Düşünseň ezizim meniň sözüme
Ganly ýaşy doldurma gyz gözüme
Şu dünýäni bagt saýma özüňe
Şeýtanyň oýnydyr ynansa ýürek.

Geçer ömriň biderek
Güýz gelse ýapraklar gaçar
Bagdan bilbiller uçar
Ýaşlygam bizlerden geçer
Aglama ezizim aglama

Gyzlaryň köpüsi baýlyga maýyl
Gul bolsa bolsunlar barmana kaýyl
Bu dünýede diňe meniň barlygma
Düşünseň bagtyňy taparsyň aýym.

Köp gyzlar düşünmez ýigdiň halyna
Söýgüsin çalyşar haram baýlyga
Men aşyk men seniň şirin sözüňe
Söýgüň bilen bolgun mydam duzemet.

Aýdymyň sözlerini paýlaşan - Perhat Sabirovv
4.01.2021ý 23:20

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir