Eziz doganlar, älemlere rehmet bolup iberlen Muhammet (S.A.W) Pygamberimiz hadyslarynda aýdýar:
- Dünýewi lezzetleri ýatyrýan we işdäñizi pozýan ölümi köp ýatlañ. Ölümi köp ýatlañ. Sebäbi ölümi ýatlamak günleri arassalar we dünýä baglanmakdan sizi alyp galar. (Tirmizi)
Kurany Kerimde şeyle diýilýär:
- Haýsyñyz has gowy amal eder diýip ölümi hem, ýaşaýşy hem ýaradan oldur.(Mülk2)
Şonuñ üçin ölüm Allahdan gelen bir hakykat salamydyr. Dünýä her gelen gitjekdir, her doglan öljekdir. Her dem alyşymyz ölüme tarap bir ädimimizdir. Ölüm ynsany ahyrýete alyp barýan we gaýdyşy bolmaýan mejbury ýolagçylykdyr. Ynsan bu ýolagçylygy duruzmak üçin elindäki bütin mallary sowsa hem başartmaz. Sebäbi Allahyñ goýan kanunyny üýtgetmek mümkin däldir. Beýik Rebbimiz Kurany Kerimde şeýle diýip aýdýar:
- Her bir janly ölümi dadar. Soñra bize gaýtarylarsyñyz (Ankebut57)

25.12.2020ý 22:34

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir