Suwuň reňksizdigini hemmämiz okandyrys ýa-da eşidendiris. Bilermenler suwuň hem reňkiniň bardygyny belleýärler. Suwuň diýseň solak gök reňkiniň bardygyny aýdýarlar. Daş-töweregimize syn edýän bolsak, akar suwlaryň köpüsi mele reňke ýakyn bolýandygyny görendiris. Sebäbi onuň düzümindäki gyrmançalar suwuň şeýle reňkde bolmagyna täsir edýär. Deňiz suwy bolsa, gök bolýar. Onuň hem sebäbi suw asmanyň reňkini yzyna serpikdirmegi bilen baglydyr. Şeýlelikde, ol bize mawy bolup görünýär. Emma aşagy ak reňkli uly göwrümli ýapyk howza syn edenimizde hem onuň dolulygyna düýbi görnüp duran däl-de, solak hem bolsa gök reňklidigini görýäris. Şeýle hem buzuň içine seredilende hem gök reňkiň bardygyny görýäris. Bularyň hiç birinde hem asmanyň reňkiniň täsiri ýok.
Ýeri gelende aýtsak, deňiz suwunyň reňkinde diňe asmanyň reňki däl, eýsem suwda ýaşaýan örän kiçi jandarlaryň we otlaryň hem täsiri bar. Derýadyr kiçiräk köllerde bolsa, suw köplenç ýagdaýda bulançak bolýar. Bulanyk suw şöhläni has köp yza serpikdirýär. Şol sebäpli onuň içini görüp bolmaýar

Bilim, Men_ve_Sen tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir