Öz pikiriňi gazapsyz we ynamly goramagyň düzgünleri: Ilki bilen özüň näme işleýänligiňi bil we öz pikiriňi açyk aýt.

Ýatda sakla! Eger-de sen näme işleýänligiňi anyk bilmeseň, saňa täsir etmek aňsat bolar.

+Diňe "Ýok" diýip boýun gaçyr!
+Boýun gaçyr we git: "Men islämok. Men öýe gitmeli".
+Boýun gaçyr we deregine başga bir zat teklip et: "Meň pikirimçe bu gowy pikir däl. Gel gowusy......"
+Boýun gaçyr we minnetdarlyk bildir: "Ýok, sag bol".
+"Lenç edilen plastinka" usuly - boýun gaçyrýanlygyňy gaýta-gaýta aýdyber: "Ýok", "Sagbol, ýok", "Men islämok diýdim ahyry".
+Boýun gaçyr we gürrüňi başga tema geçir: "Ýok! Gowusy meň sana aýtjak zadymy diňlesene".
+Öz garaýşyňy, gürrüňdeşiň haýyşyna ýa-da talabyna jogabyňy sypaýyçylyk bilen beýan et. Mysal üçin: "Ýok, sag bol. Men islämok.....".
+Goldaw üçin beýlekilere ýüzlen: "Muny etmeseň gowy bolar. Şeýle dälmi oglanlar?".
+Gürrüňdeşiň duýgularyny nazarda tut we sarpa goý, minnetdarlyk bildirmegi unutma: "Teklibiň üçin sag bol, ýöne...."
+Öz garaýşyňy düşündir, öz islegiňi ýa-da duýgyňy delillendir. Mysal üçin: " Besdir! Ýene-de bir gaýtalasaň onda....."
internet sahypalaryndan toplan:Yusup_Durdyyevv

Täzelikler, ™Serdar™ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir