IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 5

81. Elektrigi iň gowy geçiriji metal kümüş. Iň gaty metal, wolfram. Ondan beter gatysy hrom. Iň ýumşagy sezin bolsa +28°-da ereýär.

82. Haýwanlar hem düýş görýärler.

83. Sarymsak-antibakterial we wiruslara garşy bolman eýsem çybynlary hem gorkuzýar.

84. Iň ýaş är-aýal 1910-njy ýylda hytaýda hasaba alynypdyr. Şonda äri 9 ýaşynda, aýaly bolsa 8 ýaşynda eken.

85. Pingwinler sowukda doňmazlyk üçin bir birlerine ýakyn-gujaklaşyp durýarlar. Şonda howa -30° bolanynda şol gujaklaşyp duran toparyň ortasy +20°-a ýetýär. Haýwanam bolsalar, başga pingwinlerem gyzyp ýylanarýaly ortadaky pingwinler toapryň gyrasyna çykýarlar, ýene orta girip ýene şeýdip aýlanyp durýarlar.

86. Towşanlar we kengurular, ädim-ädip ýöräp bilenoklar. Olar hatda azajyk ýöremek üçinem çalaja bökýärler.

87. Dünýäde ýeketäk böküp bilmeýän jandar diýilip şuwagda çenli piller tanalýardy. Emma täzelikde begemotlaryň we nasaroglaryňam böküp bilmeýänligi açyldy.

88. Dubaýdaky "Burj al-Arab" oteliniň bir gijeki nomeri ortaça 18000$ dollar. Ýöne bu dünýädäki iň gymmat otel däl. "Roýal Penthouse Suite" Ženewadaky "Hotel President Wilson" oteliň bir nomeri, bir gijelik 65000$.

89. Gadym Wikingler söweşde, garnyndan ýaralanan ýoldaşlaryna sogan iýdirip az wagt garaşypdyrlar. Soňra ýaraly garyny ysgap görüpdürler. Eger ýaradan soganyň ysy gelse, diýmek aşgazan ýyrtylypdyr, onda ol ýaralynyň ýaşamajagy belli, ýaralanana aňsat ölüm bermek üçin onuň ýüreginden urup öldürüpdirler. Eger sogan ysy gelmese diňe şonda, hassany bejeripdirler.

90. Ortaça 17 trilliondan 1 adam 4 aýda 2 lotereý utup biler. Şeýle puryja Amerkanyň Nýu-Jersi ştatynyň ýaşaýjysy Ewelin Adams-a düşdi. Ol 1986-njy ýylda iki lotereýäni utan adam. Onuň utan pulunyň jemi 5,4 milion dollar. Gynansakda oňa iň şowly adam diýip bolmaz. Sebäbi ol şo pullary gaty bahym sowup gutarypdyr we inni treýler-öýde(wagonçikda) ýaşaýar. Ine şu sebäpli hem "Samsyga milion dollaram az" diýilen şygar çykýar.

91. Käbir lenta-gurçuklary, iýmitiň ýok ýerinde öz-özleriniň 90%-ni iýip, soňra bolsa öňküleri ýaly ýaşap bilýärler.

92. Deňiz pyşdyllary hemişe aglaýarlar. Şeýdip olar öz endamlaryndaky artykmaç duzdan saplanýarlar. Göz mäzleri, böwreginiň hereketini ýerine ýetirýär.

93. Adamyň agzyndaky suwuklygyňam bakteriosid häsýedi bar. Ine şol sebäpli agzymyzdaky ýaralar endamymyza garanymyzda, has çalt bitýärler. (Aslynda endama ýara düşse, onam biz ýalasak, diýmek ýara has çalt bitmeli. Ýöne barlap göremzok). Adam ukuda wagty, suwukluk az bölünip çykýar, şeýlelikde agyzdaky miliard bakterýälär agşam jübütleşýärler-köpelýärler. Irdenki agyzdan gelýän ys bolsa munuň sebäbidir.

94. Hasap boýunça(по статистике) sary reňkli awtoulaglar, başga awtoulaglara garanyňda 2 esse az awariýa düşýärler. (Sebäbi sary reňk, göze iň çalt düşýän reňk, muny başga awtoluagdakylar görüp, awariýanyň öňüni alýarlar. Ýene hemme taksileriň reňkiniň sary edilmegi muňa şaýatlyk edýär. Eger toýda yşarat(znak) bolasyňyz gelse onda sary reňkli esikleri saýlaň. "Jil berenem nä garşiňdä durmuşam, janym sana kurban ah sary köýnäk" diýilen aýdymam keýpine ýazylanok!)

95. Möýler öz awlaryny iýenoklarda sorýarlar. Möýler ilki meselem siňekleri tutup, kerepläp, soňra siňegiň içine awy göýberýärler. Ol awy, tutulan siňegiň iç-goşuny eredip sok ýaly edýär. Möý hem şol sogy yzyna sorýar. Şonda möýiň aşgazany awyny we iýmiti aýyl-saýyl edip saýlaýar. Başga adamlary möý çakanyndada şeýle sistema hereket edýär. Şonda meselem möýüň ululygy güjikýaly bolan bolsa onda belki şol möýüň çakan adamysynyň iç goşy soga öwrülerdi.

96. 1947-nji ýylda döredilen dünýäde birinji "Eniac" kompýuteriň 127 tonna agramy bar we ol 167kubmetr meýdany tutýar. Häzirki döwrüň prosessorynyň ulylygy 1kub millimetr bolup, ol "Eniacdan" 1000 esse ýokary hilli.

97. Ustritsalarda(balykgulaklar), towuk ýumurtgasyndan 20 esse köp holestrin bar.

98. Ortaça adamyň dişlemegi, ortaça 80-90 kg. Afrikan ýolbarsynyň dişlemegi 600kg. Krokodiliň dişlemegi bolsa tonnadanam köp.

99. Miçigan uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, ýyldyrym, aýallara garanyňda erkekleri 6 esse köp çakýar.

100. Hakyky Tibet çaýy-ýag we duz bilen içilýär. Kalmys çaýyna bolsa duz we burç garylýar. Görüşüňizýaly hiçhili püsek(şeker) ýok.



Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir