Merkezi Aziýanyň sebit boýunça daşky gurşaw merkezi we CAMP4ASB sebit utgaşdyryjy topary bilelikde "Merkezi Aziýada klimatyň üýtgemegi" atly suratly beýany çap etdiler.
Şol beýana görä, Türkmenistanyň territoriýasy klimatyň üýtgemeginden ejir çekjek sebitlere degişli bolup durýar. Şeýle-de, şu asyryň ahyryna çenli, gurak günleriň 40% ýa-da ondan hem gowrak köpelmegine garaşylýar.
klimat uytgemegi 2
Türkmenistan, Merkezi Aziýada temperaturasy uly depginde ösüp barýan (10 ýylyň dowamynda 0,2°C) we ýagynlary uly depginde azalyp barýan (40-50 ýylyň dowamynda 5% gowrak) ýurdudyr.
Adam başyna düşýän parnik gazlarynyň zyňyndylary boýunça, Türkmenistan sebitde Gazagystandan soň 2-nji ýerde durup, Özbegistandan sähel öňde, Täjigistandan we Gyrgyzystandan bolsa has öňde durýar.
Merkezi Aziýada iň yssy howasy bolan Türkmenistan, esasan suw çeşmeleri boýunça özüne klimatyň üýtgeme howpunyň abanýandygyny bilýär we şäher hem energiýa infrastrukturasyny, şeýle-de oba-hojalygyny döwrebaplaşdyrmak üçin birnäçe syýasy we tehniki çäreleri geçirýär.
Türkmenistanyň 2010-njy ýyldaky parnik gazlarynyň zyňyndylary 66 million tonna CO2 (kömürturşy) gazyna deň boldy. Esasy ýangyç we eksport girdeji çeşmesi bolan tebigy gazyň gazlyp alynmagynyň artmagy bilen bir hatarda, soňky 10-15 ýylyň dowamynda, zyňyndylaryň mukdary hem artdy. Türkmenistanyň gazyny häzirki wagtda esasan Hytaý satyn alýar. Türkmenistan Aral deňziniň krizisiniň sosial we ekologik täsirlerini azaltmak üçin, agaç ekmek, suw we oba-hojalygyny özgertmek, howa maglumatyny we gözegçilik ulgamlaryny özgertmek boýunça köp tagalla edýär.
klimat uytgemegi 3
"Ýurduň geografik ýagdaýy, ýagny tomuslaryna örän yssy bolýan günorta bölekleri hem-de daşary suw çeşmelerine örän bagly bolan oba-hojalygy, klimatyň üýtgemeginden zyýan çekip biler. Suw ýetmezçiligi, çöl ýerleriniň köpelmegi, ýerleriň (topraklaryň) zaýalanmagy we tebigy betbagtçylyklaryň bolmagy, oba-hojalyk önümçiliginiň bozulmagyna, azyk howpsuzlygyna we ilat abadançylygyna howp abandyryp biler" – diýip, bilermenler beýanda belläp geçýärler.
Şeýle-de, synda uglewodorodlara bolan garaşlylygy azaltmak we ykdysadyýeti köpdürlüleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada bellenilip geçilýär.
klimat uytgemegi 3
1990-2016 ýyllar aralygynda, Türkmenistanda parnik zyňyndylary yzygiderli artyp gelýär. 1994-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli, elektrik energiýasyny öndürmekde we ulanmakda zyňyndylaryň mukdary 80%, transport ulgamynda 700% (!), başga pudaklarda bolsa 200% artdy. Oba-hojalygyna degişli bolan zyňyndylar bolsa 190% artdy.
Terjime eden: Batyr Bäşimow
TÜRKMENISTANYŇ KLIMATY ÜYTGEÝAR
-
Real.123.
3 years ago
- Bu gowlugyn alamaty dal
-
yashalym
3 years ago
- nik: yashalym
parol: yagysh
agza bolp bilmeyanler ucin!
ODINOKIY 3 years ago- Gurakçylyga Globalny PotepleniŸa Sebàp Boldumyka DiŸan