(Gülnar Geldimyradowa bagyşlaýaryn)


Ýene-de oýamyň gijäňýarymy?
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?

Ýene bir nokady gözleriň bilen
Deşäýjek bolýaňmy?
Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnüň döwülip,
Başyň dumanlymy?
Gursagyň darmy?

Ýene ýel düşdümi naçar ýüregňe?
Damarlaň dartylyp, kirşe döndümi?
Birsydyrgyn günler ýaly pikirler
Çakylyksyz gelip, ukyň böldümi?

Köňlüň kapasadan boşaýsam diýip,
Ýöne el-aýagyň bagly ýalymy?
Ýene-de birahat edýärmi dünýä,
Ýene-de oýamyň gijäňýarymy?..


16.07.2018ý.

Sapa Hommadow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir