Özüme

Maşynyň aýnasyndan, yzyma seretýän,
Çagalyk ýatlamalam, ýanyma gelip gitýär.
Ol wagtky adamlar, seretdim ýakyndan,
Olar tapawutly aldaýamy hakydam.

Ýüzlerindäki gülki, hasam mylaýym,
Hasam ýürekden, hasam enaýy.
Ol wagtyň howasy hasam üýtgeşik,
Otyrn çaga bilen gürleşip, ady Oraz.

9 ýaşynda, seretdim daşyndan,
Diýdim, aýdyp ber durmuşyňy başyndan.
Bolýa diýdi, üns berip diňle,
Sen gaty üýtgäpsiň, özüňe seret ine.

Diýip, aýnasyny tutdy göni ýüzüme,
Seret adamlary aldaýan, iki ýüz ine.
Birden utandym, ýüzüm ýere salyp,
Dowam etdi, bakyşyny ýüzüme daňyp.

Ýadyňdamy, oňýadyň gaty çörek iýip,
Indi ulaldyň, durşuna isrip.
Öňler aglaýadyň, edeňde dileg-doga,
Näme üçin aglaňok indi, gideňde juma.

Sebäpsiz ýere etdiň adam gybatyn,
Indi pul boldy, seniň gyr atyň.
Galmady bahaň, galmady gymmatyň,
Ýatlarmy seni, Muhammet diýende, "ymmatym".

Namaz okan bolýaň, gataldyp sesi,
Jogap ber hany, 5 wagtyň 2-si.
Ýetişeňok hä, bolanok nesip,
Aýdym düzmäge ýary günüňi berýäň pesi.

Demini dürsäp, dowam etdi
Sözünde, galmady sen-de ynsap.
Ýazan aýdymlaňdan menä utandym diýende,
Aýagymyň bagy çözüldi, ysgynym gutardy.

Diýdi, aklyňy talady tüsse,
Hemme zat düýş ýalydy, ýöne 2 esse.
Hakyky görünýädi, diýdi özüňe gel,
Gorkudan basyp başlady gözlerimi der.

Diýdi, ýalançy diliň gurasyn,
Ýalan seň dostuň bolupdyr, ýanyňda dur asyl.
Çepime seretdim, ýalanymy gördüm,
Dag bolup gidipdir eýýäm, ýandym, söndüm.

Hany andyň, hany sözüň,
Diýdi näletläp meni, tapmadyk ýaly çözüm.
Garaşan ýaly ýyllap, ýolda galdyryp gözüm,
Ylgan ýaly yzymdan, ýöne ýyllar gaty uzyn.

Başga näme diýjegni bilmän,
Silkti elini, galan ýaly ýürekde arman.
Diýdim saklan, ýokmy meň üçin umyt,
Bilýän günämiň sany çölüň çägesi, gumy.

Diýdi, iman et her gün täzeden,
Diňe iman bolar, bu gyşlary ýaz eden.
Alladan gork, ýazaňda täze aýdym,
Ýa-da aýdymyň golaýyna barma gaýdyp.

Diýdi düşündim, ýöne şeýtan,
Goýanok entägem yzymy, ýüzümem ak tam.
Görmäňler geň-taň, käte aňym üýtgeýär,
Pikirlenip otyrkam, ýatyrkam.

Aladam kän, ýöne meň üçinem atar daň,
Haçan gün ýaly batarkam.
Garaşyp dur maňa 2 hatar gam,
Saklanmak kyn, ýaş goşa atarkam.

Allam bagyşla, ezildim bu günäli ýagyşda,
Güllemek kyn, bu ýowuz gyşda.
Ýyly gözleýän kän, bu sowuk garaýyşda,
Ýylanaryn menem belki, bu söweşler sowaşsa.

Howwa, men sada köçe tozany,
Ýel nirä öwüsse, gidiberýän gozganyp.
Käbiri diýýär, allaýaň diňe gözleri,
Käbiri diýýär, agladýar seniň sözleriň.

Täze aýdym ýokmy diýip, soraýaň,
Men bolsa täze aýdymlarmy, gözden dilden goraýan.

Bu ýönekeý pikirler,
Menem hiçkim, birazajyk pikirlen.

#Syke Däli (Hiçkim)

Edebiýat, hickim77 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir