Rezus-faktor ýa-da Rh - Halkara Transfuziologiýa (gan bermekligi öwrenýän ylym) Jemgyýeti (ISBT) tarapyndan ykrar edilen 36 gan topary ulgamynyň biridir. AB0 ulgamyndan soň kliniki taýdan iň möhüm ulgam bolup durýar. Bu at ony rezus makaka (bengal makakasy) atly maýmynlardan tapylandygy üçin goýulypdyr. Ony ilkinji gezek 1940-njy ýylda K.Landeşteýner we A. Winer tapýarlar.

Rezus-faktoryň D, C, c, E, e ýaly görnüşleri bolýar. Bu faktoryň antigenleri eritrositlerde saklanýar, ýagny gan plazmasynda bu faktor ýok. Eger-de adaamlaryň eritrositlerinde Rh saklanýan bolsa, onda oňa Rh+ (pozitiw) diýilýär. Eger-de ýok bolaýsa rh- (negatiw) diýilýär. Rh+ rh- basyp ýatyrýar, ýagny agdyklyk ediji Rh+. Rh+ genotipi: ++ ýa-da +- bolup biler. rh- bolsa: -- bolup biler. Adamlaryň 85% rezus faktor antigenini saklaýarlar. Esasan hem akýagyz adamlar Rh+. 15% rh- bolup, olar esasan garaýagyz adamlar.
Rh+ adamyň ganyny rh- goýulsa, gemoliz (eritrositleriň mürşermegi) bolýar.
rh- adamyň ganyny Rh+ guýulsa kadaly. Gan topary aýdylanda AB0 sistema bilen birlikde rezus faktor hem aýdylýar: A+(II gan gruppa Rh+), 0- (I gruppa rh-).
Nesle geçijiligi:
1. Eger-de ejesi rh- kakasy bolsa Rh+ çaga Rh+ bolup dünýä iner. Ýöne şeýle maşgalada 1-nji çaga we göwrelilik kadaly bolsa-da, 2-nji göwrelilik wagtynda düwünçegiň eritrositleriniň ýelmeşmegi sebäpli ölmegi bolup bilýär (fetal eritrositoz). Sebäbi: eneniň göwresindäki çaganyň Rh+ eneniňki rh-. Çaganyň ganyna rh- antigeni düşýär. Soň bolsa Rh+ enäniň gana düşýar we beden oňa garşy antibeden işläp çykarýar. Ýöne şonda-da 1-nji görelilki kadaly we çaga sagdyn bolýar. 2-nji görelilikde bolsa, enäniň öňki ýatda galan antibedenleri düwünçegiň ganyna düşüp eritrositleriň gemolizini ýüze çykarýar we netijede çaga ölýär. Eger şeýle maşgalalar çaga dogurmak isleseler lukmana ýüz tutmaly, gan çalyşyp durmaly we 1-nji göwrelilikden 8-10 ýyl geçen bolmaly.

Bilim, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir