“Dünýä bilen Mekanjyk” Şähere seýle çykdy Dünýä bilen Mekanjyk Güllere gülüp bakdy Dünýä bilen Mekanjyk Seýil bagynyň içi Dürli güllerden doly. Seýl edýär uly-kiçi Şadyýan olaň bary. Dünýä bilen Mekanjyk Gelýär şadyýan bakyp. Jigisini eý gorýär Eljagazyndan tutup. Bu görnüşe ýylgyryp Gün asmandan bakyp dur. Güllerden-güle gonup Kebelekler uçup ýör. Mekanjygyň şat göwni, Al-asmanda uçup ýör. Garamyk deý gözleri, Gülde-güle göçüp ýör. Enaýyja gülleri, Haýran galyp synlady. Kebelek gonan güli, Baryp ýolmakçy boldy. Dünýä howatyrlanyp Eljagazyndan çekdi “Ýolma jigim jan!” diýip Oňa mähirli bakdy. Gözjagazyn tegeläp, Doganyndan öýkeläp, Gaty-gaty ädimläp, Bir oturgyja çökdi Oňa soragly bakdy. Dünýä bolsa oýlandy Nädip düşündirmeli? Oň ýanynda oturyp, Onsoň söze başlady: “Bir düýp gül bir maşgala Güller onuň miwesi Ikimizem ejemiň, Hem kakamyň balasy. Güljagazy ýoldugyň, Ony öldürdigiňdir Solar gider eliňde Ertesi ol gül däldir. Ýolmasaň güljagazy Öser otyr enaýy Görseň göwnüň açylar Edil şu güller ýaly. Synla gyzyl gülleri Bezeýär seýilgähi Dürli-dürli reňkleri Tebigatyň gudraty “Adam eli gyzyl gül” Gül ekipdir bagbanlar Tohum sepip dökünläp Bejeripdir döküp der. Çaga sereden ýaly Wagtynda suw beripdir Otap düýbüni depip Apalap ösdüripdir Şeýdip kemal bolupdyr Bagban eken gülleri Senem bu baga gelip Ýoljak bolýaň gülleri. Bu gülleri ýolmaly Synlap lezzet alaly Güli eken bagbana Gaýta “sag bol” diýeli Güýzüň soňky aýynda Bu güller tohum bolar Birje gülüň deregne Müňlerçe düýp gül dörär Bizem şonda geleli Şol bagbany göreli Ondan tohum alaly Bahar pasly gelende Gapymyza ekeli Suwaraly wagtynda Idedeli dökünläp Haşal otlardan gorap Düýjagazyn ýumşadyp Günde zähmet çekeli! Hem biziň aladamyz Hem gülüň şöhlesinden Iýmitlenip boý alyp Göwnümizi şat edip, Bize ýylgyryp bakar Eger ýolmaga dözseň Ýolaý şonda birje gül!” Mekanjygyň göwni şat Öýkejigi boldy ýat Diýdi ol Dünýä garap “Indi bolmaryn bezzat” Bag içinde aýlandylar Gülleri saýladylar Haýsy gülden ekmeli? Hemmesinden ekmeli Haýsy güle seretseň Iň owadan şol ýaly Çagalara seretseň Enaýyja gül ýaly Gyz-geline seretseň Al-elwan güller ýaly Toý-lybasly Aşgabat Ajaýyp çemen ýaly. Dünýä bilen Mekanjyk Şeýsip gürrüň etdiler Bökjekleşip oýnapjyk Arzuw baryn etdiler Onsoň öýe gaýtdylar.

Köneler, Harmandali tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir