131. A.B.Ş.-daky entegem üýtgemedik kanunlar bizi şuwagtlaram haýran galdyrmagyny dowam edýär, ýagny Arizona ştatda eger ogry magazindan bir sabyn ogurlasa, onda kanun tarapynda şol sabyn gutarýança ogry durman elini ýuwmaly. Gari şäherinde Indeonapalisde sarymsak iýeniňizden soň 4 sagatlap awtobus, taksilerden peýdalanmak we kino-teatrlara hem teatrlara barmak gadagan. Massaçusets ştatda bolsa alkagolly içgileri dik durup içmek gadagan, hatda barlardada(spirtli içgiler içmek üçin niýetlenen ýerler "Бар").

132. Ýer-ýüzündäki iň ýiti gözli jandar bu Algyr-Laçyndyr. Ol mawy gögörçüni 8 km-den saýgaryp bilýär.

133. 1983-nji ýylyň 6-njy martynda "Motorola" kompaniýasy, dünýäde ilkinji bolup el telefonyny çykardy. Bu telefony çykarmak üçin 15 ýyl we 100 milion dollar sarp edildi. Apparat "Dyna Tac 8000X" 800gr agyrlykda bolup, akumlýatorynyň güýji 1 sagat gürrüňdeşlige ýetýärdi. Ilki başky bahasy bolsa 4000$.

134. 3000-dişli ak-akula dünýäde iň köp dişli jandar diýip aýtsak biz ýalňyşars. Eger dogry hem gönümel hasaplasak, onda üzüm-ulitkasynyň dişininiň sany 25 000.

135. Gazet(Italýan dilinde: Gazzetta) diýilip XVI-asyrda Italiýada ownuk-uşak teňňe pullar atlandyrylýar eken. Wenesiýada ine şu gazzetta bilen, bir bölek habarly kagyzy satyn alypdyrlar. Şeýlelikde teňňäniň ady bir bölek kagyza geçýär.

136. Tokaýyň köp guşlary garynjalara suwa düşýärler, ýagny ol guşlar, garynjalaryň öýleriniň üstüne gonup peşäp tozan galdyrýarlar. Garynjalar bolsa bu garagol guşlara "Garynja-Kislotasyny" pürkýärler. Şeýdip bu guşlar, endamlaryndaky parazitlerden saplanýarlar (Üns berýän bolsaňyz öý-towuklary hem şuňa meňzeş hereketler edýärler).

137. Haýsydyr bir Wenseslao Migel, Meksika rewulasionerleriň tarapynda söweş edip, 1915-nji ýylyň 18-nji martynda ele-düşüp tutulýar we, şol bada atuw jezasyna höküm edilýär. Wenseslao 9 okdan ýaralanyp, barlag üçin ofisier tarapyndan gönümel kellesinden atylýar. Wenseslao bu ýaralanmalardan soň diri galman, eýsem oňki jan-sag durmuşuna dolanyp gelýär.

138. Öý pişikleri, suwy halanoklar we suwdan gaçýarlar. Suwuň golaýyna diňe suwdan ganmak üçin gelýärler. Şondada dünýä boýunça pişikler iň arassa haýwan hasaplanýar we olaryň derleýiş sistemalary ýokdur.

139. Finlýandiýanyň sürüjilere garşy ştraflary aždarhaňky ýaly. Ýagny sürüjini düzgün bozan ýerinde ştraf etmek bilen çäklenmän eýsem "Sürijiniň ýadawlygy, ýüzündäki argynlygy" üçin hem ştraf edip bilýärler.

140. 1918-1919-njy ýyllarda, 18 aýyň içinde Ispan-gribinden(испанки) ýer ýüzünde 550 milion adam keselläp, 50 milion adam jan berdi. Ýogsada bu gribiň görnüşi Amerikada döreýär, emma Ispan žurnalistleriniň köp çap etmeginde bu grip "ispanka" ada eýe bolýar.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir