Oglanlar men aranyza taze geldim, özümem hardcore (sözlükde yok ekeni) Magtymguly hayrany. Yene bir gezek hemmelere salam; GIDIJI BOLMA Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý: Watany terk edip, gidiji bolma! Özüňden egsik bir gaýry namardyň Hyzmatynda gulluk ediji bolma! Hyzmat kylsaň, bolsun bir asylzada, Ata-babasyndan beýik begzada, Her çent eger bolsa aj-u uftada, Ýanyndan bir zaman gidiji bolma! Akmaýyn galmazdyr bir akan aryk, Bir tende adam ki, semizdir aryk, Bar ýüzi burukdyr, ýok ýüzi çirik, Çirik diýip, gaty söz aýdyjy bolma! Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk, Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk, Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk, Ýüwrükni çamanga satyjy bolma! Bir nesihat bereý, pendimi alsaň, İmtiýaz eýlegil, otursaň-tursaň, İdegsiz-habarsyz bir ýere barsaň, Kişi aşynyň duzun dadyjy bolma! Çagyrlan ýere bar, oturgyl, turma, Çagyrylmagan ýere görünme, barma, Uýalmas kişi dek süýrenip ýörme, Buýrulmagan işi ediji bolma. Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym, Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym, Gulagyma bergen pendiň alaýym, Kişige gaty söz aýdyjy bolma. Nem düşmese gökden, ýer neý götermez, Ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez, Är ýigit köňlüne gaýgy getirmez, Namart ogly deýin gaýgyçy bolma. Mert oguldyr, ilge ýaýar desterhan, Dogry söz üstünde berer şirin jan, Ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan, Jäht eýläp ýalan söz aýdyjy bolma. Sahty-dil kükregi hergiz boş bolmaz, Herniçe şatlansa, köňli hoş bolmaz, İki ýagşy bir-birewge duş bolmaz, Ýagşyny ýamana çatyjy bolma. Töwekgel ner erer, endişe – maýa, Köňlüňni iberme her kaýsy jaýa, Barçanyň yşanjy kadyr allaýa – Alladan özgäge söýenji bolma. Okur bolsaň, ok ur nebsiň gözüne, Gara, çyn göz bile müshef ýüzüne, Aldanyp girmegil şeýtan sözüne, Allanyň emrine goýgujy bolma. Eger bolsun diýseň ýeňil, agyrlar, Çykgyl bir ýana, tä, birýan bagyrlar, Ýoluksa gözüňe güň-u sagyrlar, Olaryň halyga gülüji bolma. Kiçiklikden ybadatga boýun goý, Kyýamatnyň oýun kylsaň, oýun goý, Terk edip dünýäni, zowk-u toýun goý, Gir pena ýoluga, gaýtgujy bolma. Uruglyg men diýme, taňla urug bar, Hasab-u mana-ýu wezn, sorag bar, Ýalançy bende, miz, sansyz durag bar, Bilip, ýalgan sözni aýdyjy bolma. Meý içseň mertebe hezar haşrda, Otny ur Kagbaga taryky-künçde, Kurany köýdürip, butga kyl sejde, Merdumga azar iş ediji bolma. Ger tapsaň dünýäde mülki İsgender, Karunyň maly hem bolsa miýesser, Ahyry bolar sen ýerge barabar, Köňülde men-menlik ediji bolma. Eger çendi bolsaň sahyby-mansap, Sözün diňle, köňül bozgunça teňläp, Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň, bil hiff, Goldan gelmez işni ediji bolma. Daň atsa, mollalar çagyrar azan, Bozulmazdyr hergiz kysmatda ýazan, Ýigitlik bossandyr, garrylyk – hazan, Tesbihden özge söz aýdyjy bolma. Aýdarlar: “Ýyrtyk don görse, it gapar”, “Päli ýaman bende, hudadan tapar”, Ahyry bir güni kylar sen sapar, Dar köňül pyglyny tutujy bolma. Kitabyn açyban okyp molla diýr, Gögeredir ýagmyr suwy birle ýer, Alkyşy-fatyha doga bilen är, Mazlumga sütemlik ediji bolma. Yzzat etgen bile kişi baý bolmaz, Her niçe katlansa, mülki şaý bolmaz, Jahany talh edip, köňli jaý bolmaz, Jennete jaýyňdan gidiji bolma. Garrylyk gelgisi bir gün apaty, Ýigitlik gitgisi bir gün kuwwaty, Ganymat bil, gapyl, bu dem-pursaty, Murda dek uzanyp, ýatyjy bolma. İtniň balasyny tula azdyrar, Hojasy geçirer, bende ýazdyrar, Argumak balasy bara ozdurar, Bende sen, hojaňa ýazgyjy bolma. Döwletli ogullar ýaşda baş bolar, Ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar, Birehim zalymyň bagry daş bolar, Barar ýerge kesek atyjy bolma. Är ogul balasy bara beý bolar, Gamçynyň astynda ýaman eý bolar, Märeke görmegen ýigit neý bolar, Geler-gelmez sözü aýdyjy bolma. Mümüniň kinesi-keten roýmaly, Guraýança bolar ermiş mysaly, Köňlüňniň kineden eýlegil hali, Küpür dek kinäni tutjy bolma. Ey köňül, gelgil sen, hakny tapaly, Nebsimiz merkebin münüp çapaly, Aýdarlar: hak ermiş mähr-u wepaly, Şol sözünden hergiz gaýdyjy bolma. Hak ermiş bendäge ýakyndan-ýakyn, Kim nesip eýlese muhubbet çakyn, Jaýba-jaý getirseň bendelik hakyn, Hojanyň buýrugyn goýujy bolma. Man diýdim birniçe pendi-nesihat, Bilseň nesihatdyr, ýogsa pesihat, Pesihat bilmegil, bilgil nesihat, Ýalançy sözleri aýdyjy bolma. Maksat – bu sözlerni kylgyl ygtybar, Umdetil-umra mehter ynak bar, Aňlamaý sözleme: “Tamda gulak bar”, İç syryň kişige aýdyjy bolma. Magtymguly, köňülde köpdür armany, Tapmady akybet derde dermany, Ýetişer bir güni taňry permany, Ruzy-şeb gaflatda ýatyjy bolma.
Salam Men Taze
-
murad-001
16 years ago
- salam ilki bilen hosh geldin men byr zada dushunmedim sen bu goshkyny name sebap bilen yazdyn dine okamak uchinmi ya bu goshky bilen bize byr zatlar diyjek boldunmy
-
d_oguz
16 years ago
- Hos gelipsin dostjan.Goyan gosgyn ucin eline saglyk
-
Eziz Turkmen
16 years ago
- hic kime hic zat diyjek bolmadim. men yaman goni adam, diyjek zadimi goni aydyan, yandan dal. Magtymgulyny yaman gowy goryan, okarynyz yaly yazdym...
-
Dashoguzly
16 years ago
- Hosh geldin dostum. Seni aramızda görmek bizim üçin mertebe.Gowy wagt geçirersin diyip umyt edyan. Goşgylary menem gaty halayan.
-
serahsi
16 years ago
- ilki bilen hos geldin.
hardcore sozem dogry weli yone son yerine devotee sozuni ulansan has dogry body. sol sen aytmak isleyan zadynmyka diydim.
gosgyn uchin minnetdar
-
CeriumOxide
16 years ago
- Salam.
Gaty gowy goşgy, näme sebäpli ýazanam bolsaň sagja bol. Magtymguly, Mollanepes we Gurbannazar agamyzyn goşgularynyň aşygy men.hormat
-
Harmandali
16 years ago
- Salamjyk! Hosh geldin! Yitip gitmersin diyip hemem yene-de goshgulary yazyp durarsyn diyip umyt edyan!
Menem gowy goryan Magtymguly atamyzyn goshgularyny. Taze tema achyp oturmayyn ikibashdan ichi bosh bolar shonun uchin shu yerde on bir gazetdan alan makalajygymy goyyan. Sen gyzyklanyan bolsan okarsynda bir adam okasa-da begenern :)
-
Harmandali
16 years ago
- Professor Mäti Kösäýew hakynda ýatlama-söhbet.
(Magtymguly Atamyz hakynda)
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda, onuň eserleriniň neşir edilşi dogrusynda, magtymgulyşynaslyk ylmy barada söz açylsa bu gürrüňiň bir ýanynda ady tas rowaýata öwrülip giden Mäti Kösäýewiň hem ady agzalýar. Onsuz mümkin hem däl. Megerem bu Mäti aganyň köp ýyllap Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde şahyryň döredijiliginden talyplara ders berenligi üçindir. Megerem şol uniwersitetde Magtymguly muzeýini döredenligi üçindir. Megerem şol uniwersitetde ýetişen ýaş ýazyjy-şahyrlaryň başyny jemleýän Magtymguly adyndaky edebi birleşmäniň ýolbaşçylarynyň biri bolandygy üçindir. Megerem şu zatlaryň hemmesi üçindir. Galyberse-de Magtymguly hakynda ylmy iş, goşgy-gazal, poema ýazanlaryň ilki diňlän leksiýalarynyň Mäti aganyňky bolanlygy üçindir.
Dogurdanhem biz Gurbannazar Ezizow dagydan soň, şol uniwersitetde okap, Mäti agadan Magtymgulynyň döwri, ömri hakynda leksiýa-da diňledik, ýokary baha-da aldyk. Mäti Kösäýew geçen asyryň 60-njy ýyllaryň aýaklarynda Magtymguly adyndaky uniwersitetiň edebiýat kafedrasynyň müdiridi.
Öz döwründe bu oduň-suwuň içinden geçen, köp kynçylyklary gören adamyň özünden birhili biziň göz öňüne getirýän Magtymgulymyzyň keşbine meňzeşlik bardy.
1968-nji ýylyň güýzünde bize uniwersitetiň otagynda Mäti aga leksiýa berip durdy. Gündiz sagat 11-di. Ine şonda Aşgabatda ýer titiredi. Ýer birinji gezek titiräp eýmenç ses edeninde, talyplar ýerlerinden turup, gapa ýönelmäge başlady. Şonda Mäti aga gapynyň agzynda durup: “Gorkmaň, hiç zat bolasy ýok, Hudaý bardyr!” diýip bizi köşeşdirýärdi. Ýer ikinji gezek hem silkdi-de köşeşdi. Giden gitdi, galan galdy. Men şonda Mäti aganyň gorky-hesersiz öz talyplarynyň yzyndan seredip duranyny we soň hem kitap-depderlerini arkaýyn salyp daşaryk tarap howlukman ýöräp barýarka: “Kyrk ýylda gyran geler, içinde ajaly ýeten öler” diýip barýandygynyň şaýady boldum. Kysmata kaýyllyk zandynda bar bolsa-da bardyr, ýöne onuň professor mugallymyň ýany bilen barýan talyplara – bize:
-Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,//
Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat –
diýip, Magtymgulynyň setirlerini ýatdan okap barýanlygy ýadyma düşýär. Megerem Magtymgulyň goşgulary onuň hemme zada – ýaşaýyşa, ömre-ölüme, şatlyga-gussa, kynçylyga, galplyga, hakykata filosofik nukdaýnazar bilen seretmek ukybyny berendir.
Mäti aga kiçigöwünli, päli pes adamdy. “Miweli agajyň başy aşak” diýilşi ýaly, ol mydama ýüzüni aşak salyp, eglibräk ýörärdi. Onuň adamyň, talybyň ýüzüne dikanlap seredenini gören ýokdy. Bu hakda bizden öň okan talyplaryň arasynda şeýleräk gürrüň bardy. Ony şu ýerde mysal getiräýeliň.
Sapaga ýetişmeýän talyplaryň 1-2 öz gezeklerine ökde talyplaryň birini Mäti aganyň ýanyna synaga girizýärler. Ol synagdan geçip, beýlekiniň deregine ikinji gezek synaga girende, Mäti aga ökde talybyň ýüzüne seretmän:
- Şu köwüş indi üçünji gezek gelýär. “Metjidiň agzy açygam bolsa, ite-de uýat ýagşy” diýipdir.
Ol biziň agşamlaryn aýda bir gezek geçýän Magtymguly adyndaky edebiýat birleşmämize yzygiderli gatnaşardy. Birleşmä Halyl Kulyýew, Nazar Gullaýew, Kakajan Ataýew, Begmyrat Ussaýew ýaly mugallymlar hem gelerdi. Mäti aga her bir talyp şahyryň gowy goşgusyna begenerdi. Ol meniň okuwyň birinji ýylynda ýazan “Kolhozçy gyza” diýen goşgymy aýratyn gowy görerdi. Maňa her gezek “hany, şol aýagy galoşly gyz hakdaky goşgyňy ýene bir diňläli” diýerdi.
Mäti aga özüni talyplardan ýokary tutmaýardy. Sada göwni açyk bolansoň talyplar ony sylaýardylar we gowy görýärdiler.
Mäti Kösäýew Magtymgulynyň goşgularyny çapa taýýarlamakda, neşir etmekde, onuň goşgularyny ile ýaýmakda – wagyz etmekde köp işleri bitiren adam. Üns berip görseňiz, Magtymgulynyň eserleriniň neşirleriniň birnäçesinde Mäti Kösäýewiň ady bardyr. Men uniwersiteti tamamlap, 1972 ýylda “Türkmenistan” neşirýatynda redaktor bolup işe başladym. Ine şol döwürden başlap, men öz mugallymym bilen Magtymgulynyň kitaplaryny çykarmaga gatnaşdym. Has dogrusy Magtymgulynyň çykan her gezekki neşirine meni redaktor belleýädiler. Sebäbi meniň Magtymgulynyň eserleriniň dürli neşirlerindäki söz, setir, dyngy belgi, sazlaşyk, logiki näsazlyklary hakynda “Magtymgulynyň öwran öwran” makalamyň “Edebiýat we sungat” gazedinde çapdan çykmagydy. Makalany Mäti aga okap halapdyr we köp pikirleri bilen ylalaşypdyr. Şol makalada görkezilen säwlikleri Mäti aga kitabyň toplaýjysy bolansoň, meniň bilen bile oturup düzeldişdi. Meselem: 1957 yýylda neşir edilen bir tomlukda şahyryň “Boýlaryňa” diýen goşgusynda şeýle bent bar:
Gören aşyk pida bolar,
Il gününden jyda bolar,
Magtymguly, geda bolar
Din-keramat boýlaryňa –
Bu bentde gradasiýanyň/ kem-kemden güýçlenmek kadasynyň/, logiki yzygiderligiň bozulýandygy anyk görünip dur. Aşyk pida bolandan soň, geda bolup bilmez-ä. Ol ilki geda bolýar, soň jyda bolýar, iň soňunda pida bolýar. Şeýlelikde Mäti aga bilen bu bendi şeýle üýtgetdik.
Gören aşyk geda bolar,
Il-gününden jyda bolar,
Magtymguly, pida bolar
Din keramat boýlaryňa.
Ýa-da gündogaryň dörtleme-murapbag görnňşinde bendiň dördünji setirindäki sazlaşyk iki gezek gaýtalanmaly däl. Öňki neşirde Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” diýen goşgusynda:
Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört atly gelip: “Turgul!” diýdiler.
“Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda,
Ol ýerde ärler bar, görgül!” diýdiler.
Soň yzdaky bentleriň birinde “turgul” diýen sazlaşyk ýöene-de gaýtalanýady.
Näçe hyýal etsem, ele getirdim,
Kaýda baksam, oňa nazar ýetidim.
Bu hal ile men parahat ýatyrdym,
Ýüzüme tüýgürüp, “turgul!” diýdiler.
Soňky mysaldaky sözi ikä boldük. Ine şeýdibem “Tur, gul!” diýdiler diýen dogry nusga tapyldy. Ýagny erenler şahyra ak pata berip, ýüzüne tüýkürýärler. Bu ýerde ýüzüne tüýkürmek ýaramaz manyda däl, ol sufistik termin. Şeýle düzeldişleriň ýene biri. Öňki neşirlerde “Gözüm düşdi”, “Gan çykar” diýen gazallar goşgy görnüşinde berilipdir. Kitanyň korrekturasyny okap otyrkam göwnüme çiglyk gitdi.Sebäbi käbir bentlerde sazlaşyk bozulýardy. Hernäçe pikirlensem-de sazlaşygyňň düzüw görnüşi kelläme gelmedi. Şonda korrekturanyň bir nusgasyny akademik Baýmuhammet Garryýew okamaga alyp gitdi-de yzyna getirdi. Soňra biz bu döretmäniň ikisinem Mäti aga bilen gazal görnüşinde ýazyp gördük. Olar dogurdan hem içki sazlaşykly gazallar eken. Ine, şeýdip bu näsazlyk kitap çykmanka düzeldilip ýetişdi.
Şeýlelikde, öňki neşirlerde giden grammatiki, logiki, tekstologik taýdan birnäçe ýalňyşlyklar düzeldildi. Meselem:
Minnet bilen kylgan namaz ýol almaz
diýen setir
Minnet bilen kylnan namaz ýol almaz,
diýip düzeldildi. Ýene bir mysal şahyryň “Donly görner” diýen goşgusynda şeýle bent bardy:
Pikir et, başa iş düşende,
Yssy ýokdur, soň puşmanda,
At meýdanda, är duşmanda,
Toýda tirme-şally görner.
Bu ýerde sazlaşyk bozulýar, logika-da. Başa iş düşenden soň, pikir edeniň haýry ýok, üste-üstüne-de, “düşende” bilen “puşmanda” sazlaşmaýar. Ony:
Pikir et başa iş düşmände,
Yssy ýokdur, soň puşmanda
diýip, sazlaşygy dogurladyk welin logika hem düzeldi duruberdi. Elbetde bu säwlikler Magtymgulynyň säwlikleri däldi, olar ençeme golýazma nusgalarynda giden ýalňyşlyklar.
Mäti aganyň ýazan ylmy makalalary owal özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilen hem bolsa, ol kitaplar häzir hiç ýerde tapdylanok. Mäti Kösäýewiň edebi mirasyny doly toplap, neşir edilse, türkmen halkynyň edebi, medeni ýadygärliklerini, halk döredijiligini toplamakda, ile ýetirmekde köp işler bitiren sarpaly professorymyz, mugalymymyz, uly alym, magtymgulyşynas, ajaýyp adam Mäti Kösäýewiň ruhuny şat ederdik. Galyberse-de magtymgulyşanas Mäti aga hakyndaky ýatlamalar oňa bagyşlanyp ýazylangoşgudur poemalar özbaşyna kitap edilip çap edilse, uly sogap bolardy.
Atamyrat Atabaýew (TM halk ýazyjysy)
-
mylayym
16 years ago
- Harmandali tuweleme sen bara ay yok sen yaman gowyja gyz, hhic yaltananok, men okamaga yaltanyan yazmaga anyrda dursyn:)))))))))))
-
serahsi
16 years ago
- harmandali makalan ucin minnetdar.
hemmesini yaltanman okadym.onatzatlar bar.
yone men 1je soragym bar.
men kan turkmen edebiyatyny doly bilemok.mekdepdekam turkmen dili edebiyat molumym magtymgulysynas diyip Mati Kosayewi okadadypdy. Basgada magtymygulysynaslar bamyka?Yagni magtymgulyny ogrenyan we ile dogry tanadyan Mati Kosayew yali professorlar?
-
hoshowaz
16 years ago
- salam eziz turkmen gardash! hosh gelipsin sapa gelipsin, dowletlimi ya-da dowletsiz(ona ozun karar ber) gapa gelipsin. yone hemmanizin fykgatynyza kabir zatlary yetirmekchi. olam shu: magtymguly pyragydan yazan goshgularynda menin bilshime gora shu yalnyshlar bar:
Bar ýüzi burukdyr, ýok ýüzi çirik,
bolmalysy:
bir ýüzi burukdyr, bir ýüzi çirik,
Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,
bolmalysy:
Aslyna dartadyr ýüwrük, çamanlyk,
Çagyrlan ýere bar, oturgyl, turma,
bolmalysy:
Çagyrylmagan ýere görünme, barma,
Çagyrlan ýere bar, otur-da, turma,
Çagyrylmagan ýere barma, görünme,
Nem düşmese gökden, ýer neý götermez,
bolmalysy:
Nem düşmese gökden, ýer ner getirmez,
Barçanyň yşanjy kadyr allaýa –
bolmalysy yalnyshmasam shu:
Barçanyň daýanjy kadyr allaýa –
Okur bolsaň, ok ur nebsiň gözüne,
bolmalysy:
Okyr bolsaň, ok ur nebsiň gözüne,
Çykgyl bir ýana, tä, birýan bagyrlar,
shulam birhili. anyk bilemok weli sheylerak bolmagy mumkin:
Köp sözleýip agyrtmagyl bagyrlar,
Eger çendi bolsaň sahyby-mansap,
bolmalysy:
Her çendi hem bolsaň sahyby-mansap,
Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň, bil hiff,
bolmalysy yalnyshmasam shu:
Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň, bol kap,
Tesbihden özge söz aýdyjy bolma.
bolmalysy:
Bossangy hazanga satyjy/çalşyjy bolma.
men bu zatlary yazanymda yanymda kitap yokdy. kellamde galanlary yazdym. tankydy zatlar yazjak wagtynyz shu meselani gozonunde tutmagynyzy hayysh edyan!
-
d_oguz
16 years ago
- tuwelwme hosowaz senin bilen guwanyas berekella..
-
guler_yuzli
16 years ago
- tuweleme men aramizda sheyle watansoyuji, gymmatliklarymyza chyn yuregi bilen eye chykyan yashlarymyza guwanyan:)
BEREKELLA
-
CeriumOxide
16 years ago
- hoshowaz!
Magtymagulyň goşgulary hemme kitapda deň gelenok, sssr döwrinde çap edilen kitaplaryň arasynda tapawutlar bar, meselem shu wagt ýadyma düşýäni:goşgyň ady; döke başlady, 2. topbagyň 3. setiri;
1.ýerde: kazylaryň käri çaý bilen nasdyr
2.ýerde: kazylaryň käri çilimdir nasdyr
-
Harmandali
16 years ago
- Hoshowaz Magtymgulyn bir goshgusyna yalnysh yazylypdyr diyjek bolsan ya-ha kitapdan seret ya-da shol goshgyny dolyja yatdan bilyanine ynamyn bolsun son yalnysh diymage chalsh. Sebabi barde yalnyshlyk yok.
Bolmalysy diyip duzeldip yazanlaryn dogry dal sen olary beyleki setirleri bilen ya-da olaryn manysy bilen garyshdyrypsyn! Men yanymda kitap bar! Galyberse-de sen ol duzeden yerlerin kabirlerinde many yitya.
Okur bolsaň,
Shu yerde “ok urar bolsan” diyen manysynda ulanylyar.
Çykgyl bir ýana, tä, birýan bagyrlar
Kitapda yazylshycha “bжкмфт” diyip gelya.
Magtymagulyň goşgulary hemme kitapda deň gelenok, sssr döwrinde çap edilen kitaplaryň arasynda tapawutlar bar,
Magtymgulyn 3 tomlyk kitabyndaky goshgulary dogry gornushunde gelya. Shol 3 tomluk kitaby hem (1 tomy) 1992 ylda chykya. SSSR dowrundakiler den gelmeyan bolmagy ahmal sebabi dini yazgylary gadagan edip chap etdirmeyaler
-
Harmandali
16 years ago
mekdepdekam turkmen dili edebiyat molumym magtymgulysynas diyip Mati Kosayewi okadadypdy.
A biz mekdepde hich zadam gechmedik “magtymgulysynas”-yn name diymekdiginem bilemokdym.
Hawa bashga-da bar, olardan in kop tanalayanlary shular: Aman Shyhnepesow (ol “Magtymgulynyn aleminde” diyen ylym ishinde Pyragynyn dini garayshy we omrunin manysy barada gurrun berya), Ahmet Bekmyradow (Pragynyn doredijiliginde zhanyr ayratynlyklaryny achyp gorkezyar ol “Magtymgulynyn doredijiliginde shahyrana dal we tazechillik gozlegleri” diyen ishi yazdy), Akademik Baymuhammet Garryyew (ol “Magtymguly we onun cheper dili” diyen 2 tomluk kitabyny chykardy, “Magtymguly” diyen kitaby hem bar we sh.m. ishleri bar), Muhammetnazar Annamuhammedow (“Magtymguly, gizlin syryn bar ichde” atly kitabynda Pyragyn shygyr dunyasindaki ideyalaryn koki islam, sufizm, sholastiki we dunyewi ylymyn taryhy bilen ayrylmaz utgashyklykda derneyar), Ashyrpur Meredow (“Magtymguly we Gundogar edebiyaty”, “Magtymgulynyn golyazmalarynyn Dashkent nusgalary” atly makalalary, “Magtymgulynyn dushundirilish sozlugi” atly 1273 sapaly 3 tomluk kitaby bar)..
Bashga-da shahyrlaryn kopusi ol hakda yazypdyrlar. B.Kerbabayew.
-
hoshowaz
16 years ago
men bu zatlary yazanymda yanymda kitap yokdy. kellamde galanlary yazdym. tankydy zatlar yazjak wagtynyz shu meselani gozonunde tutmagynyzy hayysh edyan!
menin yazanlarym barada tankydy jogap yazyanlara jogap yokarda. hoshowazdan hoshowaz.
hoshowaz | 2008-05-25 08:03:18
-
antalya_2008
16 years ago
- salm dost. okanyn üçin teşekür ederim. men bu zatlaryn şayady. men bu zatlary yazmasan turkmenistan çoh bozuldy.
-
millet--paraz
16 years ago
Oglanlar men aranyza taze geldim, özümem hardcore (sözlükde yok ekeni) Magtymguly hayrany.
Eziz Turkmen 2008-05-20 17:49:16
ey Eziz Turkmen! sen bu sözüň (hardcore) manysyny bilyäňmi? bilyän dälsiň. bilen bolsan, yazmazdyň. ine, o sözüň manysy: oka:
hardcore - "жесткая" порнография. Игровой фильм, состоящий преимущественно из сцен половых актов с отображением половых органов в отличие от "мягкой" порнографии [softcore]. Этот критерий часто применяется при рейтинге кинофильма. syn: hardcore pornography Nielsen rating, X-rated movie.
indikile bu sözi ulanmajak bolaweri. haýyşt!
-
gorgon
14 years ago
- salam agzalar men size kop sagbolsun bydyaryn. Siz gyzykly makalalar yazypsynyz. Men mati agany yany-yakynda tanadym nahili shahsyyet bolanyny sebabi onun agtygy uniwersitetda 5 yyllyk talyby ady mati kosayev atasynyn at dakylany. Ol bizin basketboll toparymyzy agzasy.
mylayym 16 years ago- Salam hosh gelipsin