Bir gulogy agyr kerräk oglanyñ dermanhana baryp doktordan derman soraýyşy. Doktor özünden beter samsyk bolup çykaýypdyr. (Gysgajyk degişme stilinde)

Salam doktor derman ber
Gulok agyra garşylyk
Çep gulogum aşa ker
Et bir gezek ýagşylyk

Salam sana müşderi
Kerligiñ dermany bar
Syçsyn akja kepderi
Her kim şo dermana zar

Samsykmykam ýeke özüm
Diýsem asyl beýle däl
Doktor sen samsyklygyñ
Artyk gelýä gerek däl

O dermany etmeseñ
Başgada bar cäresi
Ýap guloguña ýandagy
Tikenekli cägeli

Maslahatyñ ajaýyp
Puluñ çensize ýetsin
Ýöne çägeli ýandak
Özüñe nesip etsin

Ýa-da inim guloguña
Ýene bir dermany bar
Tut guloguñ düýbüni
Şapbadymda jady bar

Sagbol agam gerek däl
O dermandan ýadadym
Kerligimiñ sebabem
Şo dermany barladym

Çep guloguñ kerligine
Sagyñ gaty görerli
Şon ücinem han ogul
Gel onyñam göreli

Şeyle-de gulok harap
Gowusy indi ýöräýin
Dälilerden başgarak
Dermanhana gözlaýin

Awtor:Dogrudawalla 29.01.2021

Edebiýat, Dogrudawalla tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir