Inçejik plastik içligini saklaýan kagyz çüýşäniň prototipi Daniýanyň Paper Bottle Company (Pobaco) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Onuň esasy maksady gazlandyrylan içgilerden gazyň syzmagynyň öňüni alyp biljek plastiksiz 100% gaýtadan işlenýän çüýşäni döretmekdir.
Çüýşe düzüm bölekleriniň suwuklyga düşmezligi üçin ýeterlik derejede berk bolmaly, sebäbi bu içginiň tagamynyň üýtgemegine we howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagyna getirip biler. Çüýşäni taýýarlanda Pobaco ony döretmek üçin zerur bolan kagyzyň maýyşgak bolmalydygyny göz öňünde tutdy – bu dürli brendler üçin dürli görnüşli we ölçegli çüýşeleri öndürmäge mümkinçilik berer.
Kompaniýa çüýşäni şu tomus synagdan geçirmäge taýýar. Tejribä ilkinji gatnaşyjy Coca-Cola bolar, ol Adez içgisini Pobaco-dan iki müň çüýşä guýar. Olar Wengriýadaky ownuk söwda ulgamy arkaly ýaýradylar.
Öň, Coca-Cola, PepsiCo we Nestle-niň planetany plastik bilen hapalamak boýunça dünýä lideri bolandygy habar berildi. 15 müň töweregi meýletinçi 55 ýurtda taşlanan plastmassany tapyp, onuň düzümini seljerdiler. Coca-Cola önümlerinden galyndylar 55 ýurduň 51-sinde ýüze çykaryldy.




Ceshme: tmcars.info

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir