Şahyr ýüregi
Şahyr ýüregi
Şahyr wasp edýandir dagy-düzleri,
Gözel tebigaty bahar-ýazlary,
Manylydyr her bir ýazan sözleri,
Ylhamyñ dünýäsi şahyr ýüregi.
Şahyr ynsan diñe sada bolýandyr,
Ýüregide päklik diýip urýandyr,
Gözellik yşkynda ylham gelýändir,
Gözellik dünýäsi şahyr ýüregi.
Şahyryñ kalbynda gözel duýgy bar,
Şol duýgy äleme mähirlik çaýýar,
Kalbynda mylaýym sazlaryn çalýan,
Mähirden doludyr şahyr ýüregi.
Ylham gelse ýazar kalplary joşup,
Ummanlarda boýlap barýar küregi.
Bu dünýäniñ iñ owadan ýerlerin,
Wasp edýändir diñe şahyr ýüregi!
Perizat
Zeminiñ gözelligi sende jemlenen,
Baky kalbymyñ sen soltany aýy.
Söýgi maña diñe sen bilen gelen,
Sen ýaly periniñ tapylmaz taýy!
Dünýade ýekatek gözel perisiñ.
Zeminiñ owadan mähir duýgusy.
Meniñ üçin bu dünýade ezizsiñ,
Ezizdir şol gözeliñ maña söýgüsi!
Adyñ bir asmandyr özüñ bir peri,
Altyndan owadan gülleriñ zeri,
Seniñ bilen gözel bu alem ýeri,
Söýýarin şeýlebir owadan gyzy!
Taryplasam dillerimde soñy ýok,
Sen bilen ýüregim janym mydam dok,
Gozel ýylgyrşyñ bilen maña bir gez bak,
Aklym ýitirýarin görsem şol gyzy!
Bile bagt ýollaryndan gideli,
Bagt sozun manysyny açaly,
Uzak yerlerimize bile gaçaly,
Ýüregimiñ saýlany söýýän şol gyzy!

Düzen: Nurgeldi Ilgeldiýew

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir