Bir"gõrip"hakynda yazjakdym gosgy,
Galamam depderem tayyn õñümde.
Âhli pikirlermi dagytdy bir yan,
Bir garagol siñek gonup elimde.

Kowyan ellerimi galgadyp heryan,
Ol bolsa uçyada õñümde gonya
Indi bir yazayyn diysem,
Ol yene gelyãde elimde gonya.

Bir õyüñ içinde bir siñek bir men,
Düshünshüp bilmedik ikiçãk galyp,
Ony õldirmãge elim baranok,
A gaharym barya beynimi yaryp.

Ol bolsa ganatyn galgadyp çala,
Yüzüni sypaya yüzüme garap.
Men oña hiç zadam edemok welin,
Ol maña uzak gün geçirdi yrsarap.

Kã depãmde gonup kãte yüzümde,
Yüregime düshyãydi diymãyin diysem.
Hool gyra geçirip süyjüjik goydum,
Oña-da gonanok güymãyin diysem.

Indem gõzlerini mõlerdip maña,
Dilinem çykarya gõrsene muny.
Üstümden gülüpdur kiçijek jandar,
Hãzir onuñ kõkmi meñkiden uly.

Garaz gõrüp hakda goshgy yazdyrman,
Ol õzi hakynda yazdyrdy eser.
Ya gõrüp diyyãnim shul siñekmikãn?
Yada ol tersine maña derteser.

Kõneler, wulkan tarapyndan 8 years ago
http://talyplar.com/posts/20163
*bellik- halanym üçin yazdym

Edebiýat, LadaKalina. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir