Göter diýip tagna, terene etme,
Dünýä mesi bir murdara ýaraşmaz.
Nesihat bermeklik, öwüt öwretmek,
Taňry guýan akyl äre ýaraşmaz.

Asly musulmana dininden dönmek,
Ömre ygtybar, jan barlygyna ynanmak.
Begres geýip, bile kemer guşanmak,
Çölde gezen çopanlara ýaraşmaz.

Kümüş bolmaz ýagşy zikge ursaň mise,
Gahry gelmez eger gul diýseň tüýse.
Öwüt tutmaz, öwüt berseň bir pise,
Ýagşy taglym ýaman ýara ýaraşmaz.

Näsazlyk ata-ogul biri-birine,
Gitmeklik ýaraşmaz gyz ýas ýerine.
Haýasyzlyk, şerimsizlik geline,
Oral garry aýal töre ýaraşmaz.

Boş gaýtarmaz, dileg etseň bir mertden,
Müň ýalbarsaň işiň bitmez namartdan.
Ker hem lezzet tapmaz asta söhbetden,
Idegsiz gezmeklik köre ýaraşmaz.

Aryplara oýnamaklyk, gülmeklik,
Dünýälik diýip ýügürmeklik, ýelmeklik.
Aşrat sürmek, aş mazasyn bilmezlik,
Ejiz düşen bir biçärä ýaraşmaz.

Ýada hem näz etmek, öýke-gardaşa,
Pala, gurra uýmak, ynanmak-düýşe.
Dogaça-utanmak, gahar-derwüşe,
Nebs üçin il gezmek, pire ýaraşmaz.

Bigadra-gadr etmek, näkese-hormat,
Ýakyna-hat ýazmak, ýyraga-sargyt.
Abdala-nik puşeş, aşyga-rahat,
Hatarda boş gitmek, nere ýaraşmaz.

Ite-palaw bermek, ata hem-kepek,
Owlak,guza-nogta, kökene-köşek.
Alamana-ýaby, ýaryşa-eşek,
Toýa münüp gitmek sygra ýaraşmaz.

Doňuz çyksa depä, jeren hem daga,
Bilbil hem jeňňele, garga hem baga.
Pyşbaga agaja, uçsa gurbaga,
Kelpezeden gaçmak, mara ýaraşmaz.

Mur yssa çydamaz, sowuga-kelguş,
Ýele hem-ýerbeze, köp ýagmyra-muş.
Şor aba hemdüňe bahr içre harguş,
Näheň oýnap çyksa gyra ýaraşmaz.

Aýdýar Zelili hasta-hoşroýluk,
Gerk uzak ýaşamaz, pile-garrylyk.
Gurda-dilegçilik, baýguşa-horluk,
Tilki awun iýmek, şire ýaraşmaz.

Edebiýat, Нежная леди tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir