Adam bilen haywanyň tapawudy, adamyň haywanlardaky ýaly belli bir hereket edýän programmasy ýok. Haýwan, hemmesem haýwandyr. Emma adam perişdeden ýokarda we şeýtandan aşakda bolup bilme potensialy bardyr. Ine şu sebäpden adamlara umumy bir formula çyzmak aňy pesligiň alamatydyr. Daşary ýurtda okaýan eyle, bizde okayan beýle. Internede girýän akylsyz, girmeýän asylly we ş.m pikirlerde bolan adamlara ýüzlenmäm, adama gezýän, ýaşaýan ýerine, jynsyna, tiresine görä däl-de aňyna we häsiýetine görä baha bersinler.
Internet bolsa nygmatdyr we interneti gyz ulanmaly däl erkek ulanmaly diyilýän pikir, gyz çörek iymeli däl, erkek iymelä barýar. Esasy zat bolsa internete girmeýän gyzyň asyllydygyny aýdyp umumylaşdyrmak hem nädogry. Internetiň jynsy yok. Eger gyzlara oglan gözlemek utandyryjy ýagdaý bolşy ýaly, edil şol dereje oglanyň hem gyz gözlemegi utandyryjydyr.

Anonim
Paýlaşan - Perhat Sabirovv
31.12.2020ý 13:51

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir