Hormatly saýtymyzyñ käbir agzalary. Eger siz hem adam çagasy bolsañyz mowzukda hapa paýyş sözleri ýazmazlygyñyzy soraýaryn. Saýta bütin Türkmenistandan girýän okyjylarymyz gaty köp. Eger meni sylamasañyz hem Allatagalany sylañ!

Mowzugy okañ we azyrak bolsa hem ýylgyryñ!

5-nji synp oglandan 3-nji synp gyza hat gelýär. Ol hatda:
- Bu gün stadiona gel öpüşeris.
Gyz jogap ýazýar:
- Diňe öpüşmek niýetiñ bolsa 1 synpdakylara ýaz, meniň kellämi agyrtma.

Mugallym okuwçylar bilen tejribe geçýär we bir stakana süýt guýýar, beýleki stakanada arak guýýar. Iki stakanlarada gurçuk taşlaýar. Ilki süýtdäki gurçuk çişip semräp ugraýar. Arakdaky gurçuk kän durman ölýär we ýene şol stakana gurçuk taşlaýar, olam ölýär. Soň mugallym soraýar ýeri nähili netije çykardyňyz?
Okuwçy hem:
- Içiňdäki gurçuklary öldürmek üçin känräjik arak içmelimi diýip jogap berýär.

Bir talyp diskotekada gyz bilen tans edip ýörmiş. Birden bu talyp özünden gidip ýykylýar. Ýanyndaky gyz gygyrmaga başlaýar:
- Suw getiriň, suw! Bärde biri özünden gitdi... Talyp ýigit ýatan ýerinden gözjagazyny açyp, ysgynsyzja ses bilen:
- Bir döwüm çöregem getirsinlere-ee

Awtobusdan düşüp barýalar. Ýaşulylaryñ biri:
- Ýa Bissimilla diýse,
Ýene biri:
- Ýa Alla diýen,
Ýene biri:
- Ýa pirim diýse,
Bir ors adam  hem bar eken olam:
- Ýa Andreý diýip düşüp gidipdir..

 Çary! Sen name üçin Leýla samsyk diýdiñ? Bar oña ýaman gynanandygyñy bildir...
- Leýla señ samsykdygyña ýaman gynandym.

Ýigit bilen gyz aýlanyp ýören eken. Gyz birden ýaňky ýigidi gujaklap ezizim sen maňa bir zat aýt, bütin bedenim titresin diýipdir. Ýaňky ýigidem:
- Arkaña seret, ana dädeň dur.

Gyzyň ýanyna ýigidi gelip, ýör kino bilet aldym gitdik.
Gyz:
- Yzky hatarlardanmy.
Ýigit:
- Ýogow birinji hatardan.
Gyz:
- Uff, ýene kino görýäsmi?

*VKontakt-dan toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
5.02.2021ý 22:16
Eger mowzuk göwnüñize ýaran bolsa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir