Salam Dostlar, Meniň bu mowzugym tanyşlyk we parahorlyk barada. Türkmenistanda esasan da döwlet edaralarynda işiňi bitirjek bolsan ya tanyşyn bolmaly ya da bir zatlar bermelidigini Türkmenistanda yaşayanlaryn bilmeyani yokdyr. Mysal hökmünde dowlet yokary okuw jaylaryna girjek bolsan, ya da keselhanalarda gowy bejergi aljak bolsan ya da döwlet edarasyna işe girjek bolsan yokaryda aydyp geçişim yaly ya tanyş ya da para gerek. Bu zatlar hemmanin bilyan zatlary men gepi köpeldip kellanizi agyrdyp durmayyn. Menin gelmek isleyan nokadym şu: Haçana çenli beyle dowam ederka bu zatlar. Hiy bu zatlaryn önüne geçip bolmazmyka. Önüne geçip bolsa nahili çareler görülmeli. Nameler edilmeli. Elbette bu tema öran giň tema. Bu barada bir kitap hem yazsa bolar. Yöne men bu zatlara gynanyan bir türkmen rayaty hökmünde.. Önler umytlydym wagtyn geçmegi bilen düzeler diyip. Emma şu wagt bu zatlar 50-60 yyldan düzeljege ha menzanok. Dostlar size soragym şu: Men has oran pessimist pikir edyan bu zatlar barada. Ya da menin görmeyan, duş gelmeyan yerlerimde gowylaşma barmyka? Her kim bu zatlar barada bilyanlerini paylaşsa öran minnettar bolaryn.

Köneler, Nebitçi tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir