Bardyr her milletin bir ejiz ýeri,
Seniň ejiz ýeriň - aýan milletim!
Dereleriň aždarhany owsarlap,
Kä özüňe owsar salyp bilmediň,

Däli Domrul bolup iliňe sygman
Köpri gurduň gury çaýyň üstünde
Güýjüňe bäs gelmän,
Donuňa sygman
Garşydaş tapmadyň asman astynda.

Daglarda garpyşdyň gara döw bilen,
Düzde Ezraýyla gurduň darkaşy.
Sen bäs gelmän gaýratyňa, dogmuňa,
Baýik mertebäňden
Aklyň dargady!

Men - menlik eýlärsiň Görogly bolup,
Az görüp jahanyň ýaryn baglanyň,
Pygamberiň kürsüsinde oturan,
Halyfyna
hemle atyp Bagdadyň!

Men - menlik eýlärsiň Alp Arslan bolup,
Men- men diýip daş düşersiň ALLAňdan
Zeminde garşyňa çykjak tapylman,
Käte saňa towky geler asmandan!

Sen beýik türkmensiň,
Gerçek türkmensiň,
Mähribansyň, gara ýer dek türkmensiň,
Nije müň ýyl ýüzüni salyp dor atyň,
Ýüz müň, ýüz müň duşmanyňdan rüstemsiň,
Soltan bolup ýedi yklymy soradyň,
Soltan bolup Watanyňy goradyň,
Goranyp biler sen ýüz müň duşmandan,
Seni men- menlikden ALLAM gorasyn!

"Sen", "Sen" diýseň beýgelersiň türkmenim,
"Sen", "Sen" diýmek bu jahanda derkardyr,
"Men", "Men" diýen çagyň peselersiň sen,
Ýöne nätjek...
...adyňda-da men bardyr!

Azgynlykdan geler belaň ulusy,
Kart bilen pal atar iliň welisi.
Gölegçi patada al şerap içip,
Gusul görmän gider munda ölüsi!

Ulug pirler imanyndan aýrylar,
Ulug ärler ynsabyndan aýrylar,
Durmuş humar bolup keýpi-sapada
Gözel gyzlar ajabyndan aýrylar,
Dost duşman bor,
Dogan bolup saýrylan.

Bela gelse-
Garagyňy gapdyrar,
Bela gelse betpäliňden tapdyrar,
Lut pygamber ýaly abadan ýurduň
Gara ýere hopdurar!
Bela gelse,
Baýlyk- bereket gider,
Rysgal - döwlet gaçyp gider törüňden,
Dowzaha aýlanyp zeminiň üsti,
Ot sowrular atalaryň göründen!

Bela gelse-
Hatar-hatar kerweniň
Kerwanbaşy talaňçy hyrs çykýandyr.
Bela gelse-
Gerçekleriň nerleriň,
Gerräniň başynda
Dyza çökýändir!

Bela gelse-
apat alar jahany,
Aýagyň astyna düşer namys-ar
Bir pul bolup gelin-gyzlaryň bahasy,
Namyssyz il ne-hä ýurduny gorar,
Ne-de Watany!
Türkmen seniň Tuguň namysdyr-ardyr,
Köňül kanagatly ruhuň-da baýdyr.
Hüşgär boluň,
Häzir boluň, bek biliň,
Doklugyň ýanynda doňuzlyk bardyr,
Baýlygyň ýanynda azgynlyk bardyr!

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir