Salam, www.talyplar.com-yň mähriban agzalary. Agşamyňyz haýyrly bolsun!
Bugünki mowzugymda size peýda berjek birnäçe maslahatlary yazmakçy. Maslahatlarym esasan hem oglanlar üçin, onda näme ýazyp başladym:
1.Şol bir trenirowkany edýän myşsalaryň şol maşklara uýgunlaşýar. Ýygy-ýygydan maşklaryňy çalyşyp dur.
2.Hiç haçan gutarylmadyk işe öňünden töleme.
3. Piwony bokalyň ortasyna guýanda köpürjigi örän köp bolýar. Şonuň üçin gowusy bokaly gyşardyp, gyrasyndan guyup başlaň köpürjik az bolar ýaly.
4. Uzyn degişmeleri aýtmajak bol.
5. Öldürilen adamlaryň arasynda 45%-i öldüren adam bilen tanyş eken.
Netije: Näçe az adam bilen tanyş bolsaň şonuň ýalyda seni öldürjek adam az bolar!
6. Geýýän bürügiň uzynlygy ýöräniňde joraplaryň görünmez ýaly bolmalydyr.
7. Maşgala filosofiýasyny ýatdan çykarma: Telewizordan öwrül; Aýalyň diýýänlerini diňle; Onuň iň soňky aýdan zadyny gaýtala; Haaa, dogry aýdýaň diý; Telewizora öwrül.
8. Pomidorlara gyzyl reňk berýän element - Likopin. Bu rak keseliniň öňüni alýar we bejerýär.
9. Gyzlar ýumşak oglanlary halaýarlar dogrudanam, emma ýumşaklyk erkegiň birinjilik hukugyna zyýan ýetirmeli däldir! Söýgüliňe öz pikiriňi aýtmakdan gorkma.
10. Sport bilen meşgullanyňda agyr maşklary näçe haýal etseň şonça-da myşsa süýümleriňi işledersiň. Netijede olar has uly bolarlar.
11 Hiç haçan adama "Betnyşan görünýäň" diýme.
12. Diňe türskde we joraply erkekiň iň bir bedroý ýagdaýydyr. Eger komnatda başga adam bar bolsa, joraby balagyňy çykarmankaň ilki çykar.
13. Gyzyň ýüregini aljak bolsaň ony gowy diňle, diňle we ýene diňle...
14. Gödeklik we iki ýüzlilik köp ýagdaýlarda maskadyr. Çünki, onuň aňyrsynda özüne göwni ýetmeýän ejiz adam bukulýar. Aýallar munuň ýaly erkekleri derrew saýgarýarlar we olary söýmeýärler.
15. Jyr(syrma,molniýa)-ly jalbarlary ýalaňaç bolaňda geýme, bir esasy agzany gapjatmagyň mümkin.
16. Tanyşjak bolsaň ilki bilen salam ber. Adyny we nämäni halaýanyny sora. Soňra iň esasy zat agzyňy yumup diňläp otyr.
17. Diňe öz takyk bilýän zatlaryň hakda gürle, eger bilmeseň dymyp otyr.
18. Hajathanada bir zat hakda gürläniňde örän habardar bol. Goňşy kabinkadan kimiň çykjagy belli däl.
19. Gol çekýän zadyňa gowy edip syn et. Gowy zatlary ullakan harplar bilen ýazarlar, erbet zatlary bolsa kiçi harplar bilen.
20 Arzan instrumentlary satyn alma. Gymmat instrument saňa köp hyzmat eder.
21. Seni öwenlerinde senden diňe bir zat gerek ol hem "Sagboluň" diý.
22. Gyz bilen sögüşip, ýaraşanda "Hemme zada hem men günäkärdim" diýäý.

Il arasyndan toplan - Perhat Sabirovv
25.12.2020ý 1:04
Mowzugy başga saýtlarda goýmak gadagan!

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir