Häzirki döwürde iň gülleýän biznes internet.Munuň şeýledigini dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyna seredeniňde-de mälim.Şu sowukda bazarda üşäp kartoşka-sogan satýan adamlary ol sanawda orun alyp bilmejegi aýnada gören ýaly hakykat.Bill Gates,Jef Bezos,Mark Zuçerberg,Google komaniýasyny esaslandyryjylar bu sanawuň esasy kerwenbaşylaryndan.Internet älemiň ägirtleri.Dünýäniň ençeme ýurtlarynyň adamlary özleriniň esasy kärlerini taşlap blogerlige ýüz urup gidendirler.
You tuby bolsa häzirki döwürde bilmeýän adam ýok.Türkmenistanda köpçülükleýin ulanmaga mümkünçilik bolmasa-da,ösen ýurtlaryň ençemesinde you tube arkaly öz biznesini ýöredýän adamlar bar.You tubuň esasy şertleriniň biri öz widiolaryňa tomaşa eden adamlaryň sany näçe köp bolsa şonça-da biznesiň gowy ýöreýär.Adamlary adaty zatlar bilen özüňe çekmek asla mümkün däl.You tubeden başga-da biznes ugurlary gaty köp.Mysal üçin:Ine şu saýtda-da mowzuklary iň köp görlen adama ýa-da günde 3 mowzuk açan adamlara aýlyk berjek diýýän agzalaram tapylýar.Edil şonuň ýaly dürli şertler bilen adamlara birnäçe müň dollardan birnäçe ýüz müň dollara çenli peýda gazanmagyň usullaryny hödürläp biljek biznesmenler ýok diýip bolmaz.Edil şol biznes maksadynda adamlary has köp özüne çekmek üçin blogerler adatdan daşary zatlary tapyp internetde ýerleşdirýärler.Ýer aslynda tekiz,başga planetalar ýere çozanmyşyn,masonlar bir zat edenmişin...
Ol blogerler şeýle bir akylly welin,şeýle bir ynandyryp,subutnamalar tapýarlar welin,nädip şolara baglanyp galanyňy özüňem bilmeýäň.Gözbagçylar ýaly adamlaryň gözüni baglap goýýalar.Olara welin bu işleri etmek üçin adamlaryň azajyk ynamy bolsa ýeterlik.Beýni ýalan zatlary hakykat,hakyky zatlary bolsa ýalan diýip kabul edip başlaýar.
Aslynda biziň ynanjaňlygymyz güýçli.Kino seredip oturan wagtymyz esasy gahryman ölse çynymyz bilen gynanýas.Kinodaky zatlaryň bary ýalandygyny bilip,şony kino hökmünde kabul edip,hakykatda şu adam diri gezip ýörä,gynanar ýaly zat ýoga diýäýmeli ýaly.

Sorag-jogap, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir