Sahypada awtomobil bilen gyzyklanýan agzalar kän ekenä! ýazara ýer tapman başga mowzuklarda ýazyşyp ýörler! Menem şolara ýazmaga ýer döretmek maksady bilen, we ata agamyň maslahaty bilen şu mowzugy açdym! halaýan awtomobilleriňizi we olaryň aýratynlyklary barada şu ýere ýazyp duruň! bizem has giňden öwrenen adam bolarys.
Awtomobil görnüşleri we aýratynlyklary!
-
ultimatum
16 years ago
- Meniň bir teklibim bar. Herkim öz halaýan 1)suv, 2)sport, 3)sedan ulaglarynyň suratlaryny, aýratynlyklaryny goýsa gowy bolardy.
(ceriumoxidyň taureg goýjagyny bilýän :D)
-
CeriumOxide
16 years ago
- ýok ultimatum, touareg dällaý, men x5 bilen q7 gowy görýän, emma volkswagen touareg, toyota land cruiser v8 we mercedes-benz g class şu üçüsüne göwnüm ýetýär!!!
-
ultimatum
16 years ago
- Meň göwnime ýaraýan sedanym lexus ls600hl bilen mercedes s600.
a bu bolsa suv: infiniti fx35
ine de geljekde satyn aljak maşynym :P
-
CeriumOxide
16 years ago
- ultimatum!!!
amerikan maşynlary öwen bolup! senem nemes we ýaponlaryňkyny halaýan ekeniňä!!!
-
ultimatum
16 years ago
- Men amerikanlaň maşynyny öwemeok, ýöne garalamogam. Modelleri deňeşdirseň deňeşdir welin, markalary deňeşdirmek birhiliräk bolýa. amerikan markalrynyň gowja çykan modelleri az däl.
Yokardakylaryň 2si metis :D
-
CeriumOxide
16 years ago
Yokardakylaryň 2si metis
infiniti nissanyň maşyny, ýöne amerikada çykýar
-
CeriumOxide
16 years ago
- inha meniň haşaýanlarym
suv bmw x5
sedan meredes-benz c class
sport sedan bmw m5
lux sport coupe mercedes-benz cl class
coupe audi a5
station wagon audi rs6
arassa sport maşyn :D Lamborghini Murcielago
-
mermaks12
16 years ago
- mena ochura yazyldym isleseniz sizem yazylyp bilersiniz 99$ official dealere baryp yazylaymaly yone men pikirimce gozel sungat eseri yaly zat oza
-
CeriumOxide
16 years ago
- merdan agam! men bmw maşynlaryň janköýeri emma gina modelinä halamadym, we öňki z3-halammok!
ýöne concept maşynlaryndan m1 we cs gaty owadan!
bmw m1
bmw cs
-
CeriumOxide
16 years ago
mena ochura yazyldym
mermaks12 | 2008-09-15 18:08:31
satyn almak üçin ýazyldyňmy???
bäh garagumyň köçelerinde bmw gina süräýseň, krotuý bolareý hä :D:D:D
-
mermaks12
16 years ago
- serdarjan inim
janym gurban sol garagumyn kocelerine yaman goresim gelyarey garagumy
hawwa satyn almak ucin onun bahasy o diyen gymmat boljak dalmishin starting 25000 diyyaler ulanylyan materialyn hasabyna
-
Komendant
16 years ago
- Mclaren Mersedes S600 GTR maňa pesräk.
Men beýle maşyn münerden birneme mesräk.
-
italyp
16 years ago
a bu bolsa suv: infiniti fx35
src="http://i487.photobucket.com/albums/rr233/ultimatum87/TRC3697.jpg" />
ultimatum | 2008-09-15 14:52:23
-
Komendant
16 years ago
- Tüweleme işdäňiz-ä açyk.
-
italyp
16 years ago
duyn marydan gelen bir dostum bilen stariy yarmorkadaky mashyn stoyanka gidip shu fx35 gara renklisini bahalatdyk, boljak yeri 48.500$, 2008 model, 3500km gechen, dine ayagynda oturan 22"lik tigir hemme zady bilen 5000$! o mashyny alsan 1 sherti bar, dine "gije" munmeli....:D ol dostum nesip bolsa ya shoni ya hummer aljak diya, illenka sheyle bolayyaray... :|
ps: yurekagyryly boljak bolsanyz sho diyyan stoyankama gidip gormeginizi maslahat beryan :D
-
mermaks12
16 years ago
- mana 45000$+abs bersin men ondanam govysyny alyp bereyin ya da hammerin bahasyny bil onun hem luboyyny iberip biljek
-
Komendant
16 years ago
- Nirden iberýäň. Dubaýdanmy, USA-danmy. USA bolsa, Türkmenistana geler ýaly edip bilýäňmi?
Ýola näçe çykýar. Şu zatlary ýazsana.
-
CeriumOxide
16 years ago
Nirden iberýäň. Dubaýdanmy, USA-danmy. USA bolsa, Türkmenistana geler ýaly edip bilýäňmi?
Ýola näçe çykýar. Şu zatlary ýazsana.
Komendant | 2008-09-16 00:23:28
demirgazyk koreýadan dubaýa ugratýar, dubaýda gämä mündürilip alýaska akitýäler, alýaskadan habarowske geçýär, otaýdan moskwa geçirýäler, moskwadan norwegiýa eltip ol ýerdenenm garagum etrabyna getirýäler, garagum etrabyndanam owganystana ugratýalar,
senem baryp owganystandan alaýmaly!
-
CeriumOxide
16 years ago
Wolkswagen Tuareg biderek maşyn. Çöle sürýäň welin, Toyota Lancruiser ony guma garyar. Ony diňe şäherde, käwagtam, asfaltsyz ýoldaaýap sürse bolýar. Jip dällaý ol.Komendant | 2008-09-15 20:45:03
inim! menä volkswagen touareg sürüp göremmok, ýöne okan žarnallarymda, sereden maşyn peredaçalarymda volkswagen touareg hernä öwüldi, menem il oňlany üçin atymy soýdum. ýöne bilemmok sen touaregi çölde münüp gören bolsaň biljek däl!!!
özem her ýurduň klimaty üçin üýtgeşik maşynlar öndürilýä, volkswagen touareg, bmw x5, audi q7 ýaly maşynlar ýewropaň klimatyna görä öndürilen maşynlar, ýagyşly we garly howalarda, palçykda gowy gitýär!!!
eger çöl üçin öndürilýän maşynlar bolsa
toyota land cruiser, nissan patrol, mitsubishi pajero!!!!
meselem nissan patrol we nissan murano, ikisem nissanyň maşyny emma üýtgeşik klimat we ýagdaýlar üçin öndürilen maşynlar!!!
ps. volkswagen touaregiňi çöle sürüp ýörme, sen biljek bolup dörjeleşdirip bir zadyny döwersiňem, çölde galarsyň :D
-
Komendant
16 years ago
ýöne okan žarnallarymda, sereden maşyn peredaçalarymda volkswagen touareg hernä öwüldi
Reklamada göreniň geň däl. Wolkswagen reklama gaty üns berýär. Ýöne wolkswageni öwýän reklamalary görenimde meň-ä gülesim gelýär. Sebäbi, Toyotanyň ýarysyça ýok, çöldede dagdada. Diňe men däl, sürüp deňeşdirip gören başga oglanlaram tassyklap biler. Mende Wolkswagenem ýok, Landkruiserem, ýöne Tuaregiň bahasyna degmeýändigini anyk bilýän.
-
MH
16 years ago
- :D
iller baylay. Birileri s600 GTR e göwnü yetman yörmi, birileri WV Touaregi çölde sürüp yörmi. 2 yil TM gitmedim welin kan uytgan daldirlay ekonomika. Ya uytgedide men habarym yokmy. :D
TM gidip menem münaysemmikam bmw 500d :D. Yok mana pesirak geler :D.
-
CeriumOxide
16 years ago
Reklamada göreniň geň däl.
reklamada diýip kim aýtdaý!!!
gören ýerlermi aýdaýaýin
žurnallar:
klakson
awto rewyu
auto bild
oto haber
predaçalar
"5th gear"(iňlis peredaça)
iňlisler peredaçalarynda köplenç öz maşynlaryny öwsede, volkswagenem öwdiler,
beýleki mowzukda görensiň belki, touaregiň boeing 747-ni çekýänini, şol peredaçada gördüm.
birem orslaň "kardannyý wal" peredaçasynda
range rover bilen touaregi garda barladylar, range rover garda batdy, touareg bilen çekip çykardylar!!!
-
Komendant
16 years ago
- Şol zurnallar bilen peredaçalaryň hiç birisem pul tölemeseň ýeke agyz zat aýtmaarlar ýa ýazmaýarlar. Kardanny wal-a arassa reklama. Çewroledem öwüp ýörler. Eger Tuareg şony çekip çykaran bolsa, Landkruzer ikisini çekip çykarar. Nesip bolsa özüňem belki synap görersiň bir wagt.
-
CeriumOxide
16 years ago
- aý jan jigim, borlaýýýý
meň onsuzam land cruiser-e sözüm ýok!
türkmenistan üçin ideal maşyn
CeriumOxide | 2008-09-13 18:43:48
diýipdim ýadyňa düşýän bolsa!
-
CeriumOxide
16 years ago
- mh! seň işiň köplenç deňizdä! sen şunuň ýaly bir zat alaýsanaý! suwda - ýerde, hemme ýerde!
-
garabekewul
16 years ago
- beyba bu tackalaray..........ay mena suarat goyjagam dallay, sebap eyyam enin halayan masynlam yokarda, bmwx5.... audi ahhhh bulara yetip bolsa nasini aytyan:):)
-
nargilasha
16 years ago
ay hemenize SOWET germaniyanyn mascynlarynA GELERI YOK :-)
-
mermaks12
16 years ago
- yol.komendant
masynlary usadan canadadan iberyan yolyna max 3000 max 2,5 ay yolda bolup goni turkmenistana baryar yone yokarda aydan 2008 infiniti fx35 yol cykdajy icine giren baha 45000$ eline duser sen dine gumrugin ve hasaba goymak galyar galyar
gyzyklananlar ucin habarlasayyn elimizden gelenini ederis
mermaks1221@yahoo.com
-
Komendant
16 years ago
- bolýa, belledim. Ýöne maňa infiniti däl, toyotalar gerek. Olam bardyrla. Ýöne ýoly gymmadrak ekeni, diňe gymmat maşynlary getirse boljak.
-
Maxat
16 years ago
gumrugin ve hasaba goymak galyar galyar
bulara ortaça naçe çykyar?
-
Komendant
16 years ago
- 1) Hasaba goýmak - 1500 000 manat (islendik awto)
2) gümrük - maşyna görä (ýylyna, motoryň göwrümine we mdeline seredilýär, tarifi bar) 7000 dollaryk maşyna 6500 000 manat töweregi (400-450$). Gymmat maşyn alsaň has köp bolýar.
-
cendrillon
16 years ago
- lamborgini,mersedes benz,etc...
shunnaly lyuks mashynlara guyjum yetmeyanligi uchin gyzyklanasymam gelenok;
eger bir gun pulum yetayse-de,on esse arzan mashynlar bar vagty,gymmat mashyn almakda many goremok;
mena oz guyjum yetayjek mashynlara gyzyklanyan:)
ine shu ashakdakylardan birini aljak
ayratynlyklary:
kan gymmat dal:)
kichijik,shaher ichinde surmage,parkovat' etmage govy;
strahovkasy,shay-sepleri arzanrak "luxe" mashynlara seredende;
-
cendrillon
16 years ago
-
cendrillon
16 years ago
-
cendrillon
16 years ago
- ufffffffffff,birin ayrayin shu yokardakylarry,nervymda oynap bashlady...
-
agayunus
16 years ago
- ooooo cendrillion barmynay...salam diydin yitdin gitdinle. hany bir zatjyklar bilen renklendiraya sayta, gyzykly sahypajyk acjakdalmay. bir hili men agza boldym welin saytynyzyn gyzygy giden yaly boldylay:(
yitmanda, yazynda bir zatjyklar...gonshy sahypa gyzyklyrak welin principa gidip barasym gelenok sho yere:D:P
-
MuhaciR
16 years ago
nesip bolsa ya shoni ya hummer aljak diya,
italyp | 2008-09-15 22:42:15
almanjyk geçer tkmda hummer. GADAGAN bayty aldy satjak bolup yör, mündürenoklar.
-
CeriumOxide
16 years ago
- salony gaty biderek, torpedasy hem ziliňki ýaly!
baýty ony başga sebäpli satjak bolýandyr! :D:D:D
her adam ýalňyşyp bilýär!
-
CeriumOxide
16 years ago
shunnaly lyuks mashynlara guyjum yetmeyanligi uchin gyzyklanasymam gelenok;
erkekler beyle däldä, erkekleriň iň ejiz taraplaryndan biri, ulag!
parkovat' etmage govy
türkmenistanda sürjekligim üçin onuň ýaly problema maňa degişli däl :P
-
ultimatum
16 years ago
salony gaty biderek, torpedasy hem ziliňki ýaly!
X5.iň hem torpedasynda derek ýok. oturar ýaly däl içinde :P täzelerini görmedim, belki gowlandyrlar...
-
CeriumOxide
16 years ago
- sözsüz...
-
cendrillon
16 years ago
- yene synanshayin surat goymaga...
-
cendrillon
16 years ago
- bolaydy,ine shu yokarky,yada bu ashakdaky mashyn:
yada bu:
-
cendrillon
16 years ago
- agayunus,salam!
govudyrsyna?...
saytyn gyzygy sen agza bolandan son yitmedi,on gyzygy vagtal-vagtal yitya oz-ozunden :) bu-da gecher :)
ishe ylgadym mena...
-
cendrillon
16 years ago
- bir soragym bar,bilyaniniz bolsa jogap berin;
tm-da mashynlar uchin strahovka barmy yokmy?
hokmanmy? hokman bolmasa-da islesen alsa bolyamy? mashynyn hiline gora uytgeyandirem velin bahasy,shonda-da,eger mashynyny strahovka etdirenler bar bolsa,takmynan nache mashynyn strahovkasy?
-
mylayym
16 years ago
tm-da mashynlar uchin strahovka barmy yokmy?
bar mashyny adyna gecirjek bolanda hokman geciraymeli, yone peydasy degen yeri yok, dine hokman ada gecirende gecirmelid diyen kanun bar:) yalnysh yada dushmese 250 manatdan yokary daldi oydyan,
cendri yokardaky goyan mashynlar iki gapylylay, dineje ozun ucin suraymesen gyzlar bolup munjek bolsana kici boljaklay:)
-
mylayym
16 years ago
- wi wiiiiii dur ikinji suratdaky 4 gapyly eken, ol yerde olar nace dushyar bahasy dollarda
-
Harmandali
16 years ago
cendri yokardaky goyan mashynlar iki gapylylay, dineje ozun ucin suraymesen
Hehe senkem 4 gapyly bolanynda-da yokarky 2 gapylydan tapawudy yok :P Gowy goryanlay shonun yaly gomolajyk mashynjyklary :)
-
mylayym
16 years ago
- yok iki gapyly mashynlar owadan bolyar, yone bizde kopcilik bolup munulinde mashyna onundaki otyran adam garshy yerinde turup durmaly bolyar,
onsonam mena shu iki gapyly mashyna munmage gorkjak:) birhili yzynda otyrsan alyp gacmak gaty ansat yaly gorunyar
-
Harmandali
16 years ago
- Haha hiy bir biz yalagy alyp gachjak bolup oturan adam bar yaly edyanay :D Yuzumize seredenlerinden okjesini goteryalera how :P
Onurajik ishe bir adam geldi mark2 diyip yazylgymyka bir mashynda-ha shonun ruluny beyla gechiryalermishinmi maryda (belki tayota-da yazylgydyr bilemok) son ol sheyle diyya “maryskiy auto remont kombinaty 2” diyya. Beylekisem soraya “hany onda 1-njisi nirede?” ol bolsa: “1-njisi Yaponiyada :)”
-
Harmandali
16 years ago
bir hili men agza boldym welin saytynyzyn gyzygy giden yaly boldylay
Agayunus nameler diyyan?! SEn how bizin sahypamyzyn renki! Gorenokmy sen yazmasan yazyanam az barde. Beyle pikir etmesene!
Nemelay indi bu sahypada Agayunusam bar Harmandalem weli Goroglymyz gorunenokla :D
-
Maxat
16 years ago
ol bolsa: “1-njisi Yaponiyada ”
bah marylylar yaponiyada-da açayypdyrlarmy, internetten gözlap görmeli))
-
Maxat
16 years ago
Nemelay indi bu sahypada Agayunusam bar Harmandalem weli Goroglymyz gorunenokla
siz garrap gidaymeseniz ona çenli)))
-
CeriumOxide
16 years ago
- cendrillon!
şol maşynlary toyota, peugeot we citroen bilelikde çykarýalar. ýöne arasynda iň gowysy toyota aygo :D:D:D
smart-yň kiçijek maşynjygyny bilýäňmi? smart fortwo! ekizler üçin kalýaska ýaljak zat :D
-
Harmandali
16 years ago
siz garrap gidaymeseniz ona çenli)))
Way toba etdim adam diyenin bir gowja niyetde bolmaly ahyry! Biz garrasak Goroglam garrarda :)
Ol in sonky mashyn oyunjak mashyna menzeyalay
-
CeriumOxide
16 years ago
Ol in sonky mashyn oyunjak mashyna menzeyalay
aý iňlisleň maşynyda, nämä meňzetseň meňzedibermeli :D:P
ýöne hili gaty erbet däl, sebäbi indi smart "mercedes-benz"-iň öndürýän bir markasy
-
CeriumOxide
16 years ago
- kiçi maşyn gowy görýänler üçin öndürilen bmw
bmw isetta
-
mc_didar
16 years ago
- MAŞYN toyota-DYR MENA toyota-NY GOWY GÖRYAN,ÖZEM toyota corolla
-
CeriumOxide
16 years ago
MAŞYN toyota-DYR MENA toyota-NY GOWY GÖRYAN,ÖZEM toyota corolla
mc_didar | 2008-09-20 12:41:20
men toyoto-nyň sedanlaryndan aurion-y gowy görýän!
-
agayunus
16 years ago
Nemelay indi bu sahypada Agayunusam bar Harmandalem weli Goroglymyz gorunenokla
görogly bolasy gelýän kändir..ýöne gorkýandyrla:D:P..harmandali bir güýç, agaýunus aýra bir güýç indi bu ikisi birleşdi:D:D:D
siz garrap gidaymeseniz ona çenli)))
altynyň-kümüşiň könesi bolmaz, enäniň- atanyň bahasy..asylly agyr gyzlary kümüşe deňeýä türkmenler, kümüş ýaljak gyz diýýäler...biz garramaýas, biz garratýas:)
-
agayunus
16 years ago
- neme...marylylar hool tigiri puržinli tans edýän maşynlary ýasanoklarmaý(telewizorda, ýörite wystowkalarda görkezýälerä, pult bilen bökdirip tans etdirýäler)...tans edýän gyzyl kemri bolsa men aljak:D:D:D
-
cendrillon
16 years ago
cendrillon!
şol maşynlary toyota, peugeot we citroen bilelikde çykarýalar. ýöne arasynda iň gowysy toyota aygo
hava,ceriumoxide,bilyan,,shu uch mashyn shol bir zat diyyaler;men bularyn compaktlygyny halayan,ozem dort gapyly,dort adamlyk,benzinem kop harchlanoklar;
smart-yň kiçijek maşynjygyny bilýäňmi? smart fortwo!
govja mashyn,yone slishkom kichi,ikije yer;smart forfour bar,yone koplench ala-mula,iki renkli,shonsuny halamok;
-
cendrillon
16 years ago
- cabrioletlerden shuny(peugeot 206cc) halayan,yone arkasyna horja iki chaga-da zordan sygjak;
-
cendrillon
16 years ago
- harmandali,gomolojyk diydinmi? :)
fiat 500 chykypdyr,ine bu mashyn baryp yatan gomolojyk,govja,sychanjyga menzeya;
-
cendrillon
16 years ago
- men surat goyup bilemokmykam? ...
-
Maxat
16 years ago
- 1.
2.
3. Nesibe..
-
Harmandali
16 years ago
biz garramaýas, biz garratýas
Haha gowy diydinlay :D Hawa biz garradyas :)
-
CeriumOxide
16 years ago
- range rover gowy görýänler!!! (maxat)
audi a6 station wagon vs. range rovar
şu wideony görsene!
-
ultimatum
16 years ago
- Men ömrimde şuň ýaly samsyk deňeşdirme görmedim.
1) maşynlaryň kategoriýalary bir däl
2) audi a6 garyň üstinde typmagyna drift diýmesin :P
3) onsaňam ýaryşlarda diňe maşynlar däl, sürijileri hem ýaryşýar
4) muň ýaly wideolar nä derejede adalatly
.
.
.
sanasaň sogaby bar.
-
CeriumOxide
16 years ago
1. kategoriýa deň däl!
menem şoňa barmak basjak boldumda, aslynda range rover has köp tork öndürip garda dyzamajak ýaly welin, audiň bir station wagony has gowy performance görkezýär, sebäbi nemes tehnologiýasy, quattro sistemasy bar.
2. audi a6 typğan bolsa onda beğdip öwrülip bilmez, açaçan drifting diýilýä muňa, hemem garyň üstünde
3. munyň dogry
4. ýeke wideo bolsa plan diýip bolmaz, ýöne ýaman känä
-
Maxat
16 years ago
- station wagon bn dal-de audinin suv-ı bn denişdirende-de LR üstün gelmese ejiz gelenok, kommentlerine-de göz aylay
http://www.youtube.com/watch?v=4AVajlyZxCM
neyselay, LR-den vazgeçtim inlislen aston martinisini alayarynlay
-
Maxat
16 years ago
- muna göz aylasana))
bmw x5 vs Classic land rover(50nji yyllaryn LR-si)
http://www.youtube.com/watch?v=01I3tRI8i3c
-
Farabi
16 years ago
- pulum bolsa Dodge Viper almak hyyalym bardy welin sonky döwürlerde dodge viper almak yerine metro ulanyp, BP-den "share" almak has akylly hereket yaly... yangyç gymmatlayar...
-
CeriumOxide
16 years ago
- anha ýene ýalňyşdyň!!!
aston martini menem gowy görýädim, çyndanam owadan maşynlary bar, maserati-ä meňzetýä, garaz maşynlar owadan ýöne hili pes,,,
men videosyny tapsam goýaryn, fifth gear peredaçada gördük, şu sahypaň agzalaryndan nuryhan bilen bile gördük,
maşyny test edip ýörkä motoryň remeny gopdy :D:D:D soň servisine jaň etdiler welin wertalýotlyja gelip oňaran bolup gitdiler, on ýaly lýuks serwis hyzmaty berjegiňe maşynyňy berk ýasa da, bir gün wertalýotlarynyň remeni sypsa bilýänle,,, aý borlaý,,, iňlis we amerikan maşynlarynyň hili pes, badyr arasynda ýek-tük, bentley ýaly saýlanýanlar, ýöne türkleň bir sözi bara"istisnalar kaidei bozmaz"
-
CeriumOxide
16 years ago
muna göz aylasana))
bmw x5 vs Classic land rover(50nji yyllaryn LR-si)
http://www.youtube.com/watch?v=01I3tRI8i3c
Maxat | 2008-09-30 07:54:26
gepleýän iňlis dämi!!! gürrüň öldi!
-
CeriumOxide
16 years ago
station wagon bn dal-de audinin suv-ı bn denişdirende-de LR üstün gelmese ejiz gelenok, kommentlerine-de göz aylay
http://www.youtube.com/watch?v=4AVajlyZxCM
Maxat | 2008-09-30 07:50:49
wideoň aşagynda ýazylan bir jogap!
Yeah right! If Range Rover is such a wondrous SUV, then how come it had many owners and filed for bankruptcy the past decade? Sure Range Rovers do well offroad but are terrible on the streets! A smart SUV buyer looks for versatility on whatever type of terrain.
German SUVs win here easily imho but the Brit reviewer on this clip obviously has to side with the Brit SUV. But who honestly listens to his advise?
-
NuryHan
16 years ago
- salam..howa menem gordum hsol programmany...suryanem ayal mashgala,birden gaz berjek boldy pahyr mashynyn remeni sypaydy...wertelyotly gelen bolup onardylar welin bu bolmaya,AstonMartin in gorkune soz yok,jana diydiryan gorki bar yone mashyn gowy dal,berk dal,ony Angilya da baylar munya ayap saklanya gepin tummegi..getirip bir Ashgabat da munjek bol remeni sypsa shukur edersin yone dwigateli dushaymese..:)shon ucinem gayrat edip Astonmartini owmalin..hatda Inlislerin mashynylaryny owmalin..:)
-
CeriumOxide
16 years ago
- maxat! meň garşyma gidip her sapar bir iňlis maşyna ýapyşýaň özä welin... şu aşakdaka da seredip goýber
Aston Martin V8 Vantage vs Audi R8 vs Porsche 911 Turbo
-
Maxat
16 years ago
- )), aston martinini geçende acun alypdy, türkiyede cem ylmazda we yene 2 adamda barmyşynmy namemi, şon üçin alayjakdym
bah inlisleri nalajedeyin edip goydunuz-da
-
CeriumOxide
16 years ago
martinini
martin-inibolmaly.
seň aklyň martini, bacardi ýaly zatlarda öýtýän :D
-
ultimatum
16 years ago
- Men Top gear görýän, şony halaýan menä...
bu wertalýot meselesi ýaman gülkinçlaý. Şol hyzmaty hemme müşderilerine berýälermikä :D Top fifth.yň tanşy güýçlimi? :D
-
ultimatum
16 years ago
- Aşakdaky 5 maşyn birlikde ýaryşýar. Ýaryş 1Gallon(4.5litr) ýangyç bn kim köp ýol geçmeşek. netijeleri:
Ferrari(1,7mil)
Asron Martin(
Mersedes Mclaren
Lamrborgini Murcielago
Audi R8(4,1mil)
farabi saňa diýýär. If you have been effected by fuel crisis, this is the super car to buy :D (bu varşa dodge viper hem gatnasan bolsa, 1gallon bn masyn otlanmayaram :D)
http://www.youtube.com/watch?v=Z93tcs6Uu28
-
Farabi
16 years ago
farabi saňa diýýär. If you have been effected by fuel crisis, this is the super car to buy (bu varşa dodge viper hem gatnasan bolsa, 1gallon bn masyn otlanmayaram )
men bu yylyn sonynda nebitin bahasyy 200$ töweregi bolar diyip garaşyadym welin by benzinin gymmatlamagy abş-nin edip yören oyny ekeni! hytay yaly yangyja garaşly yurtlaryn ösüşini togtatmak üçin nebitin bahasy bilen oynayan ekeni o ulalyp onarmadyklar.
http://www.youtube.com/watch?v=Z93tcs6Uu28
opecdaki maglumatlara seretsen edil şu wagt 94$-a düşüpdir.
-
CeriumOxide
16 years ago
men bu yylyn sonynda nebitin bahasyy 200$ töweregi bolar diyip garaşyadym welin by benzinin gymmatlamagy abş-nin edip yören oyny ekeni! hytay yaly yangyja garaşly yurtlaryn ösüşini togtatmak üçin nebitin bahasy bilen oynayan ekeni o ulalyp onarmadyklar.
gowy analiz! goşulýan
-
kakabay
16 years ago
- zaparoj bn gyzykyanyn barmy içiňezde.
(näme bolsada pulum yetäyjek maşyn hakda gürrüň etsek diyyan).
-
CeriumOxide
16 years ago
- gowy maşynlaryň arzuwyny etmegem gowylaý zaparoždan :D
-
kakabay
16 years ago
- menä şonam alyp bilemok serik(olam arzuvda)
zaparojam öz vagtynda ferraridyla.indi eşek araba diyyaler oňa(şoň bn indi deňänenoklar)...
-
CeriumOxide
16 years ago
- volkswagen beatle bara, hol "gerbi" kinodaky. şoňa porsche dwigatelini dakýalar, ýeri deň gelýämişin. maşynyň kapotynada beton guýýamyşynlar, maşyn gaýmaz ýaly! :D:D:D
zaparožada bir güýçlije dwigatel dakyp, daş keşbinem tune edip münäýseň krutoýa bolar :D
-
CeriumOxide
16 years ago
- zaparož 968
bularam köne zaparožlar, zaz 965
şu iň aşaky ýaly zaparožym bolsa mini cooper-e gözümem ilmez :D:D:D
-
ultimatum
16 years ago
- Suzuki kizashi, konsept masyn. yaman gowy dizayn edilipdir. 2007.nji yylda frankfurtda serga cykaryldy. 2010njy yylda ondirilmage baslanjak, ondiriljek masynyn gornisi hem sundan kan tapawutly bolmazlygyna garasylyar. 300 at guyji, 3.6 DOHC v6 motorly
-
Komendant
16 years ago
- Güýji pesräk ekeni. 450 at güýji dagy bolsa da. Ýaryş maşyny etse bolardy.
-
ultimatum
16 years ago
- komendant seň bilen 301 bolýar :D
-
CeriumOxide
16 years ago
- ultimatum!
ýok 300 at + eşek güýji bolýar
-
CeriumOxide
16 years ago
- 300 at + 1 eşek güýji
-
Komendant
16 years ago
- agşamlaryna bir özüm erbet işler bilen meşgullanýan CeriumOxide | 2008-10-03 23:21:29
Bäh...
-
CeriumOxide
16 years ago
- komendant!
men samsyk sen pahyra indi düşünýän!
seň ýa şizofrenik keseliň bar ýada sen paranoid. neressejik!:(
-
Komendant
16 years ago
- Seniň günäleriňiň geçimegini dileg edýärin.
-
kakabay
16 years ago
- serik zaparoj hakda govja suratlar goyupsyň sagja bol.yöne soňky ikisi zaparoj däl,birisi forda meňzeyar beylekem köne bmv(39-50 yyllar arasynda) modellerine meňzeyar...
men bir arzuvym, hovlumda bir gözellik berer yaly , köne maşyny peredelka edip goymak.köpden bäri pikir edip yören avtomobilim "POBEDA"...
-
kakabay
16 years ago
- buda vystavkadan alnan surat.(peredelka edilşi gövnüme yarady)
-
kakabay
16 years ago
- elbetde biziň yollarymyza bolmaz.yöne men bu derejede-de peredelka etdirip bilmerin.yöne esasy motor ve salony-ny üygetmek.
bilşiňiz yaly köne sovetskiy avtomobilleriň köpüsünüň kuzovy yuka bolansoň ,2 yada 3 motor goyup bolanok(yolda gidip baryakaň kuzovlary uçup gider).yöne volga ve niva bulaň ikisiniňde kuzovy galyň şol sebäpdende bularyň motorlaryny degiştiryaler vagtyň geçmegi bn.elbetde şolardan başga biriside pobeda munuň kuzovy tankyň kuzovy bn deňäbä biljek däl(yöne şondana ejizem däl).
-
CeriumOxide
16 years ago
- ýok kakabay, bmw-de däl, ford-a aslada däl.
ýöne eýesi fordyň emblemasyny ýelmäpdir, kak butdo ford ondan gowy ýaly :P
ýöne iňlisleň köne mini-lerine meňzeýä azyjak, ýöne olam däl.
hakyky zaz 965. "meniň atym meleguş" kinony gören bolsaň şol ýerde Altyň agasynyň maşyny bara, kapotdan towuk çykýan :D şol maşyn şol,
zaz 965!
buda iňlisleň köne minisi(tuned)
the bourne identity(geçmişi olmaýan adam) filminde sygan gyzyň maşyny ;)
-
CeriumOxide
16 years ago
- aşakdaky suratlaram oňarylan gaz 21-ňki. orslaň bmw m6 konkurenti :P:D
birem orslaň "russo baltique" maşyny gowy, ýöne diňe oligarhlar alyp bilýä, sebäbi bahasy 500.000 euro töweregi bir zat.
russo baltique
-
Komendant
16 years ago
- Geliň kiçiräk (ýagdaýyňyz ýetýänräk) maşynaryň gürrüňizi edeiň. Mysal üçin, Toyota Corolla, Toyota Auris, Nussan Tiida... Nissan BMW-3. Haýsysy gowy.
-
kakabay
16 years ago
- Maybach Exelero İLKİ BAŞDA DİňE avtomobil pakryşkalary reklama etmek üçin düzülen,indi bolsa satyşa çykaryldy...
maybach avtomobil, yeketäk ekzemplyary üçin €5 000 000 ya $7 843 000. exleronyň maybach 57s bazasynda yasaldy.v12 tvin-turbo dvigatelli,700 at güyjile, maksimum tizlikle 351 km\s çykyar,100 km\s 4,4 sekuntda çykyar.
Maybach Exelero avtomobili ilkinji gezek berlinde görkezildi.soň italiyada maksimalnyy 351 km\s tizligini görkezipdi.
-
ata
15 years ago
- UK-da maşyn örän arzan, ýöne onuň gapdalyndaky tölemeli zatlary (Rod Tax, MOT, Insurance we ş.m) hem-de benzini/ýangyjy örän gymmat bolýar.
Maşyn arzan bolany üçinem, Türkmenistandan goşmaça böleklerini/parça satyn alyp, söwdasyny etmek isleýänler çykýar.
Bärde rol sag tarapda, ýöne böleklere bölseň, kän bir tapawut etmeýän bolmaly. Bärde skraplar bar. Maşyn kämahal bir gezek çakyşsa ýa , umuman, motory we ş.m. wajyp şaýy/bölegi gitse göni "Maşyn skraba", ýagny, maşyn zyňylýan ýere tabşyrýalar. Ol ýerde-de gerekli şaýlaryny saýhallap, onuňam söwdasyny edýäler arzanrak baha bn.
-
ata
15 years ago
- BIrem, Dubai-den maşyn getirýälerdi öňler. Bu häzirem dowam edýän bolmaly, ýöne diňe sag rolly maşynlar we bölekleri geçýär öýdýän.
Bu barada youtube-da bir wideo gördüm. Bilýän zatlaryňyzdyr uly ähtimallyk bn, ýöne ýene-de ony siziň bn hem paýlaşmak isleýärin:
PS: Ýokardaky wideony men youtube-dan görüp bilýän, ýöne bärde görkezzenok öýdýän. Şoň üçinem, Dubai-dan getirilýän maşyn(lar) atly ýere seredäýiň!
-
ata
15 years ago
- ha-ha, Agamyrat, sen bir ýerden linki göni alyp, bu ýere ýelmeýäň öýdýän?!
www.imageshack.us ýa http://www.photobucket.com ulanaňok öýdýän. Men 1-nji ulanýan we saýlamda "resize" edýän surat, ýogsa ýokardaky başky 2 suratyň ýaly uly çykýar.
Gowja maşyn ekeni :D
CeriumOxide 16 years ago- maxat! meniň tarapyny tutýan maşynym germaniýada diňe opelden öňde, a sen bolsa angliýaň we amerikaň iň abraýly maşynlaryny aýtýaň!!!
şonda da volkswagen şolardan gowy :D:D:D