Boş sallançak hallan atýar şemala,
Bu öýde gopýardy hazanyň ýeli.
Uwlaýar ol aglaýan deý hamala,
Çagasyz galanna enäniň eli.

Ene adamlardan haraý gözleýär,
Diýýän deý:”-Gaýtaryp beriň balamy.”
Olar bolsa gözýaşyny gizleýär,
Aňsatmy diňlemek beýle nalany.

“Oýanaýda,balam,oýanaý,balam,
Sen biçäre eneň bagryn suw etme.
Uka gitmek bormy heý bunuň ýalam?
Turaý balam,oýan balam,köp ýatma.”

Ene bozlasada ýeri bagyrtlap,
Oýanmady,çaga ümsüm ýatyrdy.
Bogazlarna dolan ýaşyn owurtlap,
Adamlar alaçsyz dymyşyp durdy.

Ýowuz hakykatyň ajy gözýaşy,
Adamlaryň gözlerinden akýardy.
Agy gatyşykly ,Enäň nalyşy,
Barha-barha,has aýylganç çykýardy.

“Oýanaýda,balam,oýanaý,balam,
Sen biçäre eneň bagryn suw etme.
Uka gitmek bormy heý bunuň ýalam?
Turaý balam,oýan balam,köp ýatma.”

Ata balasyny gujagna alyp,
(Gözlerniň owasy gözýaşdan doly),
Mejalsyz,aýagnyň üstüne galyp,
Ugrady,nazarlap ol soňky ýoly.

“-Äkitme balamy,äkitme zalym.”
Ene laçyn bolup oňa topuldy.
Ata pyşyrdady:”Bah,eziz balam.”
Ene büdüredi,ýere ýykyldy...

Yzyny ýazmaga ýetmez mejalym,
Besdir,örtemäýin indi çen boldy.
Edehedi şeýle zalym ajalyň,
Balasyn Enäniň elinden aldy.

Boş galan sallançak çala yranýar,
Daňdan öwsen pessaý-mymyk şemala,
Uzaklardan ene hüwdüsi gelýär,
Düýnki zatlar bolmadyk deý,hamala.

Azat Nurgeldiýew.

Çeşme: Saýlanan.ru

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir