Cryonics" taslamasy - Ölmezlik mümkinmi ?
Adamzat gadymdan bäri ölmezligiň çäresini gözläp geldi. Ýöne her näçe jan edilsede ölmezligiň syryny tapmany başaryp bilmedi. Ýöne biz bilesigeliji jandarlar, ölmezlik baradaky umydymyzy şuwagtam ýitiremizok. Ölmezlik üçin «Cryonics» ady bilen bir taslama döredildi.
Linda Çembirlin, äri bilen birlikde bir binada, «Alcor» atly kompaniýada işleýärler.
Linda Çembirlin
Linda her gün gelip arasynda ärine salam berýär, onuň bilen gürleşýär. Bolan zatlary, durmuşyny gürrüň berýär. Ýöne bir mesele bar. Lindanyň äri aslynda öli. 9 ýyldan bäri öli. Rak keseli sebäpli, halkara kanunlar tarapyndan, we her ýurtda bolşy ýaly hemme organlarynyň durmasy sebäpli, resmi şeklinde öli hökmünde kabul edilýär. Ýöne Linda muny kabul edenok. Ärem ölmänkä muny kabul edenokdy. Ýagny ölmäni kabul edenoklar. Bu adamyň ady Fred, Fred ölenden soňra, Linda bilen bile guran we şuwagt onuň işleýän ýerine getirilip, ençeme işlerden soň, uly demir sowadyjyň içine salynyp goýulýar. Bu «Cryonics» diýip tanalýan, ynsan doňdurmak taslamasy. Bu taslamanyň maksady, bir gün hemme şertler düzelende, has uly tehnologiýa ýetilende, täzeden dogmak.
Geň şeýle dälmi? Ýöne çyndanam 1960-njy ýyllardan şuwagta çenli gürleşilen, edilýän bir zat, munyň bilen birlikde täzeden direljegine ynanýan adamlaryň sany hem hiç az däl.
Indi näme bu «Cryonics»? Bir adamy doňduryp ony geljekde direldip bolarmy? Munyň bilim Dünýäsinde bir ýeri barmy?
«Cryonics», bir janlyny doňduryp, geljekde täzeden Dünýä getirmek maksady bilen edilen umumy işler diýip bileris, we hiç täze zatdan söz açamzok. Bu işde ilkinji gezek 1967-nji ýylda Jeýms Bedford doňduryldy.
Jeýms Bedford
Jeýms Bedford, «Alcor — Ýaşaýyşy uzatmak binýadynda» işleýän bir lukmandyr. Jeýmsiň bedeni, bir uly beden saklaýyjy galyň sowadyjyň içinde doňdurylan, we bedeni gowy ýagdaýda. Arzuwy bolan, janlanmaly gününe garaşýar. «Cryonics» bolsa grek dilinden terjime edilende sowuk diýen manyny berýär. 1970-nji ýyllaryň soňlarynda bu pikir şeýle meşhur bolandyr hatda adamlar ölmezlik düýşi bilen arzuwlar gurmana başlapdyr. Muny bilen adamlaryň käbiri bolsa Amerikada diňe 6 sany «Cryonics» kompaniýasy gurdy. Köpüsi gysga wagtyň içinde ýapylsada, Arizonada ýerleşýän «Alcor», we Miçiganda «Cryonics institute» galdy, we şuwagtam işlerini ýöretýärler.
Diňe «Alcor» kompaniýasynyň içinde 170-den köp adam doňdurylyp, uly sowadyja salynyp, direljek günlerine garaşýarlar. Bu kompaniýalaryň lideri bolan «Alcor» hem: "Öleniňizde bedeniňizi doňdurmak isleýän bolsaňyz 220 müň dollar tölemegiňiz ýetikdir" diýýär. Size gymmat gelip biler ýöne arzan bahadan etýänlerem bar. Diňe kelläňizem doňduryp bilersiňiz. Munyň üçinem 80 müň dollar tölemegiňiz gerek. Netijede geljekde bedene mätäç bolmanam bileris.
«Alcor» kompaniýasyna seredemizde, muny Fred we Linda jüwüdi 1972-nji ýylda gurdular. Özlerinden başga 1300 kişi, gömülmek ýada ýakylmak ýerine, bedenleriniň şu ýerde doňdurylmasy üçin agza bolup pullaryny töländirler. Şuwagda çenli doňdurylan ynsanlaryň arasynda maşgalasyndan ir aýrylan kiçijek çagalar, we öý haýwanlaram bar.
Indi bu adamlaryň, ýagny bedenini doňduryp ölmezlige ynanýan adamlaryň näme üçin muny edendigine seredeliň.
Bular ölmezlige ynanýarlar, aslynda ölümi hem bir soň hökmünde görenoklar. "Ölmek, ýüregiňiziň we öýkeniňiziň durmasy diýmek, ýöne şonda-da köp organlarymyz we myşsalarymyz hereket etýär" diýip aýtýarlar. Şo sebäpli doňdurylyp ýatan adamlarada hassa diýýärler. Käbirleri bolsa, ölümiň wagt bilen şekil üýtgetdigini, mundan 100 ýyl öň adamlaryň we haýwanlaryň ömürlerini ulaldyjy dermanlaryň tapylanyny, mundan 100 ýyl soň bolsa näme boljagyny bilmeýändigimizi aýtýarlar. Hatda «Alcor» kompaniýasynyň orunbasary Maks Mor, biraz öte gidip «Goraga alynyp bolýan ynsanlary topraga gömüp, ýa ýakyp aslynda olary biz öldürýäris, mör-möjekler tarapyndan iýilmegine biz rugsat berýäris» diýýär. Asyl ýaşamagyň alajynyň şu zatdygyny aýtýar.
Bu köpümiz üçin gorkunç bolup biler, ýada gowy habar bolup biler, ýöne bu ýerde asyl mesele şu, «Alcor» ýaly kompaniýalaryň, täzeden direltmek, täzeden dogmak barada hiç bir pikirleri ýok, hawa, bu nädip bolar ?, haçan bolar ?, işiň bilim baradaky taraplaryndan pikirleri ýok. Bir işem ýöredenoklar. Muny diňe bir ammar ýaly görýärler, we bu direltmek meselesini bilim adamlaryna, alymlara, tehnologiýadaky täze üýtgeşmelere goýýarlar. Ýöne saýtlaryna seredemizde, şular ýaly bolup biljek zatdan söz edilýär.
Bu bolup biljek zat, aşa ösen tehnologiýa, ýagny şeýle diýýärler: «Mikroskop ösen robotlar ulanylyp, her bir myşsadaky zyýanly ýerleri täzesi bilen çalyşyp bolar». Ýagny bilim tarapynam bir şekilde görkezýärler. Munyň bilen birlikde, doňdurylyp soňundan janlandyrylan her hili haýwanlar, organlar, ösümlikler üstünde edilen barlaglary hem görkezýärler. Munyň başa barjagyny, işleriňem dowam etýändigini aýtýarlar. Ýöne indi bu işiň bilim tarapyna bir seredeliň. Ilki bilen nädip doňdurylýar? Ýagny, ynsan doňdurmak diýemizde, sowadyja zyňyp gapagyny ýapmakdan söz açamzok. Puly tölenen bedenler ilki bilen derrew bir buzyň içine goýulyp, «Alcor» kompaniýasyna getirilýär.
Bedeniň gyzgynlygynyň düşürilmegi, galýan ölümiň, we yza getirilip bolmaýan myşsa organlary tarapyndan gaty möhüm. Soňra «Alcor»-da bir operasiýa otagynda, bedeniň myşsa organlarynyň «metazisiýa»-syny ýuwaş hala getirmek üçin dermanlar ulanylýar. Mundan soňra kislorod bölümlerini saklamak maksady bilen ençeme laboratoriýa işleri geçirilýär. Bedende gan aýlanşygyny dowam etdirmek üçin mehanik bir enjam bilen ýüregiň işlemegi dowam etdirilýär. Şulardan soňra bedeniň elmydama saklanmagy üçin işler başlaýar. Soňra bedendäki hemme ýerler, mehanik «antfpiroz» hökmünde bilinen goraýjy zat bilen çalşylýar. Size üýtgeşik gelip biler, ýöne asyl maksat bedeniň doly doňmasynyň öňüni almak. Sebäbi bilşimiz ýaly bedeniň we içki käbir ýerleriň doly doňmasy gaty zyýanly. Ýöne bu goraýjy zat gyzgynlygy saklap bilýär. Ondan soňra ullakan sowadyjynyň içine salynyp, direldilýän gününe çenli saklanylýar. Elbetde bu sowadyjyň içinde-de, ençeme goraýjy enjam bar.
Indi bu iş hakykatdanam başa bararmy? Haçan bolar? «Cryonics» geljekde direltjek bir taslamamy ýada diňe bir umytmy? Ilki bilen bu soraglary bir gyrada goýsak, munyň başa barmasy üçin, hemme işleriň, edilen zatlaryň beýine hiç zyýan bermezligi gerek. Ýagny beýiniň gyşarnyksyz ynanylmaz şekilde gowy goralmagyndan söz açýarys. Hiç bir maglumaty ýitirmeli däl. Ýöne munyň üçin ynanylmaz üýtgeşik beýnimizi bilmegimiz gerek. Iň çylşyrymly zat, kellämiziň içindäki başga bir Älemi bilmegimiz gerek. Uzak wagtlap saklamak gyrada dursyn, sähel wagt doňdurylmagam beýine gaty uly zyýan berip biler. Ýagny «Cryonics» intek ynsany direltmek aýry dursyn, bedeni dogry gorap saklamakdanam uzak ýaly görünýär. Sähel barlaglarda, synaglarda hem beýnimiz gaty uly zyýanlar alýar. Ýöne aşa tehnologiýa bilim adamlary has geljekde beýindäki maglumatlaryň bir robota, ýada kompýutere geçirilip boljagyny aýtýar. Bu zatlardan soň ýaşamak üçin hökman bir beýine mätäçlik ýok, maksat ýaşamak. Şo sebäpli «Cryonics» taslamasyna, diňe fantastik bilim teoriýasynyň durmuşdaky bir görnüşi diýip bileris. Alymlaryňam aýtmagyna görä, intek diňe beýnimizi doly arkaýyn bilmegimiz üçin ýene müňlerçe ýyl bar. Beýnimizi doly bilmek, belki bize ençeme zadyň ýoluny açar.
Belki beýni bildik diýeliň, bilemizden soňra beýindäki maglumatlary sosial bir ýere geçirdik, ýöne bu ýerde-de başga meseleler ýüze çykýar. Netijede elimizde mydama köpeldip bilýän bir beýnimiz bar. Näçe sany bolmagyny islärdiňiz meselem? Ol beýinden näçe sany «seni» ýasap bolardy? Täze, üýtgäp giden geljek jemgyýetde ýaşamak nähili bolardy?
Umuman ölmezlik şuwagt bir arzuw. Ýöne geljekde, has geljekde, tehnologiýanyň ösüp güýçli derejesine ýeten wagty bolmaz diýip biljek däl. Sebäbi geljege kepil geçip bolanok, geljegi görüp bolanok, geljekde näme boljagy belli däl. Adamzat gaty akylly jandar, bilim bilen islendik ýere ýuwaş-ýuwaş gadam basýar.
Göz öňüne getiriň, has gadymy döwürde adamlar nähilidi? Resmi dil ýok, pikir ýok, akyl ýok, düşünje ýok, ýok we ýok, ýagny hiç zat ýokdy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen adamlar demirden ýarag ýasap, aw awlap, haýwanlary eldekileşdirip, biri-birlerine düşünip başlady. Soňra goşun, ykdysadyýet, syýasat, tehnologiýa, enjamlar, önümler döremäne başlady. Hol günjük, 1955-njy ýyllarda-da internet ýokdy. Islän zatlaryny gözläp tapyp bilenoklardy, köpüsi hassahanalarda çäre tapylman jan berýärdi. Ýöne şu wagt nähili? Hemme diýen zadyň bar ýaly, ýaly diýýän sebäbi intek geljegiň nämeler getirjegini hiç kim bilenok. Umuman aýdamda geçmişden şu wagta çenli ençeme zatlar öndürildi, belki geljekde mundanam beter zatlar öndüriler.
Wanganyň hem aýdyşy ýaly, adamlar has geljekde Älem-Jahanyň arasyndaky perdäni taparlar, ölmezligi taparlar. Kim bilýär, belki şol sebäpden kyýamat bolar...
Ömezlik barada ýene ençeme işler geçirilýändir. Bu diňe biri, ýene hemmesini jemläp ýazmagymy isleseňiz we tema göwnüňize ýaran bolsa ýyldyzjyklara basyp gowy bahar bermegi unutmaň.
Siz nähili pikir etýäňiz? Ölmezlik mümkin bolarmy? Eger size geljekde direlýäň diýseler, bedeniňizi doňdurarsyňyzmy? Pikirleriňizi bilesim gelýär, teswirlerde ýazmany unutmaň.
"Cryonics" taslamasy- ölmezlik mümkinmi?
-
mertogly
3 years ago
- Eger ölmezlik çäresi tapylsa dunyaniň deň agramlylygy bozular.Şu wagt hem 9 mlrd adam yer şaryny gemrip baryar( göçme manyda) olmek we yerine basga nesil gelmek bu tebigat kanuny
BeZZaT. 3 years ago- Yok menä mugtam bolsa befenimi doňdurdarn oydemok sebabi olumden soň yasayaş gutarya diyen pikirde dal biz musulman milleti o dunyande-de