Hormatly moderatorlar, Talyplar.com sahypasyna bil baglap milletiñ, halkyñ erk islegine gadyr edilýän gaýybana medeni üý$meleñ hökmünde garap ýörkäm, bu sahypa türkmen intellektiniñ dabaralanmagy diýip ýüregimi galkyndyryp ýörkäm käbir özge dilde ýazýan agzalaryñ millet we dil babatdaky öte geçmeleri meni biynjalyk edýär. Olar "biz garda$" diýip mähirlerini beýan edýärler, soñam öte geçme tankydy bellikleri bilen ýazgarýarlar. Bu günki türkmenler türkleriñ elinde edep terbiýe alýan bolsalar muña takdyryñ çyzgysy diýip bolýandyr-a. Bu düýbünden tersine-de bolup bilerdi ahbetin; taryhda munuñ ençeme mysallary ýokmy näme!? $onuñ üçin geliñ bir pursat özli özümiz üý$üp oýlanalyñ, türkmenligimize buýsanalyñ! Muny bize hiç kim köp görmesin, gaýrat ediñ! Hiç kimiñ bize minnet etmegine ýol bermäliñ! "Sizi biz ýeti$dirdik, sizi biz adam etdik" diýen sözler soñky döwürde ýoñ boldy. Ýogsa-da "Ylym Çyn Maçynda bolsa-da gidip öwrenmek" biziñ borjumyz dälmi!? Türkmen doganlarym, göwnüñizi giñ tutuñ! Takdyra ten berip boljak zatlara gara$yñ! $onuñ üçinem gaýrat edip bizi kemsitmäge milt edýän agzalaryñ ýoguna ýanyñ (gödekligim üçin bagy$lañ) ! Olar bizi söýýän bolsalar söýgülerini döwletiñ resmi saýtlarynda beýan edibersinler! Hormatlamak bilen , nokat!
Kemsitmek we kemsidilmek
-
kombat
16 years ago
- Gunça eşegi münüp bolýarmy?
-
Wepa
16 years ago
- Gunça eşegi münüp bolýarmy?
munesin gelyami?
-
kombat
16 years ago
- Bäh, sende-de soraga sorag bermek keseli bar ekeni. Bilýän bolsaň jogap ber, bilmeseň otur-da.
-
Nokat
16 years ago
- Bagy$lañ welin Ýokardaky tema bilen aýdýan zatlaryñyzyñ baglany$ygy ýog-a gadyrly talyp dostlar! Onuñ üçin aýratyn bir blog açaýyñ bolmasa!
-
kombat
16 years ago
- gunça eşek diýlenine düşünmedik, oyunmy çynmy bilmek isledik.
-
agayunus
16 years ago
- bäh oglanlar...sözleriňizde öte geçýän-ä dälsiňiz?! her näme-de bolsa gyz agzalar barmykan diýýän araňyzda. bir hili ýazgylary okap jogap ýazmaga-da utanyas. kabirlerimiz-ä agzalykdanam gitdi:(
adminler hakyaty ýazgarmasaňyz size aýtjaklarym bar. demokratiýa demokratiýa diýýäňiz welin, aýdylýan her bir ýazga ýa-da jogaba nagt gürriňleriňiz taýýar, tüweleme, biz eýle isleýäs beýle isleýäs diýip öz ýeriňiz bolansoň öz kanunlaryňyzy ýöretjek bolýana meňzeýä daşyňyzdan, belki beýle-de däldir, belki men ýalňyşýandyryn.
türk agzalaram türkçe gepleýä diýip üstine sürünmän, mylaýymlyk bilen problemany çözip bilerdik. men täze agza bolamsoň türkleriň ýazgylarynyň pozulmagyna sesimi çykaryp bilmedim, özleri bilýändirler-dä men garyşmaýynla iň gowysy diýip çetde duranymy kem görmedim, ýöne agza bolanym bäri şolardan gaýry-gyrym zad-a görmedim men. onu diýsemem käbir jogaplaryny halamadym welin problemany hoşamaý şekilde çözmek barka aňsadyna bakyp banlap goýbermeli däldik. eýder-beýder ýalňyşlyklaryny düşündirip bilerdik.
adminlar, agzalar demokratiýanny goldaýan bolsak, geliň hakyky ýaşalyňla şuny. ýalňyşanlara-da gödek ýüzlenmek gerekdäl, araňyzda menden beter gödek ýokdyr welin menem towşan tüý bolup galdymeý bara size seredip. aý borlaý, koroçe geliň agzybir bolalyň, peýdaly zatlary öwrenip biläýjegimiz gowy ýazgylar, jogaplar ýazalyň.
-
shahyr
16 years ago
- agayunus ow haysi admin name diyipdiray, bet edip yazgarypsyn welin haysi yazgydan ylham alanyna düşünmedim. Ay bor-da, görüberin hany. Men adam payiş sözler yazmadykça banlap göremokdyryn
-
agayunus
16 years ago
haysi admin name diyipdiray
farabi-niň ýazanlary dur welin, sen öziňkileri pozupsyňa. öyle istiyoruz böyle istiyoruz diýen ýazgylaryň bardy, indi ýok.
haysi yazgydan ylham alanyna düşünmedim
ylham alar ýaly otyryp-otyryp birden joşamokhow men, kellämdäki öňden bäri bar bolan pikirlerimi ýazdym diňeje. siziň ýazan jogaplaryňyzy okap şeýle ýazdym, asmandan alamok pikirlerimi.
Men adam payiş sözler yazmadykça banlap göremokdyryn
farabi-ni hem banlada onda...
-
Fransuz
16 years ago
- yazyan zatlaryn gowy zat. yone herkimin oz pikirini dushundirishi bar
-
agayunus
16 years ago
yazyan zatlaryn gowy zat. yone herkimin oz pikirini dushundirishi bar
haýsy ýazga jogaplaýanyňy bilmek üçin sitata alsaň nätýä şol ýazgyny?!
-
Fransuz
16 years ago
- Bor senin uchin alsam alayardymam welin, nadipdigini bilemok. Owretsene gayrat et.
-
agayunus
16 years ago
- aljak ýazgyňy gara, kopi-paste bilen geçir, soň ýene garala we sitata diýip ýazylgy duran ýere bas.
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Nokat sen bilen ylalashyan. Hak aydypsyn
-
kombat
16 years ago
- ilki sitata basyp, soň blok aralygyna kopiyalasaňam bolar.
-
margaritka
16 years ago
- men bolup gecyan zatlardan hic habarym yok yone dusundigime gore turk turkmen kemsitme isi bolupdyr.Her bir problemanun cozulsi bardyr menin pikirince bu isi has ansat yoldan cozmekidi sebabi hazir turkiyede munlerce turkmrn bar eger-de alyp solar bilen seyle is gecirilen bolsady men oran gynanardym
-
kombat
16 years ago
- adyň-a ýakymly eşidilýär, galan zady biljek däl.
-
kutup
16 years ago
- göryän weli agalarmyz ýada inilermiz öz aralarynda dawwajyk etjek bolýalar
ýöne şolaryň hemmeside şuny bilýä, TÜRKMEN HALKYMYZ AGZYBİR WE DOGANLYGY BERK BOLAN YERİNDE YEňİŞ ELMYDAMA BİZ BİLEN BOLANDYR(GARRYGALA SÖWEŞİ)
klassik şahyrymyz Magtymguly pragy ŞU AýDANLARMY BİLİP HALKYMYZY BİRLEŞDİRMäGE ÇALŞAN ŞAHSYýETLERMİZDEN BİRİ
ýöNE HALKYMYZ ENTEGEM ŞOL KÖNE DÜŞÜNJEDE BİR BİRNİ EZMEK
ÖZÜNİ İLLERDEN ÜSTÜN GÖRKEZMEK
MEN ÖZÜMİZİň BİR GÜN HALKYMYZYň AGZYBİR BOLUP ÖSEN DÖWLETLEň HATARNA GEÇJEGİNE YNANýAN
-
Kaya
16 years ago
- kutup
ay adyny yazjak bolup uc sapar synanyshdaymay gowumy taze gelipsin oydyan seyle bolsa hosh geldiniz
-
kombat
16 years ago
(GARRYGALA SÖWEŞİ) kutup | 2008-10-10 05:30:13
türkmenleriň iň "agzybir" döwründen mysal getiripdir.
Malazgirt söweşi diýen bolsaň, hä diýjek.
-
Kaya
16 years ago
- kutup soweshimi?
-
agayunus
16 years ago
MEN ÖZÜMİZİň BİR GÜN HALKYMYZYň AGZYBİR BOLUP ÖSEN DÖWLETLEň HATARNA GEÇJEGİNE YNANýAN
men hem ynanýan
agzybir biz aslynda käwagtjyk bir çaknyşyklar bolýa diýäýmeseň.
-
kombat
16 years ago
- ganymyzda barmyka şol agzybirlik?
-
mc_didar
16 years ago
- dorumy aytsam hiç kimi kemsiden daldirin yöne bu ykbalda köp kemsinlikler çekdim men aytmayın siz soraman! mc_didar
-
Kaya
16 years ago
- Salam mc_didar gowumy bir hayysh bar
internetden tm suratlary nireden alyp bolar
-
kombat
16 years ago
bu ykbalda köp kemsinlikler çekdim men aytmayın siz soraman! mc_didar
mc_didar | 2008-10-11 13:56:21
eger aýtsaň, nähili derejededigini bahalandyryp bereli.
-
bond
16 years ago
- kombat nirede bolsanam gel bolmasa meni sen diyiyip yorege dushduler .nirede bolsan seslen.tohmetden doydum.
-
bond
16 years ago
- pygambermiz dowrunde sheyle bir waka bolupdyr,ahli halk namaza durupdyr,namaz bashlamanka ,mahellanin ichinden biri yel goyberipdir,pygamberimiz yuwashlyk bn yzyna seredipdirde, kim yalnyshan bolsa tazeden taret edip gelaysin diyipdir,bir az salymdan tutush halk chykyp gidipdirde taret edip gelipdir olar kimin yalnyshanny bildirmandir. hich kimi kemsitjek bolmandyrlar ,..
-
bond
16 years ago
- kombat dal men hakdan kasam icher men sil dey gandan aksa ganmanam begler.
-
bond
16 years ago
- yokarda nokadyn yazanyny hazir ichimden okap gordum,gowy tema yazypdyr ozam anyk dushundiripdir kim shony dolulygyna okasa ,gowy dushuner ony chyn yoreginden syzdyryp kop zatlary dushundiripdir nokady 10 ellap goldajak eger 10 elim bolan bosa.
-
Nokat
16 years ago
- Sag bol, bond!
-
Nokat
16 years ago
- Kemsitmek we kemsidilmek baradaky ýokarda ýazylan mowzugy täzeden okamagyñyzy maslahat berýän!
-
Nokat
16 years ago
- Go$gyny bu ýere-de go$anymy köp görmäñ, gaýrat ediñ!
"Hakykatyñ hakydasy oýanyp,
Türkmene döwranyñ dolanan güni,
'Tatly' (!) a$pezleri (!) ýurduma gelip,
Sorýar türkmenjigiñ beýin ýiligni"
Beýinlerde gapmagar$y pikirler,
Çar ýana çapy$ýar çawrap, alñasap,
"Bir millet biz" diýýän murtly mekirler,
Beýinleri ýuwýar tasap, tara$lap.
'Lahmajun' ajydyr ýokmaz türkmene,
Me$hur 'tatly' a$a süýji, ägä bol
Bu gün "aga" düýn bardaky $ermende,
Beýinlere täsir pürkýär, ägä bol!
Ýañy baknalykdan dynan türkmenjik,
Ikoýly derdinýär ga$ap ýeñsesin,
Bir tarapda 'maklube' hem 'pidejik',
Bir tarapda derdi ýatyr milletiñ...
Düýn öýüñde hyzmat edýän pyýada,
Murtun towlap uçup gidýär ýurduna,
Baryp bajyñ hakda habar ýaýradýar,
Gazetlerden habar ýollap ýurduna...
Gaýrat et türkmenim saklap mertebäñ,
"TÜRKMENÇILIK" geler $oldur mertebäm. (nokat)
Farabi 16 years ago- -1) Bu saýt talyplar network tarapyndan ýasalyp, ähli hak we hukuklary Gunça Eşege degişlidir. Gunça Eşekden birugsat ogurlaýsaňyz Nury boluň, Kasoý boluň. Çeşme görkezip alyberiň ýöne çeşmäni guratmaň, hojalygy ýykmaň.
0) talyplar.com türkmen dilinde, esasan talyplaryn yygnanyan blog sahypasy we pikir beyan etme azatlygyna hormat goyyar.
1) agza gerekli gereksiz her temanyn aşagyna (dine) türkçe, orsça, inlisçe ya-da başga dillerde yazyberse yazgylary ayrylar, şol ulanyjy ady bilen girilmez yaly ediler.
2) tema degişli başga çeşmelerden alynan başga dildaki yazgylar ayrylmaz. yöne agza dine başga çeşmelerden yazgy alyp bari yelmaberse yene ayrylar.
3) yazgylarynyzyn 2-nji madda girmezligi üçin; tema degişli başga çeşmelerden alynan yazgylaryn üstünde ya-da aşagynda gysgaça öz agzynyzdan (elinizden/barmagynyzdan) türkmen dilinde düşündiriş bolmagy gowy. bir tarapdan şeytmek şol dili bilmeyan agza üçin peydaly boljagyny hem yatdan çykarman.