Her aýda bir gezek on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman.
Her aýda on sekiz manat gelende,
Begenerdim. Enem aglardy, arman.

On sekiz manady kim berýär bize?
Kim unutman, otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişde
Biziň şol pula-da zardygmyz görýär!?

Enem pahyr käte açýar ýüregni,
Diýýär ol: “Pullary iberýär kakaň”.
Men diýýärin: “Näme özi gelenok,
Bu ýerde ejesi hem ogly barka?”

“Geler” diýp, göz ýaşyn süpürýär enem.
“Geler, agtyjagym, geler ol hökman.
Ikimiz dükana gidermiz ýaly,
Ol daşda işleýär hiç ýere çykman”.

Garaşdym, garaşdym, dokuz ýaşadym,
On üç hem ýaşadym, kakam gelmedi.
On sekiz manady iberdi durdy,
Emma hütdügmize nazar salmady.

Asyl kakam ölen eken uruşda.
Men baky ýas tutdum bilenim üçin.
Döwlet berýär eken şojagaz pulam,
Frontçynyň ogly bolanym üçin.

Ýene garaşaryn, saçam agarar,
Ýöne indi bilýän, gelmez meň kakam.
On sekiz manady unutmaryn hiç,
Gursagymda ynsan ýüregi barkan.

Sebäbi on sekiz manat gelende,
Ýas bürenýär eken biziň köne tam.
Her aýda on sekiz manat gelýärdi,
Her aýda bir gezek ölýärdi atam.

Atajan Tagan 1961
Paýlaşan - Perhat Sabirovv

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir