Salam hormatly sahypamyzyn myhmanlary we agzalary... yazjak yazgymy yazmaga utanyanam welin yenede gynanç bilen yazmaly bolyan... yazjak yazgym esasanam türkiyede okayanlar bilen baglanşykly... şu gün tmaydym.com sahypasyndan türkmençe aydymlaryny dinlap otyrkam bir yazgy gördüm... "Bu aydymy indirmek ucin tyklan" :( bu yazgyny yazan utansyn... bu yazgyn yarysy türmen dilinde, yarysy türkçe... mena yaman erbet gynandym muny okap... öz ene dilimizde doly yazyp bilmeyişleri men ucin gynançly... Sizin üçin nahilidigini bilemok...
Türkmençe bilmeyan türkmen oglanlar
-
CeriumOxide
16 years ago
- umuman dogry tema emma berilen mysala goşulammok!
Bu aydymy indirmek ucin tyklan
bu ýerde gaharyňy getiren sözler "indirmek" we "tyklaň" bolsa gerek. internet bizde täze bir zat bolanlygy üçin internetde ulanlylýan sözler bizde kemçilik etýär we täze sözler döretmäge mejbur bolunýar.
"indirmek" - türkmençede de ulanylýan bir söz.
"tyklamak" - bu da türkmeçede ulanylýar, işigi kakaňda eliň bilen işige tyklatýaň, basýaň.
umuman bu sözler üçin hä adam günäläp bolmaz, emma käbir ýagdaýlarda seniň aýtýanlaryň dogry bolup bilýär!
-
CeriumOxide
16 years ago
Gynansagam turkýada okaýan oglanlar, gyzlar hem-de firmalarda ishleyanler turkmen dilini arassa bilenoklar diýip çekinmän aýdyp bileris.
meseläni umumylaşdyrmak gaty ýalňyş, we türkmençe arassa bilenok dälde türkmen diline türk dilini gatyp gürleýärler!
bula hiç, käbirleri bar, türkmençe sorag soraýaň welin rusça jogap berýärler, şol wagt maňlaýynyň ortasyna doňduraýasym gelip gitýä... olar ýalylaryň köpisi dowlet edaralarynda halk bilen gatnaşykly ýerlerde işleýär, eger rusça bilmeseň işiňi Alla bitiräýmese bitirip bolanok, sebäbi olary türkmençe gürletmek ussatlyk talap etýär, iň nejis tarapy hem olaryň köpisi türkmen!
-
ultimatum
16 years ago
Gaty ýerlikli gozgalan mesele. Gynansagam turkýada okaýan oglanlar, gyzlar hem-de firmalarda ishleyanler turkmen dilini arassa bilenoklar diýip çekinmän aýdyp bileris
Teshnewi dost menem Türkiýede okaýanlaryň biri. Ýöne menem türkmen dilini sençeräk bilýanligime ynanýan...
-
ultimatum
16 years ago
- Uly söze toba.
Yöne seň beý diýmäň-ä bolanok...
-
kakabay
16 years ago
Gaty ýerlikli gozgalan mesele. Gynansagam turkýada okaýan oglanlar, gyzlar hem-de firmalarda ishleyanler turkmen dilini arassa bilenoklar diýip çekinmän aýdyp bileris
nämüçün çekinmän aydyp bilersiň...studentlerimize
türkmen dilini bilenoklar diyip özüň garym-atym edip baryaňla dost...
-
kakabay
16 years ago
- gayrad ediňde adminler şu mowzugy yapsaňyzla.beydip namysa degip başlasalar,dava boljak.
her kim teshnewi ya engineerboydan özüni pes göryandäldirä...onsoňam engineerboy bolana görä nikiňi türkmençe yazaymaly ekenä beydip bizden utanyp durandan...men senden utanyan...
adam pahyr 5 manat diyip öz öyüni taşlap gaydyar.sen bolsaň yzymyzdan gürrüň eden bolyaňmay ,öz ene dilini unutdular diyip...şonyaly utanyan bolsaň okamada,ya seni zorluk bn okadyalarmy....
-
Komendant
16 years ago
- Türkçe garyşdyryp gürlenilýäni, ýazylýany dogry. Munuň üçin günäkärlämok. Bu bolaýjak zat. Köpüň içinde dil täsir edýär. Ýöne Türkmenstana gelip, saplanjak boluň.Özümizde-de söz ýeterlik. Islän duýgyňy beýan etse bolýar. Dilimiz garyp däl.
-
teshnewi
16 years ago
- komendant halypa sag bolsun aýdýan.
bu mesele kabir ýaşlaryň çetine degene meňzeýar. eger şeýle bolsa jemgyýetimiziň iň wawaly meselesine biperwaý däldigiňize ynam edip bolar.öteräk geçen bolsam meni bagyşlamagyňyzy haýyş edýan.ýöne gynansagam hakykata göni seredip bilmegimiz zerur.
men yeri gelende kakabaý dostumyzyň meni 'student' sözüni ulanandygym üçin ýazgarýandygyny duýup ol barada iki söz ýazman geçip biljek däl.gadyrdan dost,men ol sözi ýörite ulandym.sebäbi 'talyp' dünýa ýüzünde eýmendiriji äheňde ulanylýar.ene atalaryň halkymyzyň ýolbaşçylarymyzyň biziň geljegimize uly umyt bilen garalýan zamanamyzda beýle tegmilli ady almak ondada türkmen sözi bolmadyk şu adalgany götermek dogrusy hem utandyrýar hem-de kemsindirýar.onuň deregine halkara sözi bolan 'student' sözüni ulanmak bolsa buýsandyrýar.
sag boluň
-
teshnewi
16 years ago
- Ähliňizi ýetip gelýan täze okuw ýyly bilen gutlaýan. okuwlaryňyzda, işleriňizde üstünlik gazanmagyňyzy arzuw edýän.şol san-da talyp ýaşlar (studentler güni) güni bilen hem gutlaýan.talyp (student)däl ýaşlaryň hem gününiň bolmagyny arzuw edýän.
-
nargilasha
16 years ago
- sag bol teshnewi gowy arzuwlaryn ucin!
-
ultimatum
16 years ago
sebäbi 'talyp' dünýa ýüzünde eýmendiriji äheňde ulanylýar.ene atalaryň halkymyzyň ýolbaşçylarymyzyň biziň geljegimize uly umyt bilen garalýan zamanamyzda beýle tegmilli ady almak ondada türkmen sözi bolmadyk şu adalgany götermek dogrusy hem utandyrýar hem-de kemsindirýar.
Dost ol söziň nämesi eýmendiriji? Nämesi kemsindirýär ol söziň? Azajyk düşnikliräk gürlesene...
-
kakabay
16 years ago
men yeri gelende kakabaý dostumyzyň meni 'student' sözüni ulanandygym üçin ýazgarýandygyny
sen meni azajyk yalnyş düşünme ,men seni yazgarmak üçün yazamok ol sözü...yöne beyleki özüň yaly türkmenlere azar bermesene diymek bn yazdym.
sen "talyp" sözü eymendiriji görşüň yaly şu yazgylaň bn özüňi eymendiriji görkezyaň dost...
-
garabekewul
16 years ago
- talyp-- sozi nahili eymendiriji bolup biler?ya da owgwnystandaky talybanlary goz onunde tutup aydyanmy?yada dini ugurda aydylyshy yaly talibe sozi b/n deneshdiryanmi?beyle bolsa shu saytyn yolbashcylaryna hem aydaymaly eken- ,talyplar com, adyny uytget diyip,,,,, basga nahili soz ulanyp bileris bu sozun yerine-- studentmi,ogrenjimi,okuwchymy,shagirtmi,mollamy,murtimiozuma shol ada eye bolup goterip bilaysem basga arzuwym yok!!
-
Komendant
16 years ago
- Ownukçyllykdan daşda boluň.
Akyl satamok, mugt berýän.
-
cashif
16 years ago
- türkmen dilini ulanmagy biri birinize maslahat berin yöne biribirinizin göwnüne degman. Menem akyl satamok mugt beryan hatda ustune pulam beryan alana....
-
Komendant
16 years ago
- Beýle bolsa köpräk maňa bersene. Puly nähili ugratjak.Akylyňy internetden alaryn. Sözüňde durýaňmy?
-
teshnewi
16 years ago
- hormatly deň duşlar agraslygy elden bermäliň. Bärde degişmek üçin ýa-da göwne degişmek üçin wagt ýitirmäliň. magtymguly atamyz' bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme' diýmeýärmi näme.
geliň sylag hormatam elden bermäliň.biz bizden soňkulara görelde bolalyň. ulus ilimiz, dogduk topragymyz bilen baglanyşykly meselelere gezek gelende payhasly bolalyň.
indi, yokarda käbir ýoldaşlarymyzyň belliklerine seslenmekçi.
'talyp' sözi barada elbetde owganystandaky ýüz beren wakalarda ýakasyny tanadan talybanlary göz öňünde tutýan.
meniň pikirimçe türkmençeleşdirjek bolup azara galman halkara student sözüne dolanmak dogry bolarmyka diýýän.sebäbi ozal hem halkymyz tarapyndan giňden ulanylan bir sözdir.galybersede dünýewi okuw jaýlary biziň jemgyýetimize soň , sowet döwründe gelip goşuldy. student sözi hem şonuň bilen birlikde geldi. edil mehanik, injiner,maşynist ýaly...
gadyrdanlar men barde dilimizi garm gatym etmäliň diýýän.ynha tema sözüniň deregine mowzuk sözüni ulandylar.ýerleşmedi ýenede tema sözüne gaýdyp gelindi.aýlaryň atlaram muňa bir mysal. şonuň üçin ata baba 'il oňlasa atyňy söý' diýýär. il oňlar ýaly iş etmelimikä diýýän.
bu meselede dilçi alymlarymyza kän iş düşýar. edil käbir yurtlardaky ýaly dil bilimini öwrenýan ýörite inistitut döredilmeli(TDK-türk dil kurumu ýaly) eger bar bolsa özüni görkezmeli wagt gelip ýetdi.
çala sowatlary bu işiň golaýyna eltmeli däl.bu örän möhüm. sebäbi hemmämiz munuň gözli şaýatlary bolduk.traktora - tartar , kassir -pulcy , jurnalist-galamgär , diýilşi ýaly.
sag boluň
-
Komendant
16 years ago
- Çynymy aydyan, bärde oyun ya gahar yok. Yanyndan pulam bercek bolsa, näçe diyse akyl almaga tayyar.
Görýäňmi, pulam berjek diyen boldy-da zut gaçdy indem.
-
jankaka
16 years ago
- onda rusca gurlap turkmence bilmeyan rayatlarmyza name diymeli
-
kombat
16 years ago
- rusça gürleýän türkmenler diýse bolar.
ejesi-kakasy rusça gürlän türkmen çagasynyň belki günäsi ýokdur.
-
jankaka
16 years ago
- men guna sogap hakynda gurlamok turkmence hakynda gurleyan ejesi kakasy name ucin turkmence gurlanoklar ya kabir masgalalar duybunden rusca gurleyarler turkmence gurlemek namys mexselesimis muna name diyjek
-
kombat
16 years ago
- sözüň giň manysynda alada eder ýaly zat ýok.
dar manysynda - bu eýesine keýp berýän borly.
-
bond
16 years ago
- kombat bolya chata menzesh bloga gir.
-
Adybeg
15 years ago
bu ýerde gaharyňy getiren sözler "indirmek" we "tyklaň" bolsa gerek. internet bizde täze bir zat bolanlygy üçin internetde ulanlylýan sözler bizde kemçilik etýär we täze sözler döretmäge mejbur bolunýar.
"indirmek" - türkmençede de ulanylýan bir söz.
"tyklamak" - bu da türkmeçede ulanylýar, işigi kakaňda eliň bilen işige tyklatýaň, basýaň.
umuman bu sözler üçin hä adam günäläp bolmaz, emma käbir ýagdaýlarda seniň aýtýanlaryň dogry bolup bilýär!
CeriumOxide | 2008-08-27 13:40:34
cerium aga mena seni iki ellap goldayan ...
elbetde türkmençan arasyna türkçe gatyanlar bar ...
eger muny yazgaryan bolsanyz esasanam şu berilen mysaldaky tyklamak yada indirmek sözlerinin yerine başga yüregimize jünk bolyan sözler aydaymaly ekeninizda engineerboy?
wah süyde sine seretsen gara görüner diyyan, beydip düybini deşip otyranynyzdan, eger hakykatdan da utanyan bolsanyz yalnyşy düzeldin ...!!! bu yalnyş diymegi menem başaryan
teshnewi 16 years ago- Gaty ýerlikli gozgalan mesele. Gynansagam turkýada okaýan oglanlar, gyzlar hem-de firmalarda ishleyanler turkmen dilini arassa bilenoklar diýip çekinmän aýdyp bileris.Munuňam düýp sebäbi türkmen dili bilen türk diliniň birbirine ýakynlygyndan bolsa gerek.Eger şeýle bolsa onda näme turkmenistanda işleýän türklerde beýle mesele duýulanok diýip mesele goýup bileris.(elbetde hemmesi däl) Meniň pikirimçe munuň sebäbi olar öz dillerini kamil bilýarler,bolmanynda kän okaýarlar onuňam täsiri elbetde öz dillerini unutmazlyga,garjamazlyga itergi berýär. Biziň studentlerimize gazek gelende olar türkmençe az okaýarlar,okaýyn diýenlerinde de ýaşlaryň ünsüni özüne çekip biljek materýal ýok diýerlik derejede az. Bizden ozalky nesiller hem rus diliniň täsirinde şuňa meňzeş ahwaly başdan geçirdiler.Elbetde bu tendensiýa olarda mejburylykdan hem-de zerurylykdan amala aşyryldy. Häzirki ýagdaý bolsa başga. Häzir köpçülikleýin ýaltalykdan hem-de ýeterlik derejede bilimli dilçileriň ýoklugyndan.Köpçülikleýin ýaltaçylyk diýilende alymlar, dilçiler iş geçirmeýärler,ýazyjylar "aýgytly ädim, ykbal " ýaly çeper eserleri ýazyp bilmeýärler azda-kände bir zat ýazýanlaryňam söz baýlygy gaty çäkli(bu barada prezidentimizem belläp geçipdi)okuýjylar,esasanam ýaşlar ene dilimizde az hem bolsa ýazylanja zatlaram okamaýarlar. Her kim aňsadyna kowalaşýar.
Men şu ýazgyny ýazmazymdan öň bir dostuma bu barada pikirini aýtmagyny haýyş etdim. Onuň jogaby nagt boldy.-Globallaşýan dünýäde mundan halas bolup bolmaz. Şonuň üçin garyndaş dilleriň hasabyna dilimizi baýlaşdyrmak gerek - diýdi. Men onuň bu pikirini goldamadym. Sebäbi türkmen dili başga dilleriň hasabyna baýlaşmaga mätäç däl diýip hasap edýan. Ahli studentleri galybersede bütin halkymyzy dilimizi kamil öwrenmäge şeýle-de ony ösdürmäge goşant goşmaga çagyrýan.Esasanam tehnologiýa asyrynda türkmen dili öz mynasyp ýerini tapmalymyka diýýan.
SAG BOLUŇ