Baryň aýdyň oňa ýatlaýanymy,
Ýatlap gijelerine ýatmaýanymy,
Ara ençe salym giren-de bolsa,
Söýgä sadyk, özgä bakmaýanymy.

Suratlaryny synlap oturýanymy,
Sesini şeýle bir küýseýänimi,
Garran bir goja deý bakyp umytly,
Ýollara göz dikip, gözleýänimi.

Adyny her demde tutýandygymy,
Salam hatyn ysgap, öpýändigimi,
Onsuz her geçen gün dowzah mysaly,
Dowzahda tükenip, öçýändigimi.

Ýatladyň nämeler edendigini,
Onsuz ne günleri çekendigimi,
Gözüm ýok başgada, şoň gözleginde,
Saýlap diňe şony seçendigimi,

Bilýän göz ýaşynyň damandygyny,
Ökünip ýüreginiň ýanandygyny,
Oýlansyn elbet-de ýene men hakda,
Ony söýen kişiň adamdygyny.

Aýdyňlar siz oňa bagyşlajagymy,
Ýöne bilmek islärin ýalňyşmajagyny,
Meniň oňa sözüm hak söýgiň sözi,
Sözüm diňläp, sözden çykmajagyny.

Ýatladyň siz oňa söýýändigimi,
Bilýärin onuňam söýýändigini,
Bilemok näm üçin bir söz sebäpli,
Iki söýgiň eziýet çekýändigini.

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir