Köpden bäri içimi gyjyklap ýören soraglar bardy, menem düşünjämi ýazaýyn mümkin sizem özüňiziňkini ýazarsyňyz. tema belli bir waka ýa-da kemsitme niýetli däldir öňünden aýtýan soň kellä geýmäliň: 1. Dünýäde ynanar ýaly adam galmandyr-aý.
Şuny diýýän adam düşünip bilemokda, dünýädäki hemme adamlary tanaýarmyka. Häzir takmynan 9.2 milliard adam ýaşaýar dünýäde. Indi şonça adamyň içinden ýekejede ynanar ýalysyny tapmadyk bolsa onda onuň öz problemasy, öz waňklygymyka diýýän. 1 adama ynanyp bolmasa dünýäniň beýleki 9.2 milliard adamyna ynamsyz diýjek bolmagynyň sebäbi nämekä!? (özümem ulanan bolup bilerin ýöne şeýle pikir edemden soňra ulanamok.)
2. Gowumy ýagdaýlaryň?
Gowy (aslynda gowy däl). Bulam ikinji düşünmeýän sözüm. Eger gowy däl bolsa näme üçin gowy diýýärlerkä? Ýalan bolýar bulam. Diýeli aladalandyrmazlyk üçin aýtýar. Ýöne şonda-da ýalanlygyna galýar we kiçijek zadyň üstünde ýalan sözlenilýär. ýa bolmasa "herkime problemasyny aýtmak islänok" diýeli. Onda "gowy däl" diýsinde geçsinda başga tema. Eger kömek edip bilmejegini bilýän bolanda-da "gowy däl" diýäý sen. Kellesi azajyk işleýän adam islendik adamdan (samsyk bolsada) öwrenere, özüne peýdaly bir zat tapar.
3.Okuwam adam etmändir.
Uniwersitetde edep dälde bilim berilýär. Edep bilen bilim haçanda akylyň goýalanda baglanyşar. Meselem: Köp akylly bolsaň edepli hem bolarsyň, sebäbi edep akylyň netijesinde, süýtden çykan gaýmak ýalydyr. Okuw bilimli edip biler ýöne edepli bolmak eýýäm adama bagly.
Saýt arhiwinden - @virmenaard atly agzanyň ýazgysyndan
Bu mowzuga at tapmadym
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- Bir bar eken bir ýok eken ...
yashalym 4 years ago- @sari:
1. öz ene-ataňa dagy bu dünýäde ynanmaly diýilen söz bar. herkime görä üýtgär welin hemme adam wagt geçdikçe üýtgeýä. geň zat däl bul. bu diýdigim hiç kime ynanma diýemok, iň ýakyn dost ýa-da joralaryňa bir zatlaryňy paýlaşyp bilersiň. ýöne olar üýtgäp saňa zyýan ýetirip biler. gysgaça hiç kime özüňe gaýym bolup gez.
2. käbir adamlar güýçli görünmek islär ýaman bolsada gülüp gowy men diýip gezer. käbirleri halkdan öwrenen zatlaryny ýerine ýetirýär. kime jaň etseň gowy men diýýäler, bular gowy diýýän bolsa menem gowydyryn öwrenip gitýä. sossial psihiologiýada bu zatlar barada gaty kän ylmy işler edilen.
3. okuw diýýän zat seni adam eder diýýän zat ýok, sen adam bol okuw saňa zat goşsun. edep diýýän zady başda maşgaladan gaýtmaly welin türkmenistandaky köp ene-ata syçýan ýaly çaga basyp oturanlary üçin ne ömürlerinde pedagogiki, psihiologiki kitaplar okap görmedik adamlar çaga ýetişdirse şeýle bolar. käbir ene-atalar bar olaryň öz ene-atalaryndan alan edebi çagasynada öwretýä. men edebi ene-ata alamok, internetden aldym.