Ökünýär, aglaýar ýalňyşan gözel.
Bir etmesiz işi edipdi ozal.
Ýalňyşyň yzasy gyzy çökerdi.
Öz derdini özi ýalňyz çekerdi.
Indi dert çekmäge galmady takat.

Gyzyňam bolasy gelýärdi rahat.
Aýakda oturgyç, boýnunda ýüpi.
Bölejik kagyza ýazdy şu gepi:
"Haklamadym süýdün emdiren enäň
Bagyşla, kakamjan, öt meniň günäm!!!

Saňa "Kaka" diýmä ýüzüm ýok, ýüzüm.
Terjedim men — indi guş çokan üzüm.
Wah, men ýaşlyk edip namysym satdym.
Seniň abraýyňa garalyk gatdym.
Bagrym kebap boldy, jigerim kömúr.!!!

Meniň dek gyzyňdan Kaka! Ýüz öwür!!!
Men nädeýin bolsa bu ykbalym keç.
Bagyşla, kakamjan, meň günämi geç.
Bilýän, salanymy ýüregňe agram.
Meniň dek adama dar bolar gabram.

Ynamyňy ödäp boljakdym şuglaň.
Öt günämi meniň, mähriban kyblam!..."
Diýdi-de, özüni ýazgardy düýpden.
Oturgyjyn depdi, sallandy ýüpden.
Göm-göge öwrüldi ýüzüniň gany.
Onýançada "hyrka" sogruldy jany…

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir