Men bashymdan gecen bir wakany aydyp bereyin. Waka mamamlaryn, yagny ejemin ejelerinin howlusynyn dash yuzunde bolup gecyar. Olaryn gonshularynyn howlusynyn agzynda ejem, mamam we bashga-da bir gyz bardy, birem onun ejesi bardy. Gyz bir garayagyz, gozleri iri, gorkli bir gyzdy. Hindi gyzlaryna chalymdashdy. Yylgyrysy, bakyshy, hereketleri yadyma dushyar. Hatda bir zatlar gurledem oydyan. Men bir yerden gelipdim shol wagt. Olaryn yanlaryna geldim we salamlashdym. Bir iki agyz gurrunden son (shuwagt yadyma dushenok gurrunler) ejem mana bir gowy gyz tapanyny we hemme zadyn gepleshilip, indi toyumyzy etjekdigini aydyar. Men bolsa bu duydansyz tazelige gen galmak we gaharlanmak zerarly ejeme “name diyyan? Dushunmedim.” yaly sozler bilen reaksiya gorkezyan. Men “Menden soraman eyyam hemme zadyn bellisini edip, name gyzy sen ozune alyanmy eje? Name ucin menin hichili habarym yok mundan...“ Yaly zatlar diydim. Curt kesik menin oylenmejekdigimi aytdym. Shol wagt gaty gaharym gelyar, icim gysyar, oldurselerem sozumden donmecek derejede. Gyz hernace gowy ya owadanam bolsa men ony shol pursatda yigrenyan. Yuzune-de seredesim gelenok, shol wagt. Shu sozlerden son yalnysh yatlamayan bolsam gyzyn hem keypi bozulyar. Yanky gulup duran gyz birhili aglap bashlayan yaly. Mumkin bu bolanam daldir, shuwagt gownume bolan yaly gorunyar. Ejem yagdayy ilki aydanda mamam hem bir zatlar diyipdi. Ol hem yyldyryardy, begenclidi. Emma men adaty durmushda mamam dagylaryn yanynda hichili sesimi gataltmayan hem bolsam shu yerde gaharymdan ona uns hem bermedim. Gaharlanmaz yaly hem daldi. Erkinligin doly elinden alynyardy. Menin hic ong gormedik bir gyzymy mana gorkezman, tanatman, menin pikrimi alman bellan bolmaklary gaty ic gysdyryardy. Dine bellemek hem dal, toy sahedi hemme zat belli edilipdi. Hatda olar bilen eyyamden bir sacak bashynda sohbet edip bashlanypdyr, ustesine gyzyn ozi hem olaryn yanynda arkayyn otyrdy. Bu zatlar menin gaharyma gahar goshyardy. Hernace gowy gyz hem bolsa, beyle yagday asla kabul ediler yaly zat daldi. Sholwagt sheyle duygularyn icindedim. Erkinligim gysylyp, kapasan icine sokulan yaly ruhum daralypdy. Gyzy tanamokdym, yone son kellame geldi. Shol gonshynyn bir gyzy bardy, edil taryp edishim yaly, garayagyz, gozleri iri, hindi gyza chalymdash. Gaty saygaryp bilmedim, yone wakanyn sholaryn gapylarynyn agzynda bolup gecenligi mana shony yatlatdy. Ay hazir bilemogam-lay ol gyz nirede, name ishleyar, kim bilen. Sheyle-de uytgeshik unsumi cekmedi hicwagtam. Son men ol yerden ayrylyp mamamlaryn howlusynyn agzyna geldim. Ol yerde agam bardy. Olam yalnysh yatlamayan bolsam meni goldayardy. Son ejem yanymyza geldi, menin gaharym shol derejesinde, yatyshmandy. Name diyenim yadyma duhsenok yone shol yerde yene ejeme bir zatlar dushundirjek bolyan, sesimem gahar ahenli. Ejemin gozunden yashlar suzulip bashlayar, ol gozler hazirki yaly yadymda, sebabi gozunin icine seredipdim, unsumi cekipdi. Yuwashlyk bilen yashlar akyar, son guyjeyar. Yashmagy hem agzynda. Bashda mana ilki aydanda gozleri gulyardi, gaty begenclidi. Men gahardan “name diyyan?” diyen yerimde bolsa utanybrak hereket edipdi, birhili cekinipdi. Ol ayallaryn arasynda utanandyr belki. Men samsyk duygularyma erk edip bilmedim-da. Men son ejemin yanyndan ayryldym, bir zatlar diyip. Name diyenim yadymda dal yone “men ona oylenjek dal” diyip shony curt kesik edenimi bilyan. Yanyndan ayrylamda ejemin bokurdagynyn dolanyny we aglanyny duyyardym. Yuzum beylak bakyar emma gulagyma ejemin sesi gelyardi. Edil shol yerde wakan oyun ederlik daldigini pikir edyardim. Agam bilenem bir iki agyz birzatlar gepleship ayrylamda, oz yanymdan “men hokman X’i gormeli we ona yuregimdakini aytmaly. Hokman. Indi bashga yol yok. Yogsam bu gidish bilen boljak dal.” yaly zatlar pikir edyardim. Kellamde bir gyz bardy, men ol hakda pikir edyardim. Aslynda ta bashdan menin waka beren reaksiyamam shol sebaplidi. Yuregimde bashga biri bar. emma menin pikrim alynman, maslahatlashman menin ykbalym bilen oynalyan yalydy. Bu waka menin bashymdan gecdi. Ozem arada dangdan. Wakan edil shol yerinde men ukydan oyandym. :)). Duysh gorupdirin. :)) Dandan gorulen duyshler hakyky bolyarmysh diyip bir yerden eshidipdim. Shol wagt bolsa gunun dogmagyna 10 minut toweregi wagt galypdy. Yagny hakykada owrulmegi mumkin bolan duyshlerin tuys diyen wagty. :))

Köneler, diwana tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir