Nurmagamedow Getçiden üstin çykdy we karýerasyny tamamlandygyny nygtady.

Habib Nurmagomedow 70 kg çenli agram derejesinde Absolýut göreş çempionaty (UFC) söweşinde amerikaly Jastin Getjiden üstün çykdy.

Rus söweşijisi üçünji gezek ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady. Geçen gezeklerde ol çempion guşagyny irlandiýaly Konor Makgregor bilen amerikaly Dastin Porýe garşy söweşlerde üstünlikli gorapdy. Söweş tamamlanandan soň, Nurmagomedow karýerasyny tamamlaýandygyny hem habar berdi.
Söweş iki raund dowam etdi. Nurmagomedow söweşi ikinji raundda demikdiriji usuly bilen ýeňdi. Söweş Abu-Dabide geçirildi. Özüniň ýeňşini Habib birnäçe aý mundan öň koronawirus sebäpli ýüze çykan kynçylyklardan ýogalan kakasyna bagyşlady.

“Men dag obasyndan sadaja ýigit. Doganym maňa google-iň meni ýer ýüzündäki iň köp gürrüňi edilýän adam hökmünde görkezýändigini aýdýar. Men muňa ynanmadym. Siziň hemmäňiziň ene-ataňyz bar. Olar barada alada ediň. Meniň diňe ejem galdy. Men wagtymyň köp bölegini onuň bilen geçiresim gelýär” – diýip, Nurmagomedow özüniň karýerasyny tamamlamak bilen bagly kararynyň sebäbini düşündirdi.
32 ýaşly Habib Nurmagomedow 29 söweşde 29 ýeňiş gazandy. 31 ýaşly Jastin Getjiniň hasabynda 22 ýeňiş, üç ýeňliş bar.

Habib bu tutluşykdan 10 milýon dollar pul gazanar bu barada häli şindi beýle mukdarda pul gazanan türgen ýokdygyny nygtamak gerek. Diñe Irlandiýaly Konor Makgregor 3,5 milýon dollar gazanmagy başaran.

Çeşme: tmcars

Sport, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir