Şeýtanyň öýünde nämişleýäň!?
Gadym zamanlarda bir hudaýhon şägirt-ulama agyr-agyr kitaplaryny okap ylym-bilim bilen ýaşapdyr. Günini diňe kitaplar bilen geçirer eken. Şeýle günleriň agşamynda, uky wagty gelende ýuwunup-ardynmak üçin şägirt hammama(ýuwunulýan otag) barypdyr. Ýuwunmak üçin mylaýym suwy taýynlap ýaňybir bir susak suwy eline akydanyndan:
-Heý, dur, sägin. Näme göreňokmy? - diýip bir ses eşidilipdir. Şägirt aňk-taňk bolup töweregine garanjaklanynda, ol ses ýene:
-Aşak seret, aşagrakda. Suw akydan ýeriňe seret! - diýeninden şägirt aşak seretdi. Görse ulurak kerebiň üsdünde bir möý. Şägirt içinden "Alla janlarym. Bu ne gudrat. Möý ynsan ýaly dil açaýdy" diýip pikir etdi hem ýüz-gözi ak-tam boldy. Ýaňky möý ýene:
-Hydyr-atanyň nähili wagtda, nähili keşpde, näme sebäpden gelýänini bilýämiň? Bilseň mendirin şol gudratly. Howwa men geldim, seni synadym hem synladym. Akyldar kitapçy ekeniň. Inni men saňa nädip ak-pata bereýin!? Sen tas meň öýümi ýykypdyňa!? - diýip geňirgendi. Şägirt bolsa az-wagt pikirlendide:
-Gudratly Hydyr-ata bolsaň, hany salamyň? Onsaňam, Şeýtanyň öýi bolan hammamda awuly-zäherli jandaryň keşbine girip nämişleýäň!? Öýüňem bolsa, gümmol gözüm görmesin!!! - diýip bir susak gaýnag suwy alyp möýüň üsdüne serpdi, möý gaýnag suwa degmänkä gözden gaýyp boldy. Bu bolan wakany perişdeler eşidip Allaha ýetirdiler. Beýik biribar Alla bolsa "Tas Şeýtandan ak-pata aljak eken, akyly bolansoň Şeýtanyň sapalagyna düşmändir. Emma entek ýaş bolýar, meniň adymdan hammamda meselem getireni üçin goý, öwmäňem-döwmäňem" diýdi.


Awtory: Halk arasyndan.
Jemläp paýlaşan: IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir