Italiýanyň “Milan” klubunyň hüjümçisi Zlatan Ibrahimowiç ýurduň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda “Krotone” bilen geçirilen duşuşykda iki pökgini öz adyna ýazdyryp, dubl etmegi başardy. 39 ýaşly şwesiýaly oýunçy bu duşuşykda klub karýerasy boýunça ähli ýaryşlardaky 500-nji we 501-nji gollaryny, şol sanda "Milan" üçin 83-nji goluny tora girizdi.

Mundan ozal Ibrahimowiç "Malme" (18 gol), "Aýaks" (48), "Ýuwentus" (26), "Inter" (66), "Barselona" (22), "PSŽ" (156), "Mançester Ýunaýted" (29) we "Los-Anželes Gelaksi" (53) toparynyň düzüminde çykyş etdi.
Şeýle hem onuň hasabynda milli ýygyndy boýunça 62 gol bar.
A Seriýanyň häzirki dowam edýän möwsüminde Ibrahimowiç 10 oýna çykyp, 14 gol geçirdi we bir asist pasyny berdi.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir