Gyzym diýip çagyrsa, how diýip galsaň
Kalbuna ýol tapyp, göwnüni alsaň
Ejemjan diýip ýüzlenseň, ýüzlenip bilseň
Iň bagytly zenan sen, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Ejemjanyň göwni, gyz mährine zar
Üç ogul, bir gyz alyp, çeken kän azar
Şu sözüm unutma, unutma asla
Iň bagytly zenan sen, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Wadama wepa, sözümem taýýar
Söýgülimä bolaňok, mekirje janan
Müň gezek aýtmasam özüňden bilgil,
Iň bagytly zenan sen, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Yba-hyýaňy, özüňde saklap
Ynamym bar meniň, ynanym aklap
Bolaýsam alysda, ýatlap durgun sen
Iň bagytly zenan sen, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Awtor: Pälwan Akmyradow

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir