Maňa biri dälihanadan hat ýazýar. Men haýran dälihanadan diýen adresli hatlary hat gatnadyjy gulluklar kabul edişini. Elbetde kabul edýändir bolmasa ýazmazdylar. Hat şol bir adamdan gelýär. Oň hakyky ady maňa belli däl, ýöne ol men barada köp zat bilýär. Oň ugradan her bir haty "Gadyrdan doganym" diýip başlaýar. Dälihanadan iň birinji hat men 33 ýaşamda geldi. Ol haty ýazan adam meň doglan günimi takyk bilýän eken, we hat meň doglan günümiň 7 gün yz ýanyndan geldi. Hatyň mazmuny: Gadyrdan doganym, sen şu gün, ýagny Awgust aýynyň 22-ne 33 ýaşadyň. Elbetde men seni gutlamagy özüme makul bildim. Çaklaşym çyn bolsa sen men barada hiç zat bilmeli däl. Ejemiz we kakamyz bir eýam ölen bolmaly. Eger şolar saňa aýtmadyk bolsa hiç kim aýdan däldir. Biz ikimiz süýtdeş dogan, ýöne elbetde 33 ýaşda öz doganyň barada bilmek gaty geň bolsa gerek. Nämede bolsa garyndaşlyk baglanşyklaryny kesip bolmaz. Meň özümi duýşym gowy, meni soramak we görmäne gelmek zerur däl. Ýenede bir gezek seni doglan günüň bilen gutlaýan. Meň saňa sowgadym hatly konwerdyň içindedir. Hat şeýdip gysgajyk gutardy. Hat gelen konwerdiň içinde lezwi çykdy. Ol lezwi gabyndan açylan we pos tutyp giden, ýiti taraplrynda gatap giden gara tegmiler bar. Ýalňyşmasam ol tegmiller gatap giden gan öýdýän. Bu wakada geň ýeri meň kakam öz damarlaryny lezwi bilen dilip özüne kas edip öldi. Yz ýanyndan ejem hem köp eglenmän alada gaýgydan garrap, solup ölüp gitdi. Haty alamda birinji kellä gelen zat ýakyn tanyşlardan biri ýowuz oýun edendir öýtdim, ýöne beýle oýun edip biljek tanşym ýokdy. Ikinji kellä gelen waryýant haty meni gaty ýigrenýän biri menden ar almak üçin ugradandyr öýütdim. Ýöne näçe kelle döwsemem meni ýigrenýän adam hiç kellä gelmedi. Men hat barada ýadymdan çykardym, ýöne dali hanadan gelen ikinji hat meni haty ugradan ýazyjyň gözlegine çykmagy mežbur etdi. ✨Dowamy bar✨
Däliden gelýän hatlar. (1nji bölüm)
-
@xacker
3 years ago
- Howwa
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++like
-
@xacker
3 years ago
- Nowca size kop minnetdarlyk bildiryan potomu cto hayysdymy bitireniniz un
-
Jupiter_Fire
3 years ago
- Nowcada size okanyñyz ucin minnetdarlyk bildirýär
-
Razymy?
3 years ago
- Nowcha90 gowjamy sizin yagdaylarynyz, arman-yadaman ishleyarsinizmi? siz shoool wagtky saytyn kone agzalarynyn birimi? kyn gormeseniz sizin ilkinji blogynyzyn wagtyny bilip bolmazmy?
FanB... 3 years ago- Suny Layn akauntlarynyn birinden okapdym. Gaty gyzykly