Saglygyň synlary we okyjylar bilen pikir alyşmalary, Türkmenistanyň mekdeplerinde esasan nika çenli "jynsy gatnaşykdan saklanmak" barada gürrüň edilýändigini görkezýär. Emma okuwçylara göwreliligiň öňüni alyş usullary (kontrasepsiýa), jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller we sagdyn we jogapkärçilikli durmuş endikleri barada bilim berilmeýär ýa-da berilýän bilim ylmy taýdan nädogry bolup, döwrebap standartlaryna esaslananok. Türkmenistanda ýetginjek göwreliligi we ýetginjekleriň seksual we önellgelik (reproduksiýa) saglygy barada sanlar we maglumat ýok. Meselem, Gazagystan 15-19 ýaşdaly ýetginjek gyzlaryň irki göwrelilik sanlaryny welaýat boýunça çap edýar.
Saklanmak netijelimi?
Ýetginjeklik döwründe adam seksuallygy we jynsy şahsyýetliligi emele gelýär we ýakyn gatnaşyklar başlanýar. Bu döwürde jynsy gatnaşykdan saklanmak akylly hereket bolup biler. Jynsy gatnaşykdan saklanmak – göwreliligiň öňüni almagyň we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellerden gaça durmagyň ygtybarly usulydyr.
Häzirki wagtda, ýaşlar esasan giç nikalaşýarlar; käbirleri asla nikalaşmaýarlar. Ýöne olar jynsy gatnaşyklardan uzak wagtlap saklanman bilerler. Türkmenistanly ýetginjekleriniň ortaça haýsy döwürde jynsy taýdan işjeňleşýändikleri barada maglumat ýok. Emma, nikalaşma ýaşy möhüm görkeziji bolup, jynsy işjeňlik we köpeliş bilen berk baglanyşyklydyr. 2001-nji ýylda Türkmenistanda ortaça nikalaşma ýaşy gyzlar üçin 23, oglanlar üçin 24.2-di.
Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe, Türkmenistanyň mekdeplerinde berilýän jynsy terbiýe döwrebapmy? Berilýän jynsy terbiýe şu döwürde ýaşlary ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna taýýarlaýarmy? Olara saglyklaryna zeper ýetirmän, özbaşdak karara gelmekde kömek edýärmi?
"DURMUŞ GURÝANÇAŇ SAKLAN!" – BU JYNSY TERBIÝÄNIŇ NETIJELI USULYMY?
-
sssss_1
3 years ago
- Birinjiden: hökümeti tankytlamak bolsa birinji eşek siz! O näme üçin Türkmen mekdeplerinde jynsy terbiýeçilik işleriniň hili pesmişin? Mekdeplerde mugallymlar ýörüte aýdýar jynsy organlaryň üsti bilen geçýän keseller hakynda, irki göwreliligiň zyýany hakynda. Sen bu zatlardan arkaýyn bol ! Tankytlamaga gidip başga zat gözle!
Ýene bir zat: Mugallym okuwçynyň diňe klasyň içindäki ýagdaýyna jogapkär! Mugallym, hichili okuwçynyň okuwdan soň ýa agşam ara baýyň gyzy, baýyň ogly bilen tirkeşip ýöreni üçin jogapkär däl. Bu zat ene-atanyň öz boýnunda.
Misterjan sen birhili meň göwnüme bu zatlary terbiýeçilik üçin açana dälde bozuklygy wagz etjek bolýana meňzeýäň!
Ýaman görme ýöne meň mbeýdip aýdanma!
/Ýolagçy/
-
20hacker04
3 years ago
- @Mister X saglyk.org'dan aldyň gerek?
-
Mister X
3 years ago
- ssss_1
Birinjidena eshek men dal. Belki sensiñ. Ikinjidenem hokumet tankytlananok barde. 3njiden tema Türkmenistanyñ Saglygy goramak we derman senagaty ministrliginiñ resmi sayty tarapyndan gozgalan. Onsoñ barde kim hokumet bolyar. Bilip bilman akyllysyramasana maña
-
Mister X
3 years ago
- 20hacker elbetde
-
yashalym
3 years ago
- Sssss_1/yolagçy agza. Bu ýerde temany açan hökümedi taňkytlap hem baranok, käbir näsazlyklaryň barlygyny aýdypdyr. We gozgalan tema hem Tsg&dsm tarapyndan gozgalanmyş.
Şunuň üçin ýaranjak bolaňda diliňi akyllyrak ullan ýogsa şunyň ýaly hapaň içinde galarsyň.
-
Zulfikarow
3 years ago
- Temaň nýeti gowy däl, haýsy edara tarapyndan açylan bolsada...
-
Mister X
3 years ago
- Name ucin?
-
Jeksparro
3 years ago
- Artyknur, Aşgabat Nohurowlaryň ''Maşgala durmuşy'', ''Maşgala psihologiýasy'' kitaplaryny okamaň diýýän ýokdura. Okabermeli. Gözläp Käbäni tapypdyrlar, kitabynam tapyp okabermeli.
yashalym 3 years ago- Gysgaça aýdaňda ýok we nikalaşma ýaşy jynsy işjeňligiň ynamly görkezijisi däldir. Hatda düýbindeň tersine bolup biler.