, 
Ak pata alaýyn, ýanyňa ýol ber 
...Gümmeziň üstünde açylgy kitap. 
Içinde setirler ýanýardy tütäp... 
Mermeriň ýüzünde üç sany setir 
Çyrpyşyp dur göýä Ynsan ärligi: 
Öz ömrün gysgaldyp halkyň ömrüni 
Uzaldan şahyrlaň ýadygärligi 
Bakylyk gaşynda dem salym otur, 
Ýok, isleseň otur, 
Isleseň ör tur! – 
Haýsy bolanda-da, bagyşlar şahyr. 
(Ol 
				kimiň kimdigin tanaýar ahyr...) 
				 
...Baýyrda dört gümmez lowurdap otyr. 
Derwezäň ýüzünde 
								«Oýlanma baýry»! 
Her kim ynsabynyň güýjüne görä 
Dymýar, gülýär... ýa-da 
Nemleýär çaýry. 
 
Nirede gördüňiz bu täsin baýry? 
Bu gün görülmese, görüler ertir. 
Onsoň ol 
								ölçegsiz garşylap ili, 
Uly ölçeg bilen 
Ugradar otyr...
K. Gurbannepesow
§5. Essalowmaleýkim...
- 
                BeZZaT.
                4 years ago
                
- Black Wolf
Black Wolf 4 years ago- +++