Yany hoshowazyn eger prezident bolsam temasyna yazanlary üçin knb-nin azar berjekdigini yazanyny okadym. Çyndan hem bizin mhk-myz şeyle işler bilen meşgulmy. Menin bilişim döwlet intelligensiya organlaryny zulm etmek üçin dal akla hyzmat etmek üçin gerekli maglumatlary yagnamaga ulanyar. Yok çyndan hem bizin intelligensiyamyz şeyle keselmi? Bizin döwlet diyilyan guramamyz üçin zulumdan başga edip bilyan zady yokmy?
Inteligensiya akla hyzmat etmelimi ya-da zulma?
-
Annam_Brigadir
16 years ago
- Türkiya 50 sany intelligensiyang adamsy gelipdir. Hronika turkmenistanyn habaryna göra. Bardaki işlemage gelenleri akidyamişler.
Dogrydyr diyip umyt etyan
-
serahsi
16 years ago
Türkiya 50 sany intelligensiyang adamsy gelipdir. Hronika turkmenistanyn habaryna göra. Bardaki işlemage gelenleri akidyamişler.
Su habar dogry dogrydyr diyip umut edyan. Seydip bir cozgut tapaymasalar bashga yolam yok sol beladan dynmak ucin.
-
Achilles
16 years ago
bir cozgut
ol cozgutmi???
halal gazanyanlar shu wagtlyk ishlabersinler, birnace yyldan tkm-nyn yagdayy gowulashanda olaram barde gelip ishlap bashlarlar. in azyndan dollar arzanlanson gelerler :D
a yeyleki haramlar ucin hersine bir ok gidirsek kop cykdajymyz bolarmyka???
ha birem tr-de shu gunler telekulak gohy dowam edyar. barde-de bir gun sheydip shol temada gohlashylarmyka???
-
CeriumOxide
16 years ago
Türkiya 50 sany intelligensiyang adamsy gelipdir. Hronika turkmenistanyn habaryna göra. Bardaki işlemage gelenleri akidyamişler.
Bärde işläp ýörenleri beýdip äkidip bolar öýdemmok, bu aýdylýanyň dogrydygynada ynanammok.
Ýöne täze prezidentimiziň alyp barýan syýasaty bilen doly ylalaşýan, we daşary ýurtda işleýänleriň yurdumuza dolanmagyna sebäp boljagyna ynanýan we görýän.
1. Amerikan dollarynyň nyrhyny düşürmek: ýurdumyzda amerikan dollarynyň nyhy düşeli bäri bärde işläp pul gazanýanlaryň gazanjy manat hökmünde azalýar, buda daşary ýurtda pul gazanmak islegini azaldýar.
2.Daýhanyň gazanjyny köpeltmek: ýurdumyzyň adamlarynyň iň asasy girdejileri daýhançylyk, islän her adam ýer alyp daýhançylyk edip biýär we çeken zähmetiniň hakyny doly we wagtynda alyp bilýär.
3. türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar, turkiýada tjs bilen okaýan talyplaryňkydan köp aýlyk(stipendiýa) alýarlar.
4. okuwy gutaranlary iş bilen üpjün etmek(daşary ýurtda okanlaram)
5. alynyp barylýan bilim syýasatynam doly gollaýan, sebäbi halkymyzyň bilimlisi köpelse halkyň aňy hem ösýär we pul gazanmagyň ýollaryny aňsat tapýar.
6.gurulýan zawod we fabrikleriň sany hasam batlanýar.
7. daşary ýurtlar bilen ara gatnaşyk ösýär we nabucco proýektiniň esasy ýurtlary bolan azerbeýjan bilen aramyzdaky düşünşmezlikleri çözmäge çalyşýar.
8.daşary ýurt maýaygoýumlaryna aňsatlyklar döredilýär.
saýlowlarda gurbanguly mälikguliýewiç berdimuhammedowyň saýlananyna gaty begenýärin.
-
garakchy
16 years ago
- sana sorag ceriiumoxide-in soky gezek hacan turkmenistana gitdin?!dowletin %60'y işsiz!!!
-
CeriumOxide
16 years ago
sana sorag ceriiumoxide-in soky gezek hacan turkmenistana gitdin?!dowletin %60'y işsiz!!!
Türkmenistandan gelenime 5 ay boldy, we halkyň 65 göterimi işsiz däl, ýalan. işli diýmek hokman döwlet edarasynda ýada uly hususy firmalarda işlemek diýmek däl, öňki hatymdada ýazanim ýali daýhançylyk, söwdagärlik, başgada şuňa meňzeş kärler iş.
ýurdumyzda daýhana tölenýän pul gowy pul, türkmenistanda ýaşamaga arkaýin ýetýär, "men aç" diýen adam göremmok, aýliklar has gowy bolup bilerdi diýersiň belki, oňada jagyby inha, turkiýa görä hasap çykaryp bereyin:
kwartira : 400 - 500$
tok puly : 100$
gaz puly : 100$
suw puly : 50$
benzin pul: 120Litr =360$
jemi=1100$
we turkiýada ortaça aýlyk 900$
haa, bu zatlar bizde mugt bolmasyn meň aýlygyma goşup berilsin diýýän bolsaň, biziň ýurdumyzyň yerleşýän ýeri amatly däl, we tebigi baýlyklarymyzy satmak kyn.
döneýin öz watanyma, gadryny bileňňok,
-
yalnyz
16 years ago
- ceriumoxide tuweleme gulala-gulluk edayipsina muny. kabir aydyanlaryny goshulyan yone shulara goshulamok:
Ýöne täze prezidentimiziň alyp barýan syýasaty bilen
dolyylalaşýan2.Daýhanyň gazanjyny köpeltmek: ýurdumyzyň adamlarynyň iň asasy girdejileri daýhançylyk, islän her adam ýer alyp daýhançylyk edip biýär
islan yer alyp bilyar yone suw bolmasa yerin nama peydasy bar. balkan welayatynyn kenar yaka etraplarynda kanallar gurap yatyr. mal-garalar suwsuz aylanyshyp yor. sssr dowrunde shu wagtky gurap yatan kanallar dolup akyardy.indi shol kanallaryn ichinde 3-4 metr chunlukda guyu gazyp mallary suwlayas. suw mashynlaryna suw getirtjek bolsan 3-4 gunune 4 ton toweregi suw gidyar. bir mashyn suwun bahasy bolsa 350.000-400.000 manat. 4-5 duyan bolsa we olaryn her biri azyndan tomusda 150 litr suw ichyan bolsa galanyny ozun hasaplaber. ishlemesenem pul gazanyp bolmayar. suw bolmasa-da ishlap bolmayar.3. türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar, turkiýada tjs bilen okaýan talyplaryňkydan köp aýlyk(stipendiýa) alýarlar.
yone bilimi kim kop alyar?!5. alynyp barylýan bilim syýasatynam doly gollaýan,
haysy bilim syyasaty, orta mekdepmi ya-da yokary okuw mekdebimi?! orta mekdepdakilerin yagdayy belli. yokary okuwdakylarynkyna 7'den 70 yashla chenlisi bilyar. onun uchin bilim dal tanysh we para syyasatyn guychli bolmaly. inda dollaram arzanlady parasam gymmatlady munun. yene bir zat: taze prezident saylanany bari para has hem kopeldi.8.daşary ýurt maýaygoýumlaryna aňsatlyklar döredilýär.
bu mesele sheylerak: syyasy durnuklylyk(siyasi istikrar) bolmasa dashary yurtdan hichbir maya goyum hem gelmez. shu wagt men dashary yurt firmalarynyn birinde ishleyan. dowletin birtopar edarasynyn barlagchylary gelyar. hemmesem onarsa bir zat aljak. bolmanda bir pachka a4 kagyzyn yokmy diyyar.saýlowlarda gurbanguly mälikguliýewiç berdimuhammedowyň saýlananyna gaty begenýärin.
bu mesela name diyjegimi hem bilemok. sebabi hich gyzyklanmadym we prezidentlige dalashgarlerin geljekki programmalaryny(eger bar bolsa) okamadym.
-
CeriumOxide
16 years ago
- yalnyz!
balkan welayatynyn kenar yaka etraplarynda kanallar gurap yatyr. mal-garalar suwsuz aylanyshyp yor. sssr dowrunde shu wagtky gurap yatan kanallar dolup akyardy.indi shol kanallaryn ichinde 3-4 metr chunlukda guyu gazyp mallary suwlayas. suw mashynlaryna suw getirtjek bolsan 3-4 gunune 4 ton toweregi suw gidyar. bir mashyn suwun bahasy bolsa 350.000-400.000 manat.
Balkan welaýaty maldarçylyk etmändede halky iň baý ýaşaýan welaýatlaryň biri. kanallar barada, men iň soňky sapar öýe gidenimde maryda garagum kanalyny gazyp arassalap ýördiler, basym balkanada ýeterler. onsuzam özüň bilýäň türkmenistanda suwyň kyndygyny, aral köli gurap barýar. men daýhançylyk diyip esasy mary welaýaty barada pikirlenip aýdipdim, ýöne prezidentimiziň awaza syýasatyny okap gordüňmi, ol ýerde duzly deňiz suwyny süyjilendirmek üçin täze desgalar gurmaly diýýär. bäh 1 maşyn 350 400 manat diýdiňmi, onda men oglanlara aýdaýin duzly suwy arassalama desgalary gurulmanka azyjak pul gazansynlar:)
yone bilimi kim kop alyar?!
öwredilýänleri öwrenseler biziňkilerem erbet okadanok, sen turkiýada okan bolsaň bilerdiň, bärde ýadyň güýçli bolmasa okamak kyn, hazir men indiki egzamende name soraglar çykjagyny biýän, emma jogaplaryny ýat tutardan gaty uzyn, ýat tutma talantym bolan bolsa men bu ýerde profesor hem bolup bilerdim
haysy bilim syyasaty, orta mekdepmi ya-da yokary okuw mekdebimi?! orta mekdepdakilerin yagdayy belli. yokary okuwdakylarynkyna 7'den 70 yashla chenlisi bilyar. onun uchin bilim dal tanysh we para syyasatyn guychli bolmaly.
hemme zat bir bada gülala-güllük bolmaz, ýöne edilen zatlar bilen hemme zat ýuwaş düzeler, orta mekdepler 10 yil, ýokary okuw jaýlary 2 ýil stažsyz 5 ýil boldy(aýtmagyma derkar ýok),bedenterbiýe we daşary ýurt dil sapaklary açyldy, yuwai yuwaşdan hemme zadam bolar.
syyasy durnuklylyk(siyasi istikrar) bolmasa dashary yurtdan hichbir maya goyum hem gelmez
ýöne gelýär ahyryn, menden köp türk soraýar, maňa turkmenistana gidip iş gurmaga kömek et diýip.
türkler türkmenistanyň halkyna berýän mugt hyzmatlaryny eşidip,görüp gyllyklary akýar.
-
CeriumOxide
16 years ago
- birem sssr diýip başlamasana
bolmanam ol döwür arkaňda seni öz peýdasyna işledip ýören russiýa(rssr)bardy, 1 goýup 10 alýardy, bolmanam kanallar joşar durar, ol ýerden naçe pagta alýardy, we tehnikasy gaty ösendi, ýöne ol pagtaň saňa peýdasy ýokdy, diňe garnyň doýýardi başga zat ýok. biz intek ýaş ýurt, wagt bilen hemme zat düzeler.
birem sssr döwründe deňlik bardy diýýäler, nirede deňlik!!!??? meň kakam men kiçikäm belarusiýa komondirowka gidýärdi, we her gelende üýtgeşik zatlar getirýärdi, emme getirýän zatlary tssr-de ýokdy, ol ýeriň halky gowy ýaşaýardi, emma biz deňlik deňlik diýip garnymyzyä doýaryny bilip gezipdiris, özbegistanda(ussr) uçar zawod gurdy, gazagystanda baýkonur we başgada bir giden zat, hany bize ýekeje ibaly zawod gurdylarmy.
garaşsyz bolanymyza şükür etmeli, we ýurduňy biriniň düzelderine garaşman özüňem goşant goşmaly
-
yalnyz
16 years ago
- balkan welayaty bay welayat. emma munun baylygynyn halka peydasy yok. menin yashayan obamda nache oglan ishsiz gezip yor. ish bolmany uchin oylenibem bilenoklar. suw meselesi barada-da kabir zat. awaza syyasaty turkmenbashy taraplaryna degishli. menin kenaryakadan maksadym esenguly we etrek etraplary. birtopar bina guryalar diyyaler, bu dogry emma o yerlere binadan on suw we gara yol gerek. bu etraplara gelyan suw eyranyn usti bilen gelyar. ona dine kanal chekmeli dal. eyran bilen arany sazlamaly birinjiden.
sssr barada aydanymyzada: sssr dowrundaki gowy zady aytdym men sana. erbat zatlary barada aytsan senin aydyanlaryn dogry we yene-de kop zat tapylar.
-
garakchy
16 years ago
- name yetyaray ol berlyan pul?!sokrasenya bol pkop adam isden cykdy!beylekilen aylgny kopeldyas dip biursuri adami isden cykardylar!yasasyn esgerler mugt isgar olary goshsan belki %45 issiz!
-
garakchy
16 years ago
- yone turkiyede hemise vagtly vagtynda puljagazlrny berp durlar!suw tok pully bolsun yone mugt beryas diyip minnet edilmesn!gerek vagtym suwum hem akyp dursun togum hem gelp dursun!pully bolsn!sana kicijek mysal bn ishsizligi gorkezmage synansain men oba mekdebnde okamda 20 okuvcydyk,olaryn 12si oglan 8i gyz!oglanlarn 9y ishsiz,2si gullukda,gyzlar vapse bosh gezp yorler!beyleki oglanlarn hem islap yoreni yok!turkiya gelyaler is diyip,asgabada baryanlary polisia azar berya dip kan gidenoklar!obada bir masgalada 6 adam yasayan bolsa solaryn 4si ishsiz!islap bilayjek adamlar barada aytyan!yone govy bolsun diyeli govy bolsunda!
-
garakchy
16 years ago
- ceriumoxyde vagty bn hemme zat duzler diyyan veli uje garashsyzlyk alanymyza 17 yil boldy yagny 1991 de doglan oglanlar oylenp baslady,olaryn hem cagalry bolalary bar!uje 2. nesile gecip gitdi!hacan duzelmeli?!
-
kakabay
16 years ago
- hezret umutda bol agam!inşallah düzeler.
-
kakabay
16 years ago
ýöne prezidentimiziň awaza syýasatyny okap gordüňmi,
sen öňki prezidentiň ruhnamasyny okap gördüňmi.şol kitapda-da kän zat yazylypdyr.(özüm liçno okap göremok,yöne galyň görünyar)
avazaň nämäň dakyly baray bu yerde.arkamyzda müňlerçe tonna neft çykyp durka.näçe millionlap pul gelip dur,yöne halka peydasy yokda.hava şol gaz mugt,togam mugt,benzinem öňkü yaly mugt däl.goy şolar pully bolsun,gapdalyndan halkyň aylygyny galdyrsyn(yöne şu yylky yaly 10% däl)vagtynda aylyklaryny bersin.gurulmadyk zada intäk plan zad bolar diymälile.marydaky metjide-de şol gurulyp-gurulyp bitmän geçdä.menä arzuv edip geçdim şol metjidi görmek üçün.
onsoňam bu yerik turk syyasatyny goşmalyňla.olaň alyan aylygyna görä yaşayşy bar.saýlowlarda gurbanguly mälikguliýewiç berdimuhammedowyň saýlananyna gaty begenýärin.
menem begenyan indi ,näme bolsa-da bize seretmeselerde dişlemeze üns bererler.öwredilýänleri öwrenseler
hava şol para alyanlaryny övrenjekmi.soňky dövürler orta okuvlarda gulluk yaly ayda bir sapar görnüp gaytsaň boldy.ayda 300-400 müň man bn sypyalar.bilemok siziňki nähilidigini ,bizäňkä şonyaly.onsoň yokary okuvy gözümede getirmänä gorkyan.
-
CeriumOxide
16 years ago
- Hezret!
ceriumoxyde vagty bn hemme zat duzler diyyan veli uje garashsyzlyk alanymyza 17 yil boldy yagny 1991 de doglan oglanlar oylenp baslady,olaryn hem cagalry bolalary bar!uje 2. nesile gecip gitdi!hacan duzelmeli?!
men 17 ýylyň gürrüňini edemmok, soňky 1,5 ýyl barada aýtýan.
Kakabay!
sen öňki prezidentiň ruhnamasyny okap gördüňmi.şol kitapda-da kän zat yazylypdyr.(özüm liçno okap göremok,yöne galyň görünyar)
onda okaman pikiriňi aýtma, ol ýerde gowy ýazgylar köp. hemem meniň awaza syýasatyny agzamagymyň sebäbi, deňiz suwuny arassalaýji desgalar guruljakdygyny aýtmakdy.
avazaň nämäň dakyly baray bu yerde.arkamyzda müňlerçe tonna neft çykyp durka.näçe millionlap pul gelip dur,yöne halka peydasy yokda.hava şol gaz mugt,togam mugt,benzinem öňkü yaly mugt däl.goy şolar pully bolsun,gapdalyndan halkyň aylygyny galdyrsyn(yöne şu yylky yaly 10% däl)vagtynda aylyklaryny bersin.
meň öňki hatymy okan bolsaň muňa jogap bardy, biziň döwletimiziň ýerleşýän ýeri gaty amatly däl diýipdim, ol baýlyklarymyzy daşary ýurtlara aňsatlyk bilen satyp bilýän bolsadyk seň aýtýanlaryňy hem etme aňsat bolardi. aýlyklar barada, aýlyklar gowylanýar, iň esasy kärler mugallymlar we lukmanlaryň aýlyklary köpelýär, we aýlyklar öňkisi ýaly gaty gija goyulanok
gurulmadyk zada intäk plan zad bolar diymälile.marydaky metjide-de şol gurulyp-gurulyp bitmän geçdä.menä arzuv edip geçdim şol metjidi görmek üçün.
gurulmadyk zada diýemmok, gurlup ýörülen zada diýýän, marydaky metjidiňem gurluşygy galan ýerinden başlandy, "kylyç inş." türk firmasy gurup ýör, öýe giden bolsaň görerdiň.
onsoňam bu yerik turk syyasatyny goşmalyňla.olaň alyan aylygyna görä yaşayşy bar.
men türkleň syýasatyna zat diýemmok, diýjek bolanym turkiýada ýaşamkdan türkmenistanda ýaşamak arzan we aňsat, sen turkiýada diňe stambul bilen ankarany gören bolmagyň mümkin, ýöne men turkiýanyň 56 şäherini gördüm, we beýleki şäherlerde ýaşaýyş stambul, Ankara we izmirdäki ýaly aňsat däl. sen turkiýanyň gowy taraplaryna a öz ýurduňyň bolsa erbet taraplaryna seretýäň, mena asuda ýurdym bar diýip buýsanýan.
hava şol para alyanlaryny övrenjekmi.soňky dövürler orta okuvlarda gulluk yaly ayda bir sapar görnüp gaytsaň boldy.ayda 300-400 müň man bn sypyalar.bilemok siziňki nähilidigini ,bizäňkä şonyaly.onsoň yokary okuvy gözümede getirmänä gorkyan.
menä beýle zady birinji sapar eştýän, dogrydygynada ynanammok, beýle zat bolsa meň 3 garyndaşym mugallym hökman eşiderdim, eger beýle zat bar bolsa onda mekdep direktoryňyzyň üstünden hat ýazaýmali ekeniň, erbetligi düzeltmek ýekeje adamyň işi däl ahyryn. türkmenistanda okuwa gitmezlik ýaman kyn, ýöne turkiýada bolsa 10-njy klas okuwçylar lukman haty alyp 6 aý okuwdan galýalar, we ýokary okuw jaýlarynda okuwa gitmezlik diýen zadam şu ýere gelip bildik.
-
CeriumOxide
16 years ago
- kody ýapmadyryn, bagyşlaň:)
-
garakchy
16 years ago
- koroce barde agyz dalashy etmegin manysy yok,meninem gelenime 5 6 ay boldy tmdn!yagdayni gorup gaytdym!owerlik tarapy yok,halk dowup yatyr!para meselesine geleninde ony 7den yetmise herkim bilya!bardyr oz guyji bn giryan yok diyemok,yone sanasan 2 elin barmagny gecmez!galan zadam habarlasaly bir gun gok cay basnda gurlesers!:D
-
garakchy
16 years ago
- men wzyatka meselesni unvlr barada aytdm orta okuvy bilemok!yone gecen yil orta mekdebe gitdim kompyuter mugallym cagyrdy ony muny soramak ucin!mugallyam cagalara nameler owretyaniz diysem alan jogabym shudy-"Ay shuvagta kompyuteri acyp yapmagy owretyan!":Dmenem kop acyp yapyp yormesnler diyip bir oyunjyk goyp gaytdm!:Dvesslam
-
CeriumOxide
16 years ago
- gök çaýyň üçin köp sag bol, amatly bir gün bolsa hökman(şu türkleň nebit ýaly çaýyndan iripdimem).
kompiýuter öwredere adam ýok, ol dogry, şonuň üçinem bilime ähmiýet berýärdä prezident, öwrenjege öwretjek adam ýetişdirmek üçin.
Ýokary okuw jaýlarynyň synaglary barada aýtsam, soňky 2 ýylda paraň öňüni almak üçin uly işler edildi, egzamenlere milli howpsyzlygyň işgärleri hem girýär, we galam ulanjaklaryň galamyny alyp ruçka bilen ýazdyrýarlar, we para bilenem okuwa girmek kynlaşdy(men aýtmamdada bilýänsiň), şulam gowykyga tarap barýanlygymyzyň alamaty, hemme zat bir günde bolmaz, moskwada bir günde gurulmady :)
-
kakabay
16 years ago
menä beýle zady birinji sapar eştýän, dogrydygynada ynanammok
men saňa ynandyrmak üçün yazamok.bizde bolan soň yazdym.häzirem şoň dovamy bar.onsoňam men aşagynda yazdyma siziňki nähiligini bilemok,biziňkä şonyaly diyip.beýle zat bolsa meň 3 garyndaşym mugallym hökman eşiderdim,
olar meň okan mekdebimde işleyami?serdar tm näçesany mekdep bardyr seniň pikiriňçe?şolaň hemmesiniň bilim berşi deňmikä?eger beýle zat bar bolsa onda mekdep direktoryňyzyň üstünden hat ýazaýmali ekeniň, erbetligi düzeltmek ýekeje adamyň işi däl ahyryn.
vah seniň üçün hemme zad yeňil görünyar. täza attestat almak üçün pul soran direktorda.gaharyma şonam almadym.yogsam şondan ulularyna bermeljesini beripdimle.marydaky metjidiňem gurluşygy galan ýerinden başlandy, "kylyç inş." türk firmasy gurup ýör, öýe giden bolsaň görerdiň.
gaytmakam görüpdim turk inşadyň gurluşygyny başlanyna.yöne şu vagtam dynmadymay gurluşygy.men türkleň syýasatyna zat diýemmok, diýjek bolanym turkiýada ýaşamkdan türkmenistanda ýaşamak arzan we aňsat, sen turkiýada diňe stambul bilen ankarany gören bolmagyň mümkin, ýöne men turkiýanyň 56 şäherini gördüm, we beýleki şäherlerde ýaşaýyş stambul, Ankara we izmirdäki ýaly aňsat däl. sen turkiýanyň gowy taraplaryna a öz ýurduňyň bolsa erbet taraplaryna seretýäň, mena asuda ýurdym bar diýip buýsanýan.
serdar men sen yaly 56 gezip göremok.yöne beyleki ilçelerden habarym bar.şol yerleriň aylygy azam bolsa iymit ve şuna meňzeş harytlary şoňa görä.sen meni yalňyş düşünme serdar men senden az yurdumy buysanman duramok.men näçe kösenen bolsam,men öz vatanymyň ogly.yöne sen razylyşay aylyk yagdayy kyn bizde,dövlet işlerinde aylyk govy .yöne hemme kişe nesip edenok ol yerler.çastnyy yerlerde-de aylygy az.men diňe asuda dälde rahatly dövletim balygyna buysanyan.
-
Nehir
16 years ago
serdar men sen yaly 56 gezip göremok.
kakabaý, köşeş-how! näme boldy, serdary (CeriumOxide - церий-окисный)iýdiň how!
kakabay | 2008-05-31 16:06:59
-
CeriumOxide
16 years ago
- kakabaý, sen mugallymyň barada bilemmok, ýöne birine gahar edip hemmesini gömäýmeli däl.
aýlyk ýagdaýynyň kyndygyny menem bilýän ýöne öňkilere garaňda düzelýär diýýän.
nehir!
церий-окисный bolmaýar окис церия ýada seriniň okisi bolýar :);)
-
Nehir
16 years ago
nehir!
церий-окисный bolmaýar окис церия ýada seriniň okisi bolýar
CeriumOxide | 2008-05-31 17:16:42
bu ady nämüçin saýlap aldyň-aý? gaty geň galdym, dost! bir himiki elementmi, nämemi? näme peýdasy bar? serdar owmadow, siziň adyňyz bilenem-ä hiç hili baglanyşygy ýok!
-
CeriumOxide
16 years ago
bu ady nämüçin saýlap aldyň-aý? gaty geň galdym, dost! bir himiki elementmi, nämemi? näme peýdasy bar? serdar owmadow, siziň adyňyz bilenem-ä hiç hili baglanyşygy ýok!
men mekdepde okaýarkam himikdim, olimpiýadalara gatnaşýardim. onsoňam maňa ejem, garyndaşlarym we dostlarym serdar dälde Seryý diýýärler. oxide barada, okislenmek ýanmak manysyna gelýär, menem kabir zatlardan ýanip göremsoň şu ady alaýdim
Ýanan Seyý Ce²O³ (himiki element) :D
-
kakabay
16 years ago
- ya dostum öňem aytdym yenede aydyan
siziňki nähiligini bilemok,biziňkä şonyaly
kakabaý, sen mugallymyň barada bilemmok, ýöne birine gahar edip hemmesini gömäýmeli däl.
men hemmesi diyemok.
-
yalnyz
16 years ago
Ýokary okuw jaýlarynyň synaglary barada aýtsam, soňky 2 ýylda paraň öňüni almak üçin uly işler edildi, egzamenlere milli howpsyzlygyň işgärleri hem girýär, we galam ulanjaklaryň galamyny alyp ruçka bilen ýazdyrýarlar, we para bilenem okuwa girmek kynlaşdy(men aýtmamdada bilýänsiň), şulam gowykyga tarap barýanlygymyzyň alamaty, hemme zat bir günde bolmaz, moskwada bir günde gurulmady
ay gardash sena onaraydynow muny. menin bir dostum gechen yyl okuwa girmek uchin dowlet synaglaryna girdi. shol dostumun kakasy synagyn gechjek yerine baryar. gorse bir kone dosty gezip yor. ozem milli howpsuzlygyn ishgari. dostumun kakasy ondan sorayar name edip yorenligi barada. olam yagdaylar sheyle-sheyle, menem shu yere gozegchilige iberdiler diyyar.
CeriumOxide | 2008-05-31 04:18:14
ynha milli howpsuzlygyn ishgari, yone hich zat edip bilenok. alan-aldynky. onson shol dostum butin berlen soraglary bilyar emma in sonunda goshmacha bir sorag beryarler, olam sheyle bir sorag: "ikinji jahan urshunda bir plemlyot ogurlanyar. shony ogurlanyn ady name?!" goryanmi nahili sorag. olam muny bilmanson yykyalar. dostumun kakasy bir harby bolumde serkerde. pahyr yanyp-yanyp derdinyar, name uchin oglumy halkara turkmen-turk uniwersitedine ya bolmasa turkiyanyn yokary okuw mekdeplerinin synaglaryna synanshdyrmadymkam diyip.
p.s.: yone bir dostum azadynyn ya-da magtymgulynyn turk diline mugt girdi. isleseniz bu barada hem yazayyn. girishi tasin onun.
-
kakabay
16 years ago
aýlyk ýagdaýynyň kyndygyny menem bilýän ýöne öňkilere garaňda düzelýär diýýän.
-
kakabay
16 years ago
-
kakabay
16 years ago
-
CeriumOxide
16 years ago
- Kakabaý, men goýan suratlaryňdan ýekejejigi görünýär, ol baradada aýtjagymy öňem aýtdym
sen turkiýanyň gowy taraplaryna a öz ýurduňyň bolsa erbet taraplaryna seretýäň
-
CeriumOxide
16 years ago
- Turkiýada ýola dökülen bugdaýy çöpläp ýörenler
-
Nehir
16 years ago
p.s.: yone bir dostum azadynyn ya-da magtymgulynyn turk diline mugt girdi. isleseniz bu barada hem yazayyn. girishi tasin onun.
yalnyz | 2008-06-01 02:50:22
aýtsana, dost! täsin bolsa, hökman aýt! diňlemek hemme kişi üçinem gyzykly bolsa gerek.
-
Nehir
16 years ago
saýlowlarda gurbanguly mälikguliýewiç berdimuhammedowyň saýlananyna gaty begenýärin.
CeriumOxide | 2008-05-29 20:29:31
oňarypsyň, serdar dost! menem şeýle! Allajan, Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ömürlik prezident bolaýbilseýdi! Türkmen topragy ýene-de ençeme ösüşlere we özgerişlere şaýat bolardy. Özüňiz pikir edip görüň? Nämä gerek, bir topar agzala partiýalar?? Türkiýedäki AKP, CHP, MHP, DTP we şolar ýaly öz ýurtlaryny masgara edip ýören bir topar syýasatçysumaklar? deniz baykal gibiler. "sary towuk saman seçer, öz aýbyny özi açar". dogrymy? this will never bring any advantages to the turkmen nation. and, we have a proverb: "Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz!" Nämä gerek agzalalyk, baş-başdaklyk? hudaýa ýüzde-müň şükür! ýurdumuz parahat! asudalyk we erkinlik höküm sürýär türkmenistanda!!! soragyňyz barmy?
-
garakchy
16 years ago
Özüňiz pikir edip görüň? Nämä gerek, bir topar agzala partiýalar?? Türkiýedäki AKP, CHP, MHP, DTP we şolar ýaly öz ýurtlaryny masgara edip ýören bir topar syýasatçysumaklar? deniz baykal gibiler. "sary towuk saman seçer, öz aýbyny özi açar". dogrymy?
Sen demokratiya seredisin nahili?!sen turkiyani mysal gorkezme,bardakilerin kopusi syyasat etmegi bilenok dossum!omurluk omurlik,her gelen omurluk!:D
-
CeriumOxide
16 years ago
- ömürlük bolmasyn, ýöne halk ýene Berdimuhammedowy saýlasyn :))
-
Ga1taman
16 years ago
- ceriumoxide dogry aytyar köp tema-da.
hiç-hili pesimist bolmak gerek dal.
önki yaly yza gidilenok, dine öne gidilyar.
17 yylyn 16syndan önki jogapkar.
yalnyz, balkan welayaty ing gowy yaşayan halk beylekilere göra. ing köp döwlet edarasynda işleyan adam balkan welayatynda bar. dine türkmennebidin özünde 25 mün adam işleyar. mundan başga bir topar firmalar bar. krasnovodskda zawodlar bar, üstüne awaza. jemi bolsa 400 mün halk.
sen obandaky 400-500 yaş oglan işsiz bolany bn, halk aç yatyr diymek dal.
Galyberse de obada nadip iş bolsyn?
işlemek isleyan şahere gelmeli, yada obada çopan bolarsyn-da.
nebitdaga baryp gören bolsan bilyandirsin, ahli işçiler, bazardakylar hatda indi taksilerem başga welayatdan gelen adamlar.
Obandakylar birazajyk gözlege çykmaly. Obada garnyny gaşap döwledin iş hödürlemegine garaşsan bolmaz-a.
suw yetmezçiligi barada, balkanda umumy suw yetenok. şon üçin dayhançylyk kan bir gowy pikir dal.
-
hoshowaz
16 years ago
halk aç yatyr diymek dal.
galtaman, yalnyz hich yerde muny diymandir.sen obandaky 400-500 yaş oglan işsiz bolany bn
dine onun obasynda dal menin obamda-da ishsiz kan.Galyberse de obada nadip iş bolsyn?
oba baryp gor. mena oba barsam ishden yana "kellami gashamagada wagt tapamok" dogrymy aytsam.(yylgyryn!)
onsonam yalnyzyn diyjek bolyany dowlet ish bersin dal, dowlet suw getirsin diyjek bolyar. menin dushunshuma sheyle. 90-njy yyllaryn bashynda we ondan on suw bardy shol yerlerde. indi name bolmasyn?! ylmy tarapdan seretsen gayta indi bolmaly suw. sebabi howanyn gyzgynlyk derejesi gunbe-gun artyar we dunyadaki buzlar ereyar.(yylgyryp goyberin!)
-
Ga1taman
16 years ago
- hoshowaz, güldirip bildin, tüweleme.
şol sizin obanyz bn bilelikde, şeyledaki oglanlaryn köpüsi yalta diysen bolyar eger işsiz bolsa.
Gaytam gyzlar haly, tikin dikip bir zatlar gazanyarlar.
suw barada:
etrek deryasy, akabasyny üytgedip, eyranyn üstünden gelyar. Anyrda hem indi önki yaly suw goyberenoklar. Eyran bn arany düzlemek gowy pikir, yöne iran yaly "şerçi" döwlet yokdygyny herkim bilyandir.
Obalarda aşa köp halk yaşayar, her obada 2-3 mün adam. olan yanyndan sürü-sürü mal-gara. obalaryn köpüsi hem çölün içinde. olaryn hersine turbaly suw yetirip bolmaz-a.. kiçijek guyular açylyar, olam yetmeyan bolmaly.
Garagumy arassalayalar, denizi arassalayjy zat guryalar, yenede gurlar.
garaz samrap otyrmayyn gepin gysgasy, kemçilik yok dal, elbetde bar. yöne menin göryanim dine öne gidişlik. önki bar wagty ahli zadyn yza gidip baryan yaly göryadim. a indi beyle dal, optimist men.
-
hoshowaz
16 years ago
- galtaman, gumdagly jigim! sen shu wagt oz oyunden dashda yashayan yalnyshmayan bolsam. hachanda oz oyune gelip mydamalyk yashamana bashlarsyn-a, shonda senem menin yaly pikir edersin. sebabi menem okayan dowrum senin yaly pikir edyardim. kimdir birileri barada birzat aytjak bolsan shol birilerinin/halkyn arasynda yashap, onson aytmaly. yogasa "dokun achdan habary yok" diyleni bolyar. turkler diyyara "damdan dushenin halinden damdan dushen anlar"
şol sizin obanyz bn bilelikde, şeyledaki oglanlaryn köpüsi yalta diysen bolyar eger işsiz bolsa.
20'de biri belki sheyle. menin tanyshlarym "nahilem bolsa bir ish yokmay?!" diyip her oba baramda meneden sorayarlar.Gaytam gyzlar haly, tikin dikip bir zatlar gazanyarlar.
munyna howa dijek. yone gyz-gelinlerimiz baradaky bu meselani galyn bilen baglanshykly yazgyda yazjak.
-
Farabi
16 years ago
- iş yokdugy gazanjyn azdygy anyk. in azyndan daşoguz tarapda şeyledigini anyk bilyan. obadaky oglanlar ya türk-e ya-da orsyede işe gidip durlar. edyan işlerem gara iş. gurluşyk anry-bari...
-
Ga1taman
16 years ago
- farabi, çyndanam daşaoguzlylar zor,
nebitdagda hem köp adam, baryp daşoguzdan gelip, gapy bejeryaler, agaç ussay, ayna kesyançi.. garaz agyr dal işlerde hem işlap yörler.
a esenguly, etrek etrabynyn obalarynyn oglanlary dine aylykly işleri isleyaler, üstesine, bir şaherden hoshowaz yalylar gelse, şona "iş bamy?" diyip sorayalar. şol iş gözledigin bolyamy?
iş gözlanden sonra, nebitdag , krasnovodskda agyr iş hasaplanyan gurluşykda iş köp.
yöne olara aylykly hökümet yada dollarly firma işi gerek-da.
-
hoshowaz
16 years ago
iş gözlanden sonra, nebitdag , krasnovodskda agyr iş hasaplanyan gurluşykda iş köp.
shol yerlere gidenlerde bar. yone olarynam baran yerinde aylyk az beryaler. 1900000 manat toweregi berilyar. ozem eshek yaly ishledyaler. yashamaga oyun yok, iyjek ishjegin problema. hachana chenli beydip yashajak. herkimem geljekdaki durmushunyn aladasynda. yagny pul yygnamaly, oylenmeli, belki butin mashgalasy shonun getirjegine seredip oturandyr...
yöne olara aylykly hökümet yada dollarly firma işi gerek-da.
a esenguly, etrek etrabynyn obalarynyn oglanlary dine aylykly işleri isleyaler
aylyksyz ishem bamay?!.
-
Nehir
16 years ago
Sen demokratiya seredisin nahili?!sen turkiyani mysal gorkezme,bardakilerin kopusi syyasat etmegi bilenok dossum!omurluk omurlik,her gelen omurluk!
Hezret | 2008-06-03 23:20:07
beýle syýasatdan baş çykarýan bolsaň, gel-de aýtda pikirleriňi aýtmaly adamlara! türkmenistan gadymy türkmen ýoly bilen barýar. bize daşary ýurtlaryň soňky döran bolgusyz demokratiýa diýýän agzalalyklary gerek däl!!
sen turkiyani mysal gorkezme,
men muny siziň belet ýurduňyz diýip, şeýtdim. seň özüň nusga alarlyk ýurt hökmünde haýsy ýurdy mysal getirip biljek?
-
Nehir
16 years ago
ömürlük bolmasyn, ýöne halk ýene Berdimuhammedowy saýlasyn
CeriumOxide | 2008-06-03 23:43:40
tapawudy ýok. ýöne, halk Berdimuhammedowy ýene-de her ýedi ýyldan 3-4 gezek saýlasyn. hasaplaň: 7x4=28. nähili gowy bolardy!!
-
garakchy
16 years ago
beýle syýasatdan baş çykarýan bolsaň, gel-de aýtda pikirleriňi aýtmaly adamlara! türkmenistan gadymy türkmen ýoly bilen barýar. bize daşary ýurtlaryň soňky döran bolgusyz demokratiýa diýýän agzalalyklary gerek däl!!
dossum sen bu dusunjan gaty pes!!!Sol adamlara aydanda dinelayn bolsa bucaka cenli aydan adam kan cykandyr!gadymy turkmenin yoly haysy yol men bir hili çözüp bilmedimay bir acyp bersen!!!Gaty bolgusyz zat bolsa gaty osen yurt diyyan yewropa yurtlarymyzyn 2 sözünin biri demokratiya bolmazdy!demokratiya name dimek ilki sohny bir gowja owren!
men muny siziň belet ýurduňyz diýip, şeýtdim. seň özüň nusga alarlyk ýurt hökmünde haýsy ýurdy mysal getirip biljek?
Amerany berip biljek mysal sana!ynsan haklaryna gaty uns berya!ekonomika yagdai govy!yasayislary bize gora gaty onat!Basgada yewropa yurtlary haysysyny islesen mysal alup bilersin!olaryn hem ekonomika yagdaylary govy!hemmetaraplayin osen!oz halkyna hormaty bar!basgada aydara zat kan!
-
garakchy
16 years ago
- Sana bir zat aydain;barde ony muny yazmagymyz bn hic zat çözülmeyar!son ucin barde sen bn demokratiya urshuna girip oturmagyn manysy yok!
Kop partiyualy sistema sun ucin gerek:herzat ozunin tersi bn bilinyar!biri yalnyslyk etyan bolsa ona duydurmak ucin hokmany suratdda bu yalnyslary gorkezmek ucin basga bir guyc gerek!demokratiyada muny gorkezjek zat hem garsydas partiyadyr!garsydas partiya dovletin bashyndaki partiyanyn edyan yalnyslaryny gorkezip,onun yerine bolup biljek ondan govy yoluy gokezmeli bolya!vessalam!
-
Nehir
16 years ago
demokratiya name dimek ilki sohny bir gowja owren!
Hezret | 2008-06-05 15:40:53
демократия I Политический строй, при котором власть принадлежит народу, а организация жизни общества основана на принципах политического и гражданского равноправия; народовластие. II Принцип организации коллективной деятельности, при которой обеспечивается равноправное и активное участие в ней всех членов коллектива; механизм реализации соборности.
-
Nehir
16 years ago
dossum sen bu dusunjan gaty pes!!!
Hezret | 2008-06-05 15:40:53
seňki ýaly sözleri aýtsam, düşünjäm ösýärmi? watanymy ýamanlasam, düşünjäm ösýärmi?
-
garakchy
16 years ago
- Angliyada seredip bilersin!munlerçe yyllyk Angliya dovleti 5 10 yilda bir saylaw edyaler demokrtatiki monarhiyamy(meşruti turkce) yada basga bir sistema bn yurt dolandyrylsynmy dip sondaky netije yene demokratiya!olaryn munlerce yyllyk taryhy bar!olaryn munlerce yyllyk gadymy yoly bar.yone 21. yuzyila gelenlernde olar hem oz dovlet dolandyrys sistemalaryny uytgedyaler!bizin naihili yolumyz barada diyyanay?!eger gadymy yolumyz diyyan zadyn bn dovlet dolandyryp boılyan bolsa OSMANLY imeratorlygy intagem butun dunyanin ustunde uly guyc bolardy!Turkmenistan sonky 400 yilda hic hili yol seretmedi yagny dowlet yokdy!Ondan 400 yil on hem cingiz han teymirlen onun munun taslap giden weyran yurdy bardy!Sonun ucin barde gadymy yol ayaklarna girmesen govy bolardy!
-
garakchy
16 years ago
- indi sen diyyan zatlaryna beyleki talyplaryn pikirlerini garasaly!olar sen aydyan zatlaryn barad name diyyaler!
-
Nehir
16 years ago
Amerany berip biljek mysal sana!
Hezret | 2008-06-05 15:40:53
amerikaň syýasaty - ganly uruş syýasaty! musulman ýurtlaryny basyp almak. owganystany eýelediler 7 ýyldan bäri. yrakda, indi bäş ýylyň içidir, gan çaýkap ýörler. indi, şu zatlar demokratiýaň aňyrbaşy boldumy? amerikan halky bolsa düýbünden urşa garşy! amerikaň hökümeti uruş turuzýar. halkyny bolsa diňlänok. hany, inde nirede "amerikada halk häkimiýeti"? amerikanlaň gürlärligi ýokdur!!
-
garakchy
16 years ago
- men watanymy yamanlamok sen yenede mana yalnysh dusunyan!men watanymy yurdumyzdaky haysybir adamyn soyushi yaly soyyan!Yone men edilyan zatlar ve sistema barada aytyan!mana yalnysh dusunme!
Ozumin turkmenlgimi hic vagt utanamok,utanjagam dal!Yone bir gozumiz oz kulturamzda bolmaly bir gozumiz hem osen yurtlarda bolmaly!Osen yurtlardaky yaly demokratiya bolmaly!
-
garakchy
16 years ago
- men watanymy yamanlamok sen yenede mana yalnysh dusunyan!men watanymy yurdumyzdaky haysybir adamyn soyushi yaly soyyan!Yone men edilyan zatlar ve sistema barada aytyan!mana yalnysh dusunme!
Ozumin turkmenlgimi hic vagt utanamok,utanjagam dal!Yone bir gozumiz oz kulturamzda bolmaly bir gozumiz hem osen yurtlarda bolmaly!Osen yurtlardaky yaly demokratiya bolmaly!
-
garakchy
16 years ago
- Men sen bn gurlesyan zadym amerkanyn urshy dalde sistemasy!hem ekonomiki hem dowlet sistemasy!Bizin gidip amerka yaly gidip urusjak gumanymz yoga!men dine halkyn haklary barad diyyan!
-
garakchy
16 years ago
- Elimizdaki gaz ve nebit yene birnace yildan gutarar!Ondan on biz hem dubai katar yaly basgalarny oz yurdumyza cekip biljek zatlar etmeli,biz intak nahili sistema bn yola cykjagymyza karar berip bilemzok!
-
Nehir
16 years ago
gadymy turkmenin yoly haysy yol men bir hili çözüp bilmedimay bir acyp bersen!!!
Hezret | 2008-06-05 15:40:53
gadymy türkmen ýoly diýlende, men Keýmir Serdary (Keýmir kör), Nurbedi hany, Gowşut hany, we başga-da birnäçe türkmen hanlarynyň halky dolandyryş ýollaryny göz öňünde tutýaryn.
bizin naihili yolumyz barada diyyanay? Turkmenistan sonky 400 yilda hic hili yol seretmedi yagny dowlet yokdy!Ondan 400 yil on hem cingiz han teymirlen onun munun taslap giden weyran yurdy bardy!Sonun ucin barde gadymy yol ayaklarna girmesen govy bolardy!
Hezret | 2008-06-05 16:00:42
seniň bu aýdýan sözleriňi men halamadym. hamana, şol bolup geçen betbagtlyklara türkmen halkynyň özi günäkär ýaly. türkmen halky sekiz asyrlap dagynyk ýaşadylar. sebäbi, biz (türkmenler) bir agza bakmadyk. tire-taýpa dawalary köp boldy. daşary ýurtlardan içaly iberip ýurdy basyp aljak bolanlar kän boldy. ine, indi hudaýa şükür, 1991-nji türkmenistan özüniň garaşsyzlygyny gazandy we gadymy türkmen ýoly bilen ýoluna dowam edip gelýär. bize, edil häzir, köp partiýalylyk derkar däl. türkmende, "towugy köp bolsa, mollasy harama çykar" diýen nakyl bar. manysy: bir adymyň diýenini makullamaly we agzalalyk döretmeli däl. ine, hezret dostum, meň-ä "gadymy türkmen ýolunma" düşünişim.
yone 21.
yuzyilaasyr, OSMANLYimeratorlygyşalygy
onsoňam, hezret, sen türkmençe gowy bileňok öýdýän. ýazgylaryň türkçe sözlerden doly. arassa türkmençe ýazmaga synanyşaňokmy? bir dene bakalim. zor degildir.
-
Nehir
16 years ago
Men sen bn gurlesyan zadym amerkanyn urshy dalde sistemasy!hem ekonomiki hem dowlet sistemasy!Bizin gidip amerka yaly gidip urusjak gumanymz yoga!men dine halkyn haklary barad diyyan!
Hezret | 2008-06-05 16:17:26
Elimizdaki gaz ve nebit yene birnace yildan gutarar!Ondan on biz hem dubai katar yaly basgalarny oz yurdumyza cekip biljek zatlar etmeli,biz intak nahili sistema bn yola cykjagymyza karar berip bilemzok!
Hezret | 2008-06-05 16:19:48
hezret, sen nirede okaýaň, beýle syýasata ökdedigiňi! gaz bilen nebitiň gutarjakdygyny näbilýäň? gory kän diýýärler-ä. dubaýa meňzäbilsek, oňa ýetesi zat ýok. awazada täze-täze myhmanhanalar gurlup, syýahatçylyk zonasy döreýär ahyry.
-
garakchy
16 years ago
- barini yazgydan doldurmaly sen mana msn adresini ber olk yerde oz dusunjelermizi paylasaly!
Ay mana netije gerek 21. yuzyil diyenmde dusnukli dalmi?!boldy sol!kop zat yazamson arasnda turkce gidyan bolup biler!İn govy sekilde ulanmga synanşyan!Solaryn pikiri sol vagtlar ucin govudy yone indi indi dovur uytgedi dossum!Magtymguly vagtynda turkmenin başy biryere gelsin diyip goşgylar yazyady!yone indi turkmenin basy biryere geldi!suvagtlar gelen bolsa basga zatlar barada yazardy men pikrimçe!yagny her dowre gora uytgemeli!
-
garakchy
16 years ago
- Gyshda gysh esikleri geyilyar sebabi name ucin,gyş sowuk bolya!yone tutup tomusda gyş esiklerni geymek samsyklyk bolar seyle dalmi?!
-
garakchy
16 years ago
- Yokardaky yerde men halky gunakarlamok hiçhili,yone sol vagtlar barad aydip biljek yolumyz yok!ol vaglarda turkmen yitmek derejesine hem gelipdi!
-
Magtymguly
16 years ago
- CeriumOxide senin yaly adamlary brinchi atmaly.Sen meni bagyshla,yone prezidentin beyle smsyk syyasaty bilen biziň yurdumyz 1930 ýyllara yeter.Sen aydyaň ine,bashga dovletde ishläp toran adamlary yzyna gaytarmaly.Eger gaytarsan olar nadip yashar,sen şony pikir etdinmi.yurtda dine 20% adam işleyar.Bashgalar onda ajyndan alaymeli,prazidentin syyasaty diyip.Sen aydyan erde ishlemeli,pikir hemme adam bir hili dldir,butin yurdy yere kovmak samsyklyk.Meselem mashgalada hemme chaga bir hili daldir,dovletde sheyle.uly mashgala,barde her bir adamen durmushy goz oňüne tutulmaly.Sen pikir et er almakda aňsat zat döl.
Ekersin yarymyny manatda berer yarysynam dollarda.özüň pikir et dol.14000 indi deň gelyami.Samsyk dokunun bahasy uytganok nadip pul gazanjak.pikir etdinmi?
Indi bilim syyasat hich uytgeshik yok,para alyp yatyrlar.uytgan zat barmy yok!!!
Вот сам как думаещь, ты правильно писал? Как можно так сделать,уменьшить курс валюты насильно, это же убьет всю экономику нашу.Ведь цены на сырье остались теми.Ты дурак!
Боже такую страну развалили.Имкенно такие как, которые ниффига не думае, потому что башка не работает. Из-за таких как ты и страдает весь наш народ.
-
Maxat
16 years ago
- Magtymguly, nik saylanda bir özüne gelişayjek at alarlar, birinji yazgynda özüni tanadypsyn. name onson türkmençe başartmadymy rusç-a yazdyryp gidipsin. puşkin zat diyip üytgeday bolmasa.
hemme kişi yer işlemez bolmanam, yöne bahalar dünya standartlaryna denrak gelse gowy bolar, son dine agyr iş işleyanlerem dal, bilim alan yashlaram dasharda ya-da daşary üçin işlemzler öz watanlary üçin işlarler,
iş yagdayam, haysy bir bay adam döwletde işlap halal gazanyp bay bolupdyr, bayan bolsa öz zahmetleri özünin gayratlary bn bayandyr, hususy firmasy zady bardyr, we naçe adama iş mümkinçilig dörendendir, yöne beyle adamlaram tanamayan adamyna sen samsyk diyip yörer yaly pes düşünjeli adamlardan çykmajagyna bilyan
-
CeriumOxide
16 years ago
- Beýik Magtymgulyň adyny nick edip ulanan kemakyl! Meň ýazýanlama düşnmänsiň öýtýän sen. ilki azyjak pikir et soň gürle, daşary ýurtda türkmeniň abraýyny gaçyryp ýörler, işläp ýörenleň köpisem lýotçik, türkmenistanda g.tlerine iş ýakman aňsat pula gaýdanlar diýilýär olara, gelibem iň hapa işlerde işleşip ýörler, aksaraýa barsaň görersiň. söda etýan daýzalara sözüm ýok, olar iň bolmanda pul gazanmak üçin azap etýäler. bilemmok seň nirelidigiňi ýöne mary welaýatynda daýhanlar avalon ýada camry münýäler. tentek! men edilýän zatlar bizi gowylyga alyp barýar diýýän, a sen bolsa 30-njy ýyla tarap barýas diýýäň, edilen haýsi zat bizi ol ýere alyp barýar, pikirlenmän samsyk gepler geplemesene. näme edileni üçin näme bulaşdy şony aýtsana maňa, sen prezident bolan bolsaň näme ederdiň(hudaý saklasyn). injik, hemme zat dile aňsat, uffffff
да ну на?! тебя послушат так ваше хочется президентом тебя поставит.Чем болше я узнаю тем лучше понимаю как мало я знаю. призадумайся над етим.Лана по теме мы пользуемся манатом в Туркмении а ты чем? Кто ранше получал 200 долларов шас получает около 400 ты мудак ты что расплачиваешся за сырье долларом ? .За покупки за рубежом мы платим валютой подумай туркменом выгодно брать валюту дешевле.я говорю конкретно о ползах етих развитий а ты толко хайвай поднял страну развалили економику убили если есть доводы говори. ты сам увидиш пользы, если конечно прекратиш работать где то там и вернешся на родину. не впадай в истерику за то што твои доллары ослабели в Туркмении
-
CeriumOxide
16 years ago
Вот сам как думаещь, ты правильно писал? Как можно так сделать,уменьшить курс валюты насильно, это же убьет всю экономику нашу.Ведь цены на сырье остались теми.Ты дурак!
или ты сам меняеш доллары на базаре!!!
-
kakabay
16 years ago
daşary ýurtda türkmeniň abraýyny gaçyryp ýörler, işläp ýörenleň köpisem lýotçik,
serdar gaty görme dost yöne sen işlemäne gelenleň hemmesini tanayaňmy??? gayrat kylda köplük sanda aytmasana.ya sen öyle düşünyan bolsaň men saňa gynanjymy bildiryan.
-
moonguse
14 years ago
- arhiwi dorsen erbedem dal
-
Goool
14 years ago
"men
aç" diýen adam göremmok,
aýliklar has gowy bolup bilerdi
diýersiň belki, oňada jagyby inha,
turkiýa görä hasap çykaryp
bereyin:
kwartira : 400 - 500$
tok puly : 100$
gaz puly : 100$
suw puly : 50$
benzin pul: 120litr =360$
jemi=1100$
we turkiýada ortaça aýlyk 900$
haa, bu zatlar bizde mugt
bolmasyn meň aýlygyma goşup
berilsin diýýän bolsaň, biziň
ýurdumyzyň yerleşýän ýeri
amatly däl, we tebigi
baýlyklarymyzy satmak kyn.
döneýin öz watanyma, gadryny
bileňňok ,
ceriumoxide | 2008-05-29
23:51:19
Eger türkiyede yagday sheylerak bolsa onda aylanayyn türkmenistanymdan!
-
KORDINATOR
14 years ago
- goool su tema geljegini bilyadimda sen.
-
Goool
14 years ago
- shular yaly disskusya edilyan temalary gyzykly goryan
Eziz Turkmen 16 years ago- ey türkmenler,
hemme problemalaryň çözümi halkyň ylym-bilim derejesini götermek. dykkat eden bolsaňyz, hemme erbet zatlar ylymsyz, bilimsiz, psihologiki problemaly, kompleksli adamlardan çykýar. bu çözüm diňe ýokardaky problemalara däl, döwledimiziň hemme problemalaryna çözüm bolar...