Hüşgär boluň, häzir boluň, haýyşym
Döwlet galkyp daş ýaranda bagtyňyz
Berkarar çagtyňyz eserdeň boluň.
Aly kändir
Ýoly kändir haýynyň,
Eger-de bela - beter gelse dok ile
Öňi bilen azgynlykdan gelýändir.
Beýikligiň - myrtar pesligi bardyr,
Doklugyň - Ýigrenji mesligi bardyr.
Pirleriň elinde şeraply bada,
Şeýtanyň elinde tesbisi bardyr.
Pelek pälwan ýaly arşa göterip,
Aýlap - aýlap
Başyň aýlap ýykýandyr.
Açlygy mert çeken ilim
Zybanyňda sena bardyr,
Hüşgär boluň, hüşgär boluň,
Dokluk atly bela bardyr
Ol beladan goranmaga
ne pena, ne gala bardyr,
Abat ili weýran etjek
Haramhordur, haramhordur.
Hüşgär boluň, häzir boluň haýyşym
Döwlet galkyp daş ýaranda bagtyňyz,
Süleýman deý ýel çekende tagtyňyz
Berkara çagtyňyz boluň habardar.
Aly kändir haýynyň
Ýoly kändir haýynyň
Çar tarapdan rysgal döwlet gelýändir,
hem-de
Çar tarapda howp-hatar bardyr.
Bu bir agyp - dönüp duran dünýedir,
Gerdiş - gerdany kän çarhypelegiň.
Bir abadan ili açlykda ýyksa,
Bir ili ol dokluk bilen düňderer.
Doňuz depä çyksa,
Il aglap çyksa,
Duýman durkaň
Düňderiler dünýeler!
Hüşgär boluň, häzir boluň Jahandan.
Kyndyr,
Örän kyndyr gurmak - gurulmak,
Ýüz ýylda gurulan uly döwleti
Ýeke gündeýykyp biler gurumsak!
Haýyşym,Alyna gitmäň haýynyň,
Ata-baba ýoluňyzdan daş düşmäň,
Hudaýyňyzda, Diniňizden daş düşmäň.
Nalaç galar
Iç duşman hem daş duşman!

B.S.T.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir