Gyzym bolsa Bahar dakjak adyna,
Goy, ol mydam bahar yaly shat bolsun.
Her bir ishde gorky düshmân yadyna,
Bagtyyar yaynasyn, gorky yat bolsun.

Kümüsh dek gupbaly ala daglaryñ
Gatbar-gatbar buzlaryny eretsin.
Çyn bezegi bolup goyry baglaryñ,
Sil akdyryp, çôlde umman dôredsin.

Tisginmân añzakdan, çekinmân gyshdan.
Sâhralarda gül gõgerdip, bag eksin.
Yaydanmasyn, bashy çyksyn her ishden,
Yadamazdan zãhmet çeksin, der dõksin.

Isle alym bolsun, isle-se dayhan,
Yhlasly darasyn, sõyen zadyna.
Her yerde bahar dek bolsun shadyyan,
Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna.

Edebiýat, LadaKalina. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir