IHSAN ELIAÇYK: "BULAR HUDAÝA BIL BAGLANOK" 

● Ylahyýetçi Ihsan Eliaçygyñ Odatv saýtyna beren interwýusy 

Ylahyýetçi alym Ihsan Eliaçyk eýýäm birnäçe wagt bäri gyzgyn seslenme döredýän çykyşlary bilen dillerden düşenok...

Günorta Amerikadaky sümme tokaýlaryñ hususylaşdyrykan güni indeýleriñ "mülk Inkiñkidir!" diýip gygyryşandyklaryny aýdan Eliaçyk hut şol günlerde Käbäniñ 120 kilogram altyn bilen nagyşlanan matasynyñ täzelenip, altynlaryñ şol dabara gatnaşan liderleriñ arasynda paýlaşylýandygyna ünsi çekip, bu iki wakany deñeşdirýär we "Alla şol gün Käbede däl, "mülk Inkiñkidir!" diýip bagyran indeýleriñ wyždanyndady" diýýär...

- ... Bular Hudaýa ynanýandygyny aýdýarlar, emma bil baglap bilenoklar. Ynanýar, ýöne bil baglanok. Ynha, olaryñ Hudaýa bolan ynanjy. Ýogsam bolmasa Hudaýa ynanmak başga zat. Kuran zol-zol "Gökden ýagmyr ýagar, ýerden ot biter, Allaha ynanyñ" diýýär, "Ryzkyñyz kesilmez, Allaha bil baglañ" diýýär, "Allaha töwekgellik ediñ, munuñ üçin zat toplamañ" diýýär. Hudaýa bil baglap bilmeýän adam zat toplaýar, özüni gorag astyna almaga jan edýär. Hudaýa bil baglamak, ýagyş-ýagmyra, tebigata, nebata (ösümlige) bil baglamak diýmekdir. Ýaşaýyş bil baglamak diýmekdir. Gytçylyk bolmaz, işleseñ bar zat bolar, gam çekme. Şindi zat toplaýan bolsañ, başgalaryñ zadynyñ azalýandygyny añladýar. Ýer ýüzünde tebigy deñagramlylyk bardyr we bu düzgün deñligiñ üstünde gurulypdyr. Kimdir biri bir ýerde gereginden artyk zat toplaýan bolsa, başga biriniñ zadynyñ kemelýändigini görkezýär. Ýazgyt, kysmat, nesibe - bular Kuranyñ deñlikçi düşünjeleridir. Emma häzirki "öli" Kurany teswirleýişleri bilen bu düşünjeleri ters terjime edip, onuñ hakyky manysynyñ üstüni gömdüler.

Makalany doly okamak üçin aşakdaky linke giriñ:

 http://kitapcy.com/news/2021-01-03-13114

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir