Köpleri haýrana goýýan dünýädäki owadan derýalaryň biri bolan Aragwi derýasy Gruziýanyň çäginden geçýär. Bu derýa öz gözbaşyny Kawkaz daglaryndan alyp gaýdýar. Geň galdyrýan ýeri derýadan iki reňkli suwuň akmagydyr. Aragwi derýasy iki şaha bölünip, biri Tetri Aragwi (“Ak Aragwi”), beýlekisi bolsa Şawi Aragwi (“Gara Aragwi”) diýlip atlandyrylýar. Bu derýalar Gruziýanyň Msheta-Mtianeti welaýatynyň Pasanauri şäheriniň golaýynda birleşýärler. Şol sebäpli hem, bu ýere her ýylda müňlerçe syýahatçy baryp görýär. Syýahatçylar bu ýerde birleşýän, emma suwlary goşulmaýan Ak Aragwi we Gara Aragwi derýalaryny haýran galmak bilen synlaýarlar. Derýalaryň goşulýan ýeri “Mtkwari” diýlip atlandyrylýar. Iki derýa goşulandan soňra onuň ady diňe Aragwi bolýar. Derýanyň uzynlygy 112 km-e deň bolup, suwda gezelenç etmegi halaýanlaryň üýşýän ýeridir.
Bu derýalaryň suwunyň birleşenden soňra hem goşulman, iki reňkli bolup akmagy köpler üçin täsin zat bolup görünýär. Alymlar munuň sebäbini her akabanyň suwunyň durulygynyň, dykyzlygynyň, ýylylygynyň we elektrik geçirijiliginiň tapawutly bolmagy bilen düşündirýärler. Şol sebäpli hem bu derýalar birleşseler-de, ep-esli aralyga çenli suwy garyşman akýar. Has täsin ýeri bolsa, derýalaryň suwunyň akyş tizligi hem deň däldir.
Ýeri gelende aýtsak, iki görnüşli suwuň goşulman durýan ýerleri başga-da köp gabat gelýär. Emma olaryň köpüsi derýalaryň deňze guýýan ýerlerinde bolýar. Sebäbi dag gerişlerinden gyrmançalary alyp gaýdýan derýanyň süýji suwy deňziň dury hem-de şor suwuna aňsatlyk bilen garyşmaýar. Şeýle ýerlerde mele hem-de gök reňkli suwuň tapawudy has aýdyň görünýär. Emma Aragwi derýasyndaky ýaly akar suwuň birikmeýän ýeri gaty seýrek duşýar.
Suwy garyşmaýan derýalar
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- @Leilam sps
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @mekaaan bora senemmi sen bir goyaida leila diy leilajan diy leilam bir diyme xaz5mindan sen bln soyushya diya bular
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- @Leila bolya
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- @Leila siz ýalňyşmasam güniňiziň köp bölegini talyplarda geçirýämikäňiz diýýän, dogrumy
-
BeZZaT.
3 years ago
- Mekannnn akyllyja bol janam diyme😠😠😠
-
BeZZaT.
3 years ago
- 😅😅😅oyun etyan
-
BeZZaT.
3 years ago
- Chat bolupdyra bari
-
loveee_@
3 years ago
- ++++
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @mekan hoa gou etyan gerem xixixi
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @bezzat dijegni diyip oyunetyan dip sypyanda
Arslanova.L_05 3 years ago- +++like