Türkmenistanda internet hyzmatlaryny üpjün edijilerçäklendirilmedik öý üçin internet nyrhnamasynyň bahasyny arzanlatdylar. Nyrhmeýilnamalarynyň üýtgemegi şu gün “Turkmentelekom” we AŞTU telekommunikasiýakompaniýalarynyň resmi internet sahypalarynda habar berilýär.

Indi çäklendirilmedik öý üçin internet nyrhnamasynyňaýlyk bahasy 256Kb/sek tizlik üçin 100 manat, 512Kb/sek üçin 150 manat,1Mbit/sek üçin 170 manat, 2Mbit/sek üçin 200 manat boldy.

Ozal çäklendirilmedik öý üçin internet nyrhnamasynyňaýlyk bahasy 256Kb/sek üçin 150 manada, 512Kb/sek üçin 250 manada, 1Mbit/seküçin 300 manada, 2Mbit/sek üçin 350 manada barabardy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowşenbe güni geçiren iş maslahatynyň dowamynda wise premýer Baýramgeldi Owezowailata hödürlenýän Internet hyzmatlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlaragaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterlibolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

"Türkmentelekom"kompaniýasy 1993-nji ýylyň 7-nji aprelinde döredildi. Onuň dolandyryşmerkezi Aşgabat şäherinde ýerleşip, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaşahamçalary bar.

TürkmenistanyňPrezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde kabul eden karary esasyndaAşgabat şäher telefon ulgamy döwlet kärhanasynyň binýadynda, ‘’Aşgabat şähertelefon ulgamy’’ ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.

business.com.tm

Täzelikler, umitkhann tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir